Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MASTURBASIÝA ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (12 Ses)

13 masturbasiya zyyanlymyMegerem sen masturbasiýanyň (ony "onanizm" diýip hem atlandyrýarlar) nämedigini entek bilmeýän bolmagyň hem mümkin. Ýa-da sen wagtal-wagtal onuň bilen meşgullanýan bolmagyň hem mümkin. Elbetde, sen onuň bilen meşgullanýan bolsaň sende utanjaňlyk duýgusynyň döremegi mümkindir. Sen ene-ataň, doganlaryň masturbasiýa bilen meşgullanýan wagtyň seni görmeginden gorkýansyň. Bu endigiň seniň saglyk ýagdaýyňa zeper ýetirer diýip çekinýänsiň. Köp halatlarda bolsa sen onuň bilen meşgullanýandygyň üçin özüňi günäkär duýýansyň.

Hakykatda bolsa hemme zat seniň pikir edişiňden has ýönekeý we howpsuzdyr.

Masturbasiýa – bu öz jynsy agzalaryňy elleriň bilen gyjyndyryp özüňi kanagatlandyrma, seksual keýp almakdyr. Ýetginjeklik döwründe jynsy gormonlaryň ýokary derejesiniň täsiri bilen jynsy höwesiň ýokarlanyp, jynsy gatnaşyklara bolan islegiň ösýän pursady, dyňzap gelýän seksual güýji daşyna "çykarmak" üçin masturbasiýa bilen meşgullanmak lukmanlar tarapyndan bozulma hasaplanmaýar. Statistika boýunça ýetginjek oglanlaryň takmynan 70%-i, gyzlaryň bolsa 45-50%-i masturbasiýa bilen käwagtlar ýa-da kadaly meşgullanýarlar. Lukmanlaryň bellemegine görä, öz bedeniň duýgur agzalaryny gyjyndyryp, özüňi kanagatlandyrma seni ir başlanjak duýdansyz, goragsyz jynsy gatnaşyklary geçirmekden goraýar. Netijede, sen özüňi islenilmedik göwrelilikden, jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklardan goraýarsyň, jynsy gatnaşyklaryň ir başlanmagynyň öňüni alýarsyň.

Ýöne masturbasiýa bilen meşgullanmagyň hem öz belli bir araçäginiň bardygyny lukmanlar belleýärler. Eger onuň bilen meşgullanma has ýygy bolup geçýän bolsa we ol barada pikirlenme seniň bar wagtyňy, ünsüňi alýan bolsa bu seniň ruhy ýagdaýyňa täsir edip biler. Netijede, sende gaharjaňlyk, ruhy gamgynlylyk, özüňe bolan ynamlylygyň gaçmagy, ünsüň peselmegi ýaly duýgular döräp, seniň okuwyňa, şahsy ösüşiňe täsir edip biler.

Wagtal-wagtal geçirilýän masturbasiýa sende kanagatlanma döretmelidir. Seniň okuwdan, işden, şahsy kämilleşmegiňden ünsüňi sowmaly däldir we kesele öwrülmeli däldir.

  • 4752 gezek okalan