Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

NÄME ÜÇIN MENIŇ KEÝPIM ÜÝTGEÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

keypim uytgeyarÝetginjeklik döwründe nerw ulgamyň we bedende gormonlaryň täsiriniň üýtgeýändigi sebäpli seniň keýpiň ýygy-ýygy üýtgäp biler.

Eger sen öň şadyýan, bälçik, gaýgy-gamsyz bolup we öz ýakynlaryňa düşünip, olara kömek etmäge ymtylan bolsaň, indi wagtal-wagtal seniň keýpiň we töwerek-daşyňdaky adamlara gatnaşygyň üýtgäp biler. Klasdaşyň degşip aýdan sözleri, jigiň seniň köýnegiň reňki barada aýdan pikiri, aýnada ýüzüňe çykan düwürtik, ejeň seniň saçyňa timar berşiň barada bellän düzedişi seniň keýpiňi birden bozup biler. Aslynda öň seniň üçin iň mähirli adamlar bolan ene-ataň hem saňa ters zatlary aýdyp, gaharyňy getirýän ýaly bolup görnüp biler. Niredendir bir ýerden inen gamgynlylyk, lapykeçlik, ýekelik duýgusy ýa-da durmuşda lezzetiň ýitme duýgusy seni gurşap alyp, seni öz maşgalaňdan, dost-joralaryňdan daşlaşdyryp biler. Ýa-da bolmasa seniň has hem başgalardan köp sarpa goýýan mugallymyň belligi seniň lapyňy keç edip, gamgynlylyga salyp biler.

Ynha birden hem, bir ýerden ýetip gelen şatlyk duýgusy seni gurşap alar, ýöne töwerekdäki adamlar seniň şatlanşyňa geň galyp serederler.

Öz bolşuňa geň galma we ondan gorkma! Kiçijik wagtyň seni ejeň we kakaň, seniň ýakynlaryň durmuşdan alyp baran bolsalar, indi seniň özüň töwerek-daşyňa, jemgyýete, adam gatnaşyklaryna ser salyp, seljerme berip başlaýarsyň. Özüň dost-jora saýlaýarsyň, belli bir pursatlardan özbaşdak baş alyp çykmaga, jogapkärli bolmaga ymtylýarsyň. Sen köp zatlardan çözgüt gözleýärsiň hem-de edýän hereketleriň dogrulygyna şübhelenýärsiň. Seniň içki duýgularyň üýtgemegi seniň şahsyýet höküminde emele gelýändigiňi aňladýar.

Kynçylyk ýüze çyksa, hemişe öz ýakynlaryňa, ene-ataňa, dost-ýarlaryňa ýüzlen! Olar seniň häsiýetiň üýtgeýşine düşünýärler. Sebäbi olar hem ýetginjek bolup gördüler ahyryn.

  • 432 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location