• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • MEN SÖÝÝÄN GYZYMA, OGLANYMA JYNSY GATNAŞYGA TAÝÝAR DÄLDIGIMI NÄDIP AÝDYP BILERIN?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MEN SÖÝÝÄN GYZYMA, OGLANYMA JYNSY GATNAŞYGA TAÝÝAR DÄLDIGIMI NÄDIP AÝDYP BILERIN?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (11 Ses)

30 jynsy gat tayyar dalSen halaýan gyzyňy (ýa-da ýigidiňi) ençeme wagt tanaýan bolsaň-da, jynsy gatnaşyga bolan islegiň düýbünden bolmazlygy mümkindir we bu ýagdaý siziň özara gatnaşyklaryňyza tasirini ýetirmeli däldir.

Jynsy gatnaşyklar seniň durmuşyňa ençeme çözülmeli meseleleri getirip biljek hadysadyr. Hiç haçan bu gatnaşyklary:

↪ Gowy görýän ýigidiňe (ýa-da gyzyňa) öz söýgüňi subut etmek üçin;

↪ Halaýan oglanyň basyşy, igenji, gyjalatlary zerarly;

↪ Alkogol we neşe serişdeleriň täsiri bilen;

↪ Öz jora-dostlaryňdan galmajak bolup;

↪ Ulular ýaly görünjek bolup başlamaly däldir.

Sen hakykatdan hem jynsy gatnaşyklara oýlanşykly çemeleşip, tanaýan, çyn ýürekden halaýan taýyň bilen nikada geçirilmelidigine ynamly bolsaň we seniň durmuş ýörelgäň bolsa, onda oňa eýer.

Jübütlerde köp halatlarda gyzlar bu soraglara jogap bermeli bolýarlar, çünki jynsy gatnaşyklaryň başlanmagy gyzyň durmuşyna, hatda onuň maşgalasyna hem täsirini ýetirýär. Sebäbini mälim edip, ýerinde hemişe pert “Ýok” diýmäge başarmagy öwrenmek wajypdyr. Eger hakykatdan hem, seniň halaýan adamyň seni sylaýan , düşünýän bolsa we seniň ruhy asudalygyň, arkaýynlygyň oňa wajyp bolsa, ol seniň islemeýän hereketiňi geçirmäge mejbur etmez.Eger tersine, öz gysgawagtlaýyn keýpi üçin zorluk etse, igense, gyjalat berip, seni zor bilen boýun etmäge synanyşsa, bu ýerde duýgy, özara hormat, sarpa, söýgi barada gürrüň edip bolarmyka? Şeýle ýagdaý seni hemişe pikir etmäge mejbur etmelidir.

  • 3563 gezek okalan