Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ADAM SEKSUALLYGYNA DEGIŞLI MAGLUMATLARY NIREDEN ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

jynsy terbiye 4Näme üçin biziň jemgyýetimizde adam seksuallygy we jynsy gatnaşyklary barada ene dilimizde okamana kitap az? Adam seksuallygyna degişli maglumatlary nireden almaly, okamaly?

Dogrudan hem, döwürdeş ýaşlar, ýetginjekler jynsy gatnaşyklar we seksual saglygy barada okamana, tanyşmaga ene dilimizde kitaplaryň, gollanmalaryň ýokdugyny, tapdyrmaýandygyny belläp geçýärler.

Biziň jemgyýetimizde adat, milliligimiz, dini garaýyşlar jynsy gatnaşyklara we seksuallyga degişli soraglary ýapyk, ýaşlaryň terbiýesine zarba urujy, geplemesi gadagan soraglara degişli edýärler. "Adamlara, esasan hem ýaşlara bu soraglar barada gürrüň etsek, olar öwrenerler we azgynçylyk köpeler" diýen esasy düşünje ýöreýär.

Dürli ýurtlaryň tejribesi ýaşlara seksual bilimiň we maglumatlaryň ýetirilmeginiň olara jynsy gatnaşyklary ir başlamaga itergi bermeýändigini görkezdi. Tersine, şeýle bilimliligi wagtynda alan ýaşlar jynsy gatnaşyklary başlamaga jogapkärli çemeleşýärler we bu gatnaşyklar 18-20 ýaş aralygynda başlanýar, nikada başlanýan gatnaşyklaryň wajyplylygy ýokarlanýar, gyz hem, oglan hem öz seksual hukuklaryndan, gatnaşyklarda olardan peýdalanmakdan habarly bolýarlar.

Bu günki gün, ýaşlara köpçülikleýin habar-beriş serişdelerinden, Internet ulgamyndan "toppaklaýyn" berilýän maglumatlar hemişe dogrulygy bilen tapawutlanmaýar we ýoýulan bolýar. Şonuň üçin hem, ýaşlaryň geljekki durmuşynda wajyp boljak soraglara ( maşgaladaky taýyňy tapmak, jynsy gatnaşyklaryň aýratynlygy, göwrelilik, jyns agzalaryň keselleri, kontraseptiw serişdeler, gatnaşyklarda seksual hukuklar we borçlar, ene we ata bolmak) dogry jogap berjek edebiýatlary, kitaplary ene dilimizde taýynlamak juda gerekli bolup durýandyr.

Häzirki wagtda Internet ulgamynda jynsy gatnaşyklar, psihologiýa we seksual saglygyna degişli soraglar boýunça maglumat berýän ýeke-täk saglyk.org saýtydyr. Siziň okaýan şu kitabyňyz hem şu maksatlary göz öňüne tutulyp ýazylandyr. Saýtyň sahypalaryna girip, sen özüňi gyzyklandyrýan saglyga degişli soraglara dogry jogap tapyp bilersiň.

  • 449 gezek okalan