Oglan çaga enesiniň içinde ösüp ulalýan wagty ýumurtgajyklary onuň garyn boşlugynda emele gelip, ösýärler. Eger ösüş dogry gidýän bolsa, soňrak ol ýörite gasykdaky "ýodajygyň" üsti bilen ýumurtga haltajygyna düşýär. Çaga doglanda ýa-da doglandan soň 6-8 aýyň dowamynda ýumurtgajyklar öz ýerine düşýändirler.
Eger birnäçe sebäplere görä ýumurtgajyklaryň biri (käwagtlar ikisi hem) öz ýerine düşmän garyn boşlugynda ýa-da gasykda saklanyp galsa, onda lukmana ýüz tutup onuň maslahatyny diňlemek hökmandyr. Sebäbi garyn boşlugynyň temperaturasy ýokary bolup, ol ýerde düşmän "saklanan" ýumurtgajykda erkek öýjükleriniň emele gelmegine ýaramaz täsirini ýetirip biler. Bu bolsa oglanjygyň soňundan önelgesiz bolmagyna getirip bilýändir.
Ýumurtgajyklaryň biriniň ýa-da ikisiniň hem ýumurtga haltajygyna wagtynda düşmedik ýagdaýynda lukmanlar hirurgiki usul bilen bejergi geçirýärler. Bejergi esasan çaga 1 ýaşandan soň geçirilýär.
Jynsy gormonlaryň işjeňleşmegi we olaryň deňagramlylygynyň wagtlaýyn bozulmagy seniň ýetginjeklik döwrüne mahsusdyr. Gormonlaryň täsirine süýt mäzleri (göwüsler) juda duýgur bolýarlar.
Gyzjagazlarda göwüsleriň ulalmagy 10-12 ýaşdan başlaýar we 11 ýaşdan 25 ýaşa çenli onuň doly emele gelmegi bolup geçýändir. Gyzjagazlarda göwüsleriň emele gelmegi we ulalmagy sanjylaryň ýüze çykmagy bilen geçip bilýändir we lukmanlar tarapyndan bu bozulma hasaplanmaýar. Şeýle hem aýbaşynyň öň ýanynda olaryň agyrmagy we emzikleriň çişmegi bolup biler. Ýöne göwüslerde gatylyklaryň döremegi, ellenilende hereketjeň togalajyk emele çişjagazlaryň duýulmagy, göwsüň üstüniň gyzarmagy, derisiniň üýtgemegi keseliň alamatlary bolup, seniň üçin lukmana ýüz tutmagyň sebäbi bolup biler.
Dowamy
Iki sany meňzeş adam bolmaýar. Her ýetişip barýan gyz maşgalanyň öz beden gurluşy, ýüz keşbi bolýar. Bu göwüsleriň ululygyna we daş durkuna hem degişlidir. Uly göwüsleriň ýa-da kiçi göwüsleriň bolany gowymy? Dogry jogaby berip bolmaýar. Şeýle-de, bir göwsüň beýlekisinden biraz uly bolmagy hem kada hasaplanýar.
Gyzjagaz ulalyp, onuň aýbaşysy gelende jynsy taýdan ýetişmäniň başlanandygyndan habar berýär. Gyzjagaz bu hadysa taýyn bolup, degişli gigiýeniki serişdeler barada habarly bolmalydyr.
Aýal-gyzlaryň arasynda iň belli gigiýeniki serişdeler höküminde tämizlik esgileri (prokladkalary) ulanmak ýörgünli. Olar aýallara öňden belli bolup, öz amatlylygy bilen tapawutlanýarlar. Ýöne soňky onýyllykda gigiýeniki tamponlary ulanmak diňe bir uly aýallaryň arasynda ýörgünli bolman, eýsem ýaş gyzlaryň arasynda hem belli boldy.
Dowamy
Jynsy ýetişme döwründe, gormon üýtgeşmeleri netijesinde deridäki ýag mäzleri has hem işjeň işläp başlaýarlar. Netijede, ýüzde, boýunda, arkada döreýän düwürtikler (olary "akne" diýip atlandyrýarlar) biynjalyklyk döredip biler. Olardan dynmagyň netijeli ýoly – deriňi arassa saklap, dogry iýmitlenmekdir. Eger sende düwürtikler köp bolup, wagtynda aýrylmaýan bolsa, dermatolog lukmanyna ýüz tutmak möhümdir.
Ýetginjek oglanlaryň köpüsi wagtal-wagtal, gijelerine içki eşikleriniň öllenýändigini, ýagny dölüň bölünip çykmagynyň bolup geçýändigini aňlaýarlar. Bu ýagdaýa lukmançylykda "pollýusiýa", halk arasynda bolsa "şeýtan oýnama" diýilýär. Jynsy taýdan ýetişme döwründe oglanlaryň ýumurtgajyklarynda tohum öýjükleriniň uly mukdary işlenilip çykarylýar we jyns agzalarda basyş ýokarlanýar. Şonuň üçin hem, agzalarda basyşy peseltmek üçin köplenç gijelerine pollýusiýa bolup geçýär. Ýetginjeklik döwründe bu kadaly hadysa hasaplanýandyr.
Gyzlyk perde jynshana girelgäni ýapýan ýukajyk bardadyr. Ol girelgeden 1-3 sm çuňlukda ýerleşýändir we daşky jyns agzalary içki jyns agzalaryndan araçäkleýändir. Gyzlyk perde myşsa süýumlerinden, gan damarlaryndan we nerw uçlaryndan ýbaratdyr. Birinji geçirlen jynsy gatnaşykda gyzlyk perde ýyrtylýandyr. Perdäniň ýyrtylan ýerine baglylykda agyrylaryň ýa-da gan akmalaryň ýüze çykmagy mümkindir. Eger ýyrtylma gan damarlaryň geçýän ýerine gabat gelse ujypsyz gan akmany (ganjymak nem gatyşyk) syn edip bolar. Ýöne ilkinji jynsy gatnaşykda hökman köp gan akmaly diýen düşünje nädogry bolup durýandyr.
Dowamy
Jynsy ýetişmäniň başlanmagy bilen ýumurtgalyklarda her aýda bir tohum öýjügi emele gelýär. Haçanda şol aýal tohum öýjügi spermatozoid bilen tohumlanman ýatga düşende biraz wagtdan dargaýandyr. Şol bir wagtyň özünde hem ýatgynyň içki gatlagy hem sypyrlyp, gan damarlardan gan gelip başlaýandyr. Şeýdip aýbaşy başlanýandyr.
Dowamy
Belki-de sen jyns agzalary barada habarlysyň we olaryň atlaryny hem bilýän bolmagyň mümkin. Ýöne bu barada seniň bilimiňi berkitmek üçin olaryň üstünde ýene bir gezek durup geçmek artyk bolmaz diýip pikir edýäris.
Gel, ilkibaşda aýal jyns agzalary bilen tanşalyň. Aýal jyns agzalaryny, başga-ça aýdylanda aýal önelgelilik ulgamyny daşky we içki jyns agzalary we süýt mäzleri (göwüsler) düzýändir.
Dowamy
Biziň bedenimiz we beden ösüşimiz deň däldir. Biziň birimizde özgerme alamatlary dörän bolsa, başgada olar 1-4 ýyl gijigip bilýändir. Gyzlarda jynsy özgermeler 8-13 ýaş aralygynda başlanyp bilýän bolsa, oglanlarda şeýle üýtgemeler 10-15 ýaş aralygynda ýüze çykyp bilýär.
Şeýlelikde, eger seniň dostuňda/joraňda bu üýtgemeler başlanyp, sende bildirmeýän bolsa, alada etme. Entek hemme zat öňüňdedir.