Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.
Zenanlarda orgazmyň duýulyp – duýulmazlygy bilen çaga galmak-göwreli bolmak ukybynyň hiç hili baglanşygy ýokdur. Eger aýalyň ýumurtgalyklary kadaly işläp, aýal jyns öýjügi emele gelýän bolsa we jynsy gatnaşyklary göwreliligiň galmagy üçin ýaramly günleri geçirlen bolsa, aýal orgazm duýgusyny duýmadyk bolsa hem göwrelilik galyp bilýändir.
Erkek adamlarda diňe eýakulýasiýanyň bolmagy netijesinde orgazma ýetilýändir. Şonuň üçin hem, bu iki düşünje erkeklerde baglanşykly bolup, eýakulýasiýa lezzet almak duýgusyna getirýän hadysa höküminde seretmek bolar.
Orgazm – jynsy gatnaşyklaryň soňunda duýulýan lezzetlilik duýgusynyň ýokary nokadydyr. Ol erkek adamlarda we aýallarda dürli alamatlar bilen ýüze çykýandyr. Erkek adamlarda orgazm eýakulýasiýanyň (dölüň zyňylmagy) bolup geçmegi we çanaklyk myşsalaryň ýygrylmagy bilen döreýändir.
Aýallarda orgazm has aýdyň we güýçli ýüze çykýan alamatlar bilen suratlandyrylýar: gan basyşyň ýokarlanmagy, ýürek urşyň çaltlaşmagy, dem alşyň ýygylaşmagy, göwüs emzikleriniň ulalmagy, ýüzüň, döşleriň gyzarmagy, deride gyzylja örgünleriň döremegi, jynshananyň we çanaklyk myşsalaryň ýygrylmagy, jynshanadan nemli bölünip çykmalar.
Klitor (türkmençe, kinnik) aýal bedeniniň iň düýgur ýeri bolup, ol gyjyndyrylanda seksual oýanma getirip bilýändir.
Klitor kiçijik ölçegde bolup, kiçi jyns dodaklaryň ýokarda birleşýän ýerinde ýerleşýändir. Ol gowak görnüşli dokumadan ýbarat bolup, seksual oýanma wagtynda gan bilen doldurylyp ulalýandyr. Onuň gurluşy we şeýle häsiýeti hem-de duýgurlylygy ony erkek ujydyna meňzeş edýändir. Klitoryň ýokary duýgurlylygy ondaky nerw süýümleriň köplügi bilen düşündirilýär.
Erkek adamlarda jynsy gatnaşygy wagty döl bölünip çykmazdan öň, dölüň öň ýanyndan çykýan suwuklyk (oňa rusça "predeýakulýat" diýilýär) peşew çykaryş kanaldan çykýandyr. Bu suwuklygy peşew çykaryş kanalynda ýerleşýän mäzjagazlar işläp çykarýandyr we ol dölüň kanaldan aňsat bölünip çykmagyna ýardam berýändir. Bu suwuklyk "erkeklik jyns öýjüklerini (spermatozoidleri) saklamaýar" diýen düşünje bolsa-da, bu beýle däldir. Dölden öň bölünip çykýan suwuklyk öňki jynsy gatnaşykdan soň peşew çykaryş kanalynda galan erkeklik öýjüklerini alyp gaýdyp, göwrelilige getirip bilýändir. Şeýle-de, bu suwuklykda jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklar we AIW (rus. WIÇ) saklanyp bilýändir.
Jynsy gatnaşyklarda erkek adamlar "dökýär" diýen düşünje bolup, ol eýakulýasiýa we orgazm duýgusyndan habar berse, aýal maşgalalar barada şeýle diýip bolmaýar. Jynsy gatnaşyklarda oýanma netijesinde jyns ýollaryndan suwuklyk ýa-da nem gatyşykly bölünip çykmalar bolsa-da, ol aýal orgazmyň ýeke-täk häsiýetlendirijisi hasaplanmaýar. Aýallarda orgazm bölünip çykmalaryň ol diýen uly mukdary bolmazdan hem ýüze çykyp bilýändir. Şonuň üçin hem, “jynsy gatnaşyklaryň soňunda aýal dökýär” diýen düşünje fiziologiýa taýdan dogry däldir.
Eýakulýasiýa wagty ýetende döli daşyna, ýagny jynshanadan daşyna "dökmeklik" göwreliligiň öňüni alyş usullaryna degişli edilýändir. Başgaça ol usuly "üzülen jynsy gatnaşyk" diýip atlandyrýarlar. Ýöne ol göwreliligiň öňüni almagyň ygtybarly usuly hasaplanyp bilmeýär, çünki dölden öň ujytdan bölünip çykýan suwuklykda hem erkeklik öýjükleri saklanyp we jyns ýollaryna düşüp, göwreliligi döredip bilýändir.
Döli daşyna dökmek erkek adamdan hem psihiki agramlylygy talap edýändir we jynsy gatnaşykdan onuň ünsüni sowup, lezzetlilik almaga päsgel berip biler.
Şeýle hem, "üzülen jynsy gatnaşyk" jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesellerden, şol sanda AIW-den goraýan däldir.
Eýakulýasiýa hadysasyny başgaça "döli dökmek", "dökmeklik” diýip hem ýönekeý atlandyrýarlar. Jynsy taýdan ýetişmek döwrüne girmedik oglan dökmäge ukyply bolmaýar. Jynsy gormonlaryň işlenilip çykarylmagy we jyns mäzlerinde dölüň emele gelip başlamagy, ereksiýanyň döräp başlamagy netijesinde eýakulýasiýanyň hem döremegi başlanyp bilýändir.
Ilkinji jynsy gatnaşyklarda köp mukdarda ganyň bölünip çykmagynyň hökmanlygy barada düşünje ýalňyş bolup durýandyr. Biziň öň belläp geçişimiz ýaly, gyzlyk perdesi nerw süýümlerinden we gan damarlaryndan ýbaratdyr. Eger birinji jynsy gatnaşykda gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy gan damarlarynyň geçýän ýerine gabat gelse, onda biraz ganyň akmagy syn edilip bilner. Eger onuň ýyrtylan ýeri gan damarlarynyň garyp ýerine gabat gelse, gan gelmän, biraz nem ýa-da ganjymak nemli bölünip çykma görnüp bilýändir.
Eýakulýasiýa jynsy gatnaşygy tamamlaýan hadysadyr. Eger ol jynsy gatnaşygy başlanmazdan öň ýa-da başlanandan tizden-tiz ýüze çyksa, onda ir döreýän eýakulýasiýany güman edip bolar. Lukmanlaryň bellemegine görä, jynsy gatnaşygyň birinji 1min. dowamynda bolup geçen eýakulýasiýa ir dörän hasaplanylýar.
Eger uly erkek adamlarda döreýän eýakulýasiýa urolog, seksopatolog lukmanyň maslahatyny we bejergisini talap edýän bolsa, ýetginjeklerde ir döreýän eýakulýasiýa kada hasaplanýar. Ýetginjeklerde endokrin ulgamyň işläp başlamagy, jyns gormonlaryň ýokary mukdarda işlenilip çykarylmagy, dyňzap gelýän seksual güýçlilik, jynsy gatnaşyklaryň seýrek geçirilmegi eýakulýasiýanyň ir döremegine getirip biler.
Ýetginjek döwri geçip, jynsy gatnaşyklar kadalaşandan soň, ir döreýän eýakulýasiýa bilen bagly kynçylyklar hem geçip bilýändir.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.