• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ÖPÜŞMEK GOWYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (14 Ses)

21 opusmekÖz halaýan oglanyň/gyzyň bilen ýakyn tanşyp, sözleşip, onuň gylyk-häsiýeti, gyzyklanmalary, dünýägaraýşy bilen tanşyp, seniň oňa bolan duýgularyň has hem artmagy mümkindir. Sende barha güýjäp barýan duýgular günleriň bir güni sende ony öpme islegini döredip biler. Öz halaýan adamyň göwnüne degmezden nädip dogry öpüşmeli?

Elbetde, birinji gezek şeýle duýgy dörände, ýigit hem, gyz hem utanjaňlyk duýýar, bedenleri diýen etmeýän ýaly bolup görnüp bilýär. Köplenç biziň medeniýetimizde birinji "öpmek synanşygyny ýigit başlamaly" diýen düşünje bolsa-da, bu barada belli bir düzgün ýokdur. Bu soragda oglana we gyza ünsli, seresap bolmak hökmanydyr. Birinji öpüşme synanşygyny amala aşyrmak üçin ýigit we gyz adamsyz, asuda, ýakymly duýgulary oýarýan ýeri saýlap alsalar gowy bolar.

Dowamy

  • 5181 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

20 halamakÝetginjeklik döwri sende birinji söýgi duýgulary döräp biler. Günleriň bir güni sen öz klasdaşyňy (hökman klasdaş hem däl, goňşyňy, köçäňizden geçýän oglany/gyzy) halap başlandygyňy duýarsyň. Halamak – bu hökman adamynyň bir eden işleri üçin ýüze çykýan ýa-da islege göra döreýän duýgy däldir. Seniň ünsiňi çeken adamyny seniň näme üçin halandygyňy sen köplenç düşündirip hem bilmersiň. Belki-de, sen klasdaşyň adamkärçiligini, başarjaňlygyny, ýylgyrşyny ýa-da mähirli garaýşyny halansyň. Belki-de, onuň daşky gözelligi, syraty, owadan gözleri seni özüne çekendir. Ýöne seniň halaýan oglanyň (gyzyň) seniň üçin hemmelerden öňe saýlanýan, başgalardan tapawutlanýan ýaly bolup görner. Sen onuň bilen duşuşmaga, onuň ünsüni her hili bahanalar bilen özüňe çekmäge ymtylarsyň.

Dowamy

  • 2485 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

19 depressiyaGamgynlylyk duýgusy wagtyň geçmegi bilen geçip biler. Meselem, sen dostuň bilen tersleşdiň ýa-da taýynlanan sapagyňdan garaşýan bahaňy alyp bilmediň. Bu ýagdaýlar seniň lapyňy keç etdi we sen gamgyn bolup öýe geldiň. Wagt geçer: sen dostuň bilen ýaraşarsyň, sapagyňdan hem gowy bahalara eýe bolarsyň. Gamgynlylyk ýa-da gama batmak – bu adamynyň wagtlaýyn oňaýsyz ýagdaýydyr.

Biz ýokarda sen ýetginjek ýaşdaky ýaş adamlarynyň keýpiniň ýygy-ýygy üýtgäp, gamgyn, lapykeç, ýekelik duýgusyna sezewar bolup bilýändigini we bu duýgularyň bizi wagtlaýyn gurşap alýandygyny belläpdik.

Dowamy

  • 2621 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

keypim uytgeyarÝetginjeklik döwründe nerw ulgamyň we bedende gormonlaryň täsiriniň üýtgeýändigi sebäpli seniň keýpiň ýygy-ýygy üýtgäp biler.

Eger sen öň şadyýan, bälçik, gaýgy-gamsyz bolup we öz ýakynlaryňa düşünip, olara kömek etmäge ymtylan bolsaň, indi wagtal-wagtal seniň keýpiň we töwerek-daşyňdaky adamlara gatnaşygyň üýtgäp biler. Klasdaşyň degşip aýdan sözleri, jigiň seniň köýnegiň reňki barada aýdan pikiri, aýnada ýüzüňe çykan düwürtik, ejeň seniň saçyňa timar berşiň barada bellän düzedişi seniň keýpiňi birden bozup biler. Aslynda öň seniň üçin iň mähirli adamlar bolan ene-ataň hem saňa ters zatlary aýdyp, gaharyňy getirýän ýaly bolup görnüp biler. Niredendir bir ýerden inen gamgynlylyk, lapykeçlik, ýekelik duýgusy ýa-da durmuşda lezzetiň ýitme duýgusy seni gurşap alyp, seni öz maşgalaňdan, dost-joralaryňdan daşlaşdyryp biler. Ýa-da bolmasa seniň has hem başgalardan köp sarpa goýýan mugallymyň belligi seniň lapyňy keç edip, gamgynlylyga salyp biler.

Dowamy

  • 2227 gezek okalan

ANOREKSIÝA WE BULEMIÝA NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

17 anoreksiya bulemiyaAnoreksiýa – işdäniň bütinleý kesilmegidir. Bedeniň iýmit kabul etmäge talaby bolan ýagdaýynda hem, işdäniň bolmazlygy iýmiti kabul etmäge mümkinçilik bermeýär. Berhiz tutýan aýal we gyz maşgalalaryň takmynan 15%-i anoreksiýa meňzeş ýagdaýa özlerini ýetirýändirler. Bu kesele esasan ýetginjekler, has hem ýaş gyzlar ýygy sezewar bolýarlar. Ýöne häzirki wagtda ol ýagdaýyň oglanlaryň arasynda hem ýygy duş gelýändigi bellenilýär. Çünki häzirki zaman modalar dünýäsiniň talabyna eýermäge ymtylýan ýaş gyzlar we oglanlar has horlanmaga çalşyp, iýmiti kadaly kabul etmekden boýun gaçyrýarlar, her iýilýän iýmiti gramlap hasaplamaga çalyşýarlar.

Dowamy

  • 2121 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

16 sunnet edilen ujytSünnet geçirme käbir milletleriň wekilleriniň arasynda ýörgünli bolup galýar. Ony geçirmegi her maşgala öz maşgala, dini ynançlaryna görä kesgitleýär.

Sünnet etmek (oňa lukmançylykda "sirkumsiziýa" diýilýär) – bu ujydyň pürçügini onuň kellejiginiň töwereginden kesip aýyrmakdyr. Netijede, sünnet edilen ujydyň kellejigi ýalaňaçlanýandyr. Edil şu alamat bilen sünnet edilen ujyt edilmedikden tapawutlanýandyr.

Dowamy

  • 3070 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

15 ujyt toslamalaryAdamlar belli bir adamynyň ujydynyň uzynlygyny kesgitlemek üçin dürli deňeşdirmeleri oýlap tapypdyrlar.

Meselem:

↪ Burnunyň uzynlygyna baglylyk;

↪ Daban näçe uly bolsa, ujyt hem şonça uly;

↪ Erkek adamynyň ujydynyň uzynlygyny anyklamak üçin onuň uly barmagyna seretmeli;

↪ Erkek adam näçe uzyn we daýaw bolsa, ujyt hem şonça uludyr.

Ujydyň ululygyna bagly hemme toslamalaryň dogrulygyny geçirlen barlaglar ret edýärler. Ujydyň ululygy diňe nesil yzarlama häsiýetine we endokrin ulgamynyň işjeňligine baglydyr.

  • 2755 gezek okalan

MENIŇ UJYDYMYŇ ULULYGY KADALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (9 Ses)

14 ujyt kadalymyÝetginjek oglanlaryň aglabasyny ujydyň ululygynyň, uzynlygynyň we ýogynlygynyň nämelere baglydygy baradaky soraglar gyzyklandyrýar. Elbetde erkek adamynyň durmuşynda bu möhüm agzadyr. Köpçülikleýin jemgyýetçilik medeniýetimiz bolsa ujyda degişli belli bir düşünjeleri öňe sürüp, ýetginjekleriň öz-özüne berýän bahasyna ýaramaz täsir edip biler. Erkek adamlaryň pikir edişiçe, ujyt näçe uly boldugyça, ol öz eýesini şonça abraýly edýär we oňa jynsy kuwwatlylygy berýär. Hakykatda bolsa ujydyň ululygy diňe nesil yzarlama we seniň bedeniňdäki erkeklik gormonynyň (testosterona) derejesine baglydyr.

Dowamy

  • 3830 gezek okalan

MASTURBASIÝA ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

13 masturbasiya zyyanlymyMegerem sen masturbasiýanyň (ony "onanizm" diýip hem atlandyrýarlar) nämedigini entek bilmeýän bolmagyň hem mümkin. Ýa-da sen wagtal-wagtal onuň bilen meşgullanýan bolmagyň hem mümkin. Elbetde, sen onuň bilen meşgullanýan bolsaň sende utanjaňlyk duýgusynyň döremegi mümkindir. Sen ene-ataň, doganlaryň masturbasiýa bilen meşgullanýan wagtyň seni görmeginden gorkýansyň. Bu endigiň seniň saglyk ýagdaýyňa zeper ýetirer diýip çekinýänsiň. Köp halatlarda bolsa sen onuň bilen meşgullanýandygyň üçin özüňi günäkär duýýansyň.

Hakykatda bolsa hemme zat seniň pikir edişiňden has ýönekeý we howpsuzdyr.

Dowamy

  • 5988 gezek okalan

JYNS DODAKLARY HEMMELERDE DEŇMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (10 Ses)

12 jynsy dodaklarBedende goşa bolan agzalaryň (gözleriň, elleriň, aýaklaryň) takyk deň bolmaýşy ýaly, jyns dodaklary hem käwagtlar deň bolman biler. Bu lukmanlar tarapyndan bozulma hasaplanmaýar. Köp halatlarda gyzjagazlarda doga (esasan hem ol wagtyndan öň dogan bolsa) ýa-da jynsy taýdan ýetişme döwründe gormonlaryň täsiri bilen, daşky agzalaryň şikeslenmesinden soň kiçi jyns dodaklary ulalyp, uly jyns dodaklaryň aşagyndan çykyp biler. Lukmanlaryň bellemegine görä, kiçi jyns dodaklaryň ini 5 sm-den uly bolmaly däldir. Köp halatlarda jyns dodaklaryň deň bolman, biriniň ulalmagy, gyza hereket etmäge (welosiped sürmäge, oturmaga, içki eşik geýmäge we baş) päsgelçilik bermese, bozulma hasaplanmaýar we bejergini geçirme hökman hem bolmaýar. Jyns dodaklaryň aşa deň bolman ulalan, gyzy biynjalyk eden halatynda, elbetde lukmanyň maslahatyny almak gerekdir.

Jyns dodaklaryň ulalmagy hirurgiki usul bilen bejerilýändir we gyz diňe 18 ýaşa ýetenden soň geçirilýändir.

  • 3594 gezek okalan