Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

EREKSIÝA WE EÝAKULÝASIÝA NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

35 ereksiya nameSen bu sözlere (olar latyn sözleridir) lukmançylyga degişli kitaplarda duş gelmegiň we düşünmezligiň mümkindir. Hakykatda bolsa, bu iki söz erkek adamynyň kadaly jynsy gatnaşyklary geçirmegini häsiýetlendirýän fiziologiki ýagdaýdyr.

Ereksiýa – erkek adamynyň gyjynmagynyň täsiri bilen ujydynyň gönelmegidir. Bu hadysa ujytda ýerleşýän gowak görnüşli bedenlere ganyň gelip, olaryň dolmagy netijesinde bolup geçýär. Ereksiýa bolmasa jynsy gatnaşygy geçirmek mümkin däldir.

Eýakulýasiýa jynsy gatnaşygyň soňunda dölüň ujytdan basyş bilen çykmagydyr. Ýetginjeklik döwründe dölüň zyňylmagy jynsy gatnaşyksyz hem bolup biler. Bu ýagdaýa lukmançylykda "pollýusiýa", halk arasynda bolsa "şeýtan oýnama" diýilýär. Pollýusiýa jyns agzalarda dörän dartgynlylygy ýeňletmek üçin bolup geçýän hadysa hasaplanýar. Eýakulýasiýa netijesinde zyňylyp çykýan dölüň mukdary bir çaý çemçäniň göwrümine deňdir.

Eýakulýasiýa wagty çanaklykda ýerleşýän myşsalaryň ýygrylmagy erkek adama aýratyn lezzetli duýgulary berip, orgazm (lezzetlilik duýgusynyň ýokary nokadyny) duýgusyny döredýändir.

  • 533 gezek okalan