Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ÝETGINJEKLER ÜÇIN IŇ NETIJELI KONTRASEPSIÝA USULY HAÝSY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

jynsy ozgerisJynsy gatnaşygy başlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, islenilmedik göwrelilikden goranmak üçin ulanylýan (kontraseptiw) serişdeler barada bilmek saňa köp kynçylyklaryň öňüni almaga kömek berip biler. Durmuşda köplenç ýetginjek ýaşlar jynsy gatnaşyklaryň başlanmagy bilen islenilmedik göwreliligiň döremegi, saglyga zyýan ýetirjek abort (göwreliligi emeli aýyrmak) barada pikirlenmeýärler.

Häzirki wagtda kontraseptiw serişdeleriň dürli görnüşleri belli bolup, olaryň içinde ýetginjekler üçin zyýansyz görnüşleri hem maslahat berilýändir.

Sen eýýäm prezerwatiwler barada eşiden bolsaň gerek. Olar elýeterlidir we gymmat däldirler. Şeýle-de olar ulanmada çylşyrymly däldirler. Islenilmedik göwrelilikden başga-da, olar jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklardan gorap bilýändir. Şeýle hem, aýallar üçin ulanylýan prezerwatiwler hem bolup, onuň bir tarapy ýatgynyň boýunjygyna geýdirilýändir. Biziň dermanhanalarymyzda esasan lateksden edilen erkek adamlary üçin prezerwatiwler satylýandyr.

Jynsy gatnaşygyň öň ýanynda ýatgynyň boýunjygyna geýilýän diafragmalar bolsa ýetginjek üçin ulanmada çylşyrymlylyk döredip bilýändir . Şonuň ýaly-da, jynsy gatnaşygyň öň ýanynda jynshana salynýan spermisidler (spermatozoidleri öldürýän himiki serişdeler) hem ulanma üçin oňaýsyz bolup bilerler.

Ýatgynyň içine salynýan serişdeler (spirallar) esasan doguran aýallaryň arasynda ýörgünli bolup, olaryň dürli görnüşleri (düzüminde mis, kümüş, gormon saklaýan) ulanylýandyr. Ýöne ýatga salynýan spirallar ýetginjekler üçin ulanmaga maslahat berilmeýär.

Soňky ýyllarda göwreliligiň öňüni alýan gormonal gerdejikler ulanmada has ýörgünli boldular. Olar öz düzüminde bedende emele gelýän aýallyk gormonlaryna meňzeş gormonlaryň ujypsyz mukdaryny saklaýandyrlar. Olar kabul edilende ýumurtgalyklarda aýallyk öýjükleri emele gelmeýär we göwreliligiň döreme mümkinçiligi aradan aýrylýar. Gormon serişdeleri kadaly, bellenen düzgüne baglylykda kabul edilende saglyk üçin howpsuzdyr: olar agyryly aýbaşyny bejermekde we aýbaşy halkasyny kadalaşdyrmakda netijeli ulanylýar. Aýal-gyzlaryň howatyrlanmagyna görä, gormonal gerdejikleri semremä, tüýleriň ösmegine, sesiň üýtgemegine getirýän däldirler. Ýöne aýal gormonlaryny ulanmagy saýlan bolsaňyz, onuň görnüşini, mukdaryny lukmanyň saýlap bermelidigini we onuň maslahatyny almalydygyny ýatda saklamalysyňyz. Çünki her aýalyň bedeni, gormon ulgamy we aýbaşy halkasy dürli bolup, seniň doganyň, joraň ýa-da gelnejeň kabul edýän gormon serişdesi saňa düýbünden ýaraman biler,

Aýdylanlary jemlesek, lukmanlaryň bellemegine görä, ýetginjekler üçin iň oňaýly kontrasepsiýa usullary höküminde prezerwatiwleri we gormonal gerdejikleri maslahat berip bolýandyr.

Prezerwatiwler kanun boýunça dermanhanalarda 18 ýaşdan satylyp başlanýar. Ýöne käbir hususy dermanhanalardan , şeýle hem dükanlardan ony 14 ýaşdan satyn alyp bolýandyr.

Kontraseptiw serişdeleri sen ýaşaýan şäheriň dermanhanalaryndan alyp bilersiň. Ondan başga hem, Saglyk Öýlerinde lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýy boýunça kontraseptiw serişdelere mätäç ýetginjekler kesgitlenip, olara ýaramly serişdeler mugt berilýändir.

Kontraseptiw serişdeler üçin dermanhana ýüz tutmazdan öň, özüňe ýaramly görnüşini saýlamak üçin lukmanyň maslahatyny almagy ýatdan çykarma!

  • 1266 gezek okalan