Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.
Köp ýaş ýigitler, hatda uly adamlar hem dölüň gutaryp-gutarmazlygy barada ynjalyksyzlanýarlar. Dölüň erkek jyns agzalarynda emele gelmegi üznüksiz amala aşyrylýandy we onuň gutaryp galmagy baradaky gorkular esassyzdyr. Erkek jyns öýjükleri (spermatozoidler) ýumurtgajyklarda emele gelip, prostata mäziniň we tohum haltajygynyň bölüp çykarýan suwuklygyna düşýärler. Şeýdip erkek döli emele gelýändir.
Jynsy gatnaşykda, eýakulýasiýa netijesinde kadada 2-5 ml. mukdarda döl bölünip çykýandyr.
Saglyk redaksiýasy Okajak.com saýtynyň düýbüni tutujylar we dolandyryjalar bilen söhbetdeş boldy.
Bu başlangyjyňyzyň maksatlary barada aýdaýsaňyz. Websaýtyňyzda nähili maglumatlar bar?
Okajak: Türkmenistanda ýaşlaryň ýüzbe-ýüz bolýan esasy meseleleriniň biri ýokary okuw we stipendiýa mümkinçiliklerinden bihabarlylyk. Şeýle mümkinçilikleriň örän kändigine garamazdan, dürli sebäplere görä olaryň köpüsinden halkymyz habarsyz bolup galýar.
Ýetginjeklikde hiç bir jynsy gatnaşyklara degişli sebäpsiz, öz-özünden ereksiýa (ujydyň gönelmegi) bolup bilýändir we bu ýagdaý ýetginjegi gorkuzmaly däldir.
Ýaş ýigit görmegeý gyzy görende, seksual manyly kitap okanda ýa-da kinofilme tomaşa edende, owadan gyzy ýa-da aýal bedenini göz öňüne getirende, ereksiýa döräp biler.
Sen bu sözlere (olar latyn sözleridir) lukmançylyga degişli kitaplarda duş gelmegiň we düşünmezligiň mümkindir. Hakykatda bolsa, bu iki söz erkek adamynyň kadaly jynsy gatnaşyklary geçirmegini häsiýetlendirýän fiziologiki ýagdaýdyr.
Ereksiýa – erkek adamynyň gyjynmagynyň täsiri bilen ujydynyň gönelmegidir. Bu hadysa ujytda ýerleşýän gowak görnüşli bedenlere ganyň gelip, olaryň dolmagy netijesinde bolup geçýär. Ereksiýa bolmasa jynsy gatnaşygy geçirmek mümkin däldir.
Ilkinji jynsy gatnaşyk gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy sebäpli biraz agyryly duýgular bilen geçip biler. Ýöne bu hemişe agyrynyň boljakdygyny aňlatmaýar. Gyzlyk perde gan damarlaryny we nerw süýümlerini saklaýandyr. Eger ilkinji jynsy gatnaşykda ýyrtylma perdäniň nerw süýümleriniň köp ýygnanan ýerinden başlasa, bu agyryly duýgyny berip biler.
Jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygy barada geçirlen barlaglar hem ol görkezijileriň üýtgäp bilýändigini aýan edýär. Lukmanlar ortaça bu gatnaşyklaryň 5-6 minut dowamlylygyny belleýärler. Ýöne jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygynyň jübütleriň ýaşyna, islegine, bu gatnaşyklary geçiriş ýygylygyna baglylykda üýtgäp biljekdigini aýdyp bolar. Elbetde, örän gysgawagtlaýyn geçirlen gatnaşyk hem, juda uzak geçirilýän gatnaşyk hem düşünmezlik ýa-da birahatlyk döredip bilýändir. Şonuň üçin hem, jynsy gatnaşygyň dowamlylygy jübütleriň mümkinçiliklerine we isleglerine juda bagly görkeziji bolup, üýtgäp bilýändir. Eger bir jübütler üçin 1-2 min. dowam eden gatnaşyklar kada we lezzet beriji bolsa, başga jübüt üçin 8-10 min. dowamlylykly gatnaşyk hem azlyk edip biler.
Şonuň üçin hem, jynsy gatnaşyklarda jübütleriň biri-biriniň isleglerini, garaýyşlaryny bilmek we olary özara sylamak möhüm şert bolup durýandyr.
Alymlaryň bellemegine görä, eýýäm 10 ýaşdan çaga pornografiýa degişli kinofilmleri, žurnallary seretmäge gyzyklanma bildirýär. Eger ýetginjek öz maşgalasynda, gurşawynda (meselem, mekdep) jynsy terbiýä, jynsy gatnaşyklara degişli öz soraglaryna doly jogap alyp bilmese, ol ony başga çeşmelerden (pornofilmlerden, Internetden) gözlemäge çalyşýar. Has ýakyndan we açyk alnan şekiller, ýalaňaç aýallaryň we erkekleriň bedeni, açyk geçirilýän jynsy gatnaşyklar ýetginjegiň entek doly kemala gelip, bekeşmedik ruhy dünýäsine täsir edip, olara bolan garaşlylygy döredip biler.
Lukmanlaryň bellemegine görä, jübütleriň arasynda geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň ýygylygy babatda belli bir dogry görkeziji bellenilmeýär. Jynsy gatnaşyklaryň ýygylygy adamynyň saglyk ýagdaýyna, endokrin ulgamyň işine, onuň medeniýetine, uýýan dinine, işine, gün tertibine baglydyr. Eger bir adam üçin bu gatnaşyklary her gün 2 gezek geçirmek kada laýyk bolsa, ikinji adam üçin hepdede 2-3 gezek, üçünji adam üçin bolsa aýda bir gezek geçirmek oňaýly bolýar. Esasy zat-jübütleriň islegleriniň gabat gelmegi we biri-birine düşünmegidir.
Sen halaýan gyzyňy (ýa-da ýigidiňi) ençeme wagt tanaýan bolsaň-da, jynsy gatnaşyga bolan islegiň düýbünden bolmazlygy mümkindir we bu ýagdaý siziň özara gatnaşyklaryňyza tasirini ýetirmeli däldir.
Jynsy gatnaşyklar seniň durmuşyňa ençeme çözülmeli meseleleri getirip biljek hadysadyr. Hiç haçan bu gatnaşyklary:
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.