Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MEN KLASDAŞYMY HALAP BAŞLADYM. BU NÄMEKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

20 halamakÝetginjeklik döwri sende birinji söýgi duýgulary döräp biler. Günleriň bir güni sen öz klasdaşyňy (hökman klasdaş hem däl, goňşyňy, köçäňizden geçýän oglany/gyzy) halap başlandygyňy duýarsyň. Halamak – bu hökman adamynyň bir eden işleri üçin ýüze çykýan ýa-da islege göra döreýän duýgy däldir. Seniň ünsiňi çeken adamyny seniň näme üçin halandygyňy sen köplenç düşündirip hem bilmersiň. Belki-de, sen klasdaşyň adamkärçiligini, başarjaňlygyny, ýylgyrşyny ýa-da mähirli garaýşyny halansyň. Belki-de, onuň daşky gözelligi, syraty, owadan gözleri seni özüne çekendir. Ýöne seniň halaýan oglanyň (gyzyň) seniň üçin hemmelerden öňe saýlanýan, başgalardan tapawutlanýan ýaly bolup görner. Sen onuň bilen duşuşmaga, onuň ünsüni her hili bahanalar bilen özüňe çekmäge ymtylarsyň.

Eger ol hem saňa öz düýgulary bilen jogap berse, onda köp wagtyňy halaýan adamyň bilen geçirmäge, gezelenç etmäge, bileje halaýan işleriňiz bilen meşgullanmaga, gyzyklanmalaryňyz bilen paýlaşmaga çalşarsyň.

Özüňizde dörän täze duýgulardan gorkma we çekinme! Seniň bedeniňde bolup geçýän üýtgemeler seni garşydaş jynsa gyzykly edip görkezýär. Saňa tanyşlyk açmaga, garşydaş jyns bilen gatnaşyk saklamaga, oňa düşünmegi, öz duýgularyňy beýan edip bilmegi, diňlemegi öwrenmegi kömek edýär. Geljekde bolsa bu tejribeler saňa mäkäm, duýgulardan ýbarat durmuş ýoldaşyňy tapmaga, onuň bilen emosional taýdan ysnyşmaga we maşgalany gurmaga kömek eder.

  • 1798 gezek okalan