• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • RUHYÇÖKGÜNLILIK (DEPRESSIÝA) BILEN GAMGYN BOLMAK ŞOL BIR ZATMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

RUHYÇÖKGÜNLILIK (DEPRESSIÝA) BILEN GAMGYN BOLMAK ŞOL BIR ZATMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

19 depressiyaGamgynlylyk duýgusy wagtyň geçmegi bilen geçip biler. Meselem, sen dostuň bilen tersleşdiň ýa-da taýynlanan sapagyňdan garaşýan bahaňy alyp bilmediň. Bu ýagdaýlar seniň lapyňy keç etdi we sen gamgyn bolup öýe geldiň. Wagt geçer: sen dostuň bilen ýaraşarsyň, sapagyňdan hem gowy bahalara eýe bolarsyň. Gamgynlylyk ýa-da gama batmak – bu adamynyň wagtlaýyn oňaýsyz ýagdaýydyr.

Biz ýokarda sen ýetginjek ýaşdaky ýaş adamlarynyň keýpiniň ýygy-ýygy üýtgäp, gamgyn, lapykeç, ýekelik duýgusyna sezewar bolup bilýändigini we bu duýgularyň bizi wagtlaýyn gurşap alýandygyny belläpdik.

Ruhyçökgünlilik ýa-da depressiýa düýbünden başga ýagdaýdyr. Köplenç ýetginjegiň özi dowamly ruhyçökgünlilik ýagdaýyna sezewar bolanyny bilmeýär. Ene-ataňdan, dost-joralaryňdan gaça durmak, ýatkeşligiň ýitmegi, gaharjaňlyk, işdäniň ýitmegi ýa-da tersine, ýokarlanmagy, agyr iş etmezden dowamly ýadawlylyk duýmak, ukuçyllyk ýa-da tersine, ukynyň bozulmagy, bedeniň dürli ýerlerinde agyrylaryň döremegi, öz-özüňden göwnüň geçip, öz-özüňe kast etme islegiň (rus, iňlis dillerinde oňa "suisid" diýilýär) döremegi depressiýanyň döreýänliginiň alamatlary bolup biler. Suisid islegiň döremegi ýetginjegiň saglygy, ömri üçin howply alamatlaryň biridir. Çünki biraz wagtlyk döräp biljek ruhyçökgünligiň zarbasynyň täsiriniň astynda ýaňy ýaşap başlaýan ýetginjek öz ömründen jyda düşüp bilýändir. Sunuň ýaly ýagdaýda çekinmän, utanman öz pikirleriň, islegleriň,howsalalaryň barada öz ýakyn, ynamdar dostuň (joraň), mugallymyň, eneň ýa-da ataň, mugallymyň, mekdep psihologyň bilen paýlaşmak, kömek soramak juda wajypdyr. Biziň çagalykdan halaýan multfilmimiziň gahrymany Mýunhgauzeniň aýtmagyna görä: "Çykgynsyz ýagdaýlar bolmaýar, dostlar!".

Ruhyçökgünlilik ýagdaýyna dürli durmuşda bolup geçýän hadysalar sebäp bolup biler: okuwda ýetişmezlik, halaýan oglanyňa / gyzyňa söýgüňi billdirip bilmezlik ýa-da jogapsyz söýmek, maşgalada bolup geçýän dawalar ýa-da ene-atanyň saňa ýeterlik üns bermezligi, dostlaryň saňa düşünmezligi, seniň öz başarnyklaryňdan göwnüň geçmegi.

Bu ýagdaýdan çykmanyň ýeke-täk çykalgasy – oňa getiren sebäpden dynmak, ony aradan aýyrmakdyr. Düşünişmek, söhbetdeş bolmak, halaýan adamyňa öz duýgyňy äşgär etmek, ene-ataňa öz pikiriňi aýtmak, okuwyňdan taýynlanyp, ýokary baha eýe bolmak, öz şahsyýet höküminde ösüşiňe üns bermek, öz halaýan işleriň, gyzyklanmalaryň bilen meşgullanmak, özüň bilen pikirdeş, ýürekdeş dost-joralary saýlamak – seni durmuşyň gymmatlylygyny duýmaga we ruhyçökgünlikden daşda durmaga kömek eder.

  • 716 gezek okalan