• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (28 Ses)

Salam hormatly lukman! Ýetginjek oglanlaryň sesiniň ýognamagy naçe yaşda başlap, naçe yaşda gutarýar? Sesiň inçe bolmagynyn sebäbi näme we oňa garşy çäreler barmy?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly lukman! Meniň 15 ýaşly oglumyň sesiniň üýtgeýändigini duýýaryn: ol käwagt ýogyn, käwagt inçe bolýar, käwagtlar bolsa gyrylýar. Ýetginjeklikde şeýle bolýandygy barada men bir ýerde okapdym. Bu dogrudan hem şeýlemi we onuň sebäbi nämeden?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 11574 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.24 (34 Ses)

Jyns taýdan kämilleşme döwründe bolup geçýän esasy üýtgeşmelerden başga, ýetginjek gyzlar we oglanlar öz deň-duşlarynyň öz daşky keşplerine bolan garaýyşlaryny üýtgedýändiklerini belläp başlaýarlar. Çünki syratly we görmegeý keşp – özüňe ünsi çekmegiň we garşydaş jyns tarapdan halanyp saýlanmagyň bir usuly bolup durýar ahyryn.

Beden gurluşynyň üýtgemegi

Ýetginjeklik döwründe direg-hereketlendiriş ulgamynyň myşsalara garanyňda uly depginde ösýändigi sebäpli, ýetginjek oglanlaryň beden gurluşynda tagaşyksyzlyk duýlup bilner.

Dowamy

  • 7458 gezek okalan

MEN NAME ÜÇIN ÖZGERÝÄRIN?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (28 Ses)

9-14 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerde "geçiş" ýa-da "özgermeler" döwri başlanýar.

Bu döwür jynsy taýdan kämilleşme diýlip atlandyrylýp, şol wagt ýetginjegiň bedeninde birnäçe fiziologik we psihologik üýtgeşmeler bolup geçýär:

► sesiň üýtgemegi;

► deri we ýag mäzleri has işjeňleşýär. Şol sebäpli hem, ýetginjegiň ýüzünde örgün we düwürtikler döreýär;

► goltukda we daşky jyns agzalarynda gyl örtügi çykyp başlaýar. Oglanlaryň ýüzünde we döşünde tüý örtügi ösýär. Tüýüň köp ýa-da az çykmagy nesil yzarlaýjylyk we endokrin faktorlara bagly bolýar.

Dowamy

  • 14208 gezek okalan

"ÇAGA BU BARADA SORANDA..."

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

Megerem, çaga terbiýesi biziň durmuşymyzda ýerine ýetirmeli bolýan wezipelerimiziň iň jogapkärlisi we çylşyrymlysy bolsa gerek. Köp derejede bu ýagdaý döwrüň özgermegi bilen baglanşyklydyr. Biziň çagalarymyz häli-şindi düşünmesi kyn bolan meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, ata-enelere bolsa olary düşündirmek kyn düşýär. Çaga terbiýesi bilen meşgullanýan adamlaryň köpüsi, uly adamlar bilen bagly meseleleri, şol sanda söýgi we jynsy gatnaşyklar baradaky gürrüňi çagalar bilen alyp barmagyň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarlar. Belki siz ol pikir bilen razylaşýansyňyz, ýöne siz entek oýlanýançaňyz, çagaňyzyň özüni gyzyklandyrýan soraglaryň jogabyny telewideniýe arkaly, kinofilmlerden, žurnallardan, internetden ýa-da mekdep dostlaryndan almagy mümkindir. Bu ýagdaýda bolsa ata-ene çagasyna dogry maglumat bermek mümkinçiligini ýitirýär, onuň başga ýerden alan maglumatlarynyň durmuşda ulanylmagy bolsa, siziň maşgala gymmatlyklaryňyz, ahlak prinsipleriňiz bilen gabat gelmezligi ähtimaldyr.

Dowamy

  • 7413 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.03 (39 Ses)

Ýetginjeklik döwründe bedende dürli üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýag we der mäzleri has işjeňleşýär. Gyzlaryň her aý aýbaşysy gelip başlaýar. Bu döwürde şahsy arassaçylyga aýratyn uly üns berip, aşakdaky ýönekeý maslahatlary berjaý etmek möhümdir:

► Her gün daşky jyns agzalaryňyzy mylaýym suw bilen ýuwuň.

Dowamy

  • 14486 gezek okalan