Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

JYNSY GATNAŞYGYŇ DOWAMLYLYGY NÄÇE BOLMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (20 Ses)

33 jyns gat dowamlylygyJynsy gatnaşyklaryň dowamlylygy barada geçirlen barlaglar hem ol görkezijileriň üýtgäp bilýändigini aýan edýär. Lukmanlar ortaça bu gatnaşyklaryň 5-6 minut dowamlylygyny belleýärler. Ýöne jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygynyň jübütleriň ýaşyna, islegine, bu gatnaşyklary geçiriş ýygylygyna baglylykda üýtgäp biljekdigini aýdyp bolar. Elbetde, örän gysgawagtlaýyn geçirlen gatnaşyk hem, juda uzak geçirilýän gatnaşyk hem düşünmezlik ýa-da birahatlyk döredip bilýändir. Şonuň üçin hem, jynsy gatnaşygyň dowamlylygy jübütleriň mümkinçiliklerine we isleglerine juda bagly görkeziji bolup, üýtgäp bilýändir. Eger bir jübütler üçin 1-2 min. dowam eden gatnaşyklar kada we lezzet beriji bolsa, başga jübüt üçin 8-10 min. dowamlylykly gatnaşyk hem azlyk edip biler.

Şonuň üçin hem, jynsy gatnaşyklarda jübütleriň biri-biriniň isleglerini, garaýyşlaryny bilmek we olary özara sylamak möhüm şert bolup durýandyr.

  • 3540 gezek okalan