Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

"ÇAGA BU BARADA SORANDA..."

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

Megerem, çaga terbiýesi biziň durmuşymyzda ýerine ýetirmeli bolýan wezipelerimiziň iň jogapkärlisi we çylşyrymlysy bolsa gerek. Köp derejede bu ýagdaý döwrüň özgermegi bilen baglanşyklydyr. Biziň çagalarymyz häli-şindi düşünmesi kyn bolan meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, ata-enelere bolsa olary düşündirmek kyn düşýär. Çaga terbiýesi bilen meşgullanýan adamlaryň köpüsi, uly adamlar bilen bagly meseleleri, şol sanda söýgi we jynsy gatnaşyklar baradaky gürrüňi çagalar bilen alyp barmagyň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarlar. Belki siz ol pikir bilen razylaşýansyňyz, ýöne siz entek oýlanýançaňyz, çagaňyzyň özüni gyzyklandyrýan soraglaryň jogabyny telewideniýe arkaly, kinofilmlerden, žurnallardan, internetden ýa-da mekdep dostlaryndan almagy mümkindir. Bu ýagdaýda bolsa ata-ene çagasyna dogry maglumat bermek mümkinçiligini ýitirýär, onuň başga ýerden alan maglumatlarynyň durmuşda ulanylmagy bolsa, siziň maşgala gymmatlyklaryňyz, ahlak prinsipleriňiz bilen gabat gelmezligi ähtimaldyr.

Käbir ata-eneler çaga bilen NÄME barada we HAÇAN gürrüň geçirilmelidigi babatda gyzyklanma bildirýärler. Ol meseläni çaga ýetirmäň usulyny bolsa, özümiz taparys diýip hasaplaýarlar. Ýöne psihologlaryň bellemegine görä, aýal bilen erkek adamyň gatnaşyklary baradaky gürrüň ýaly inçe meseläni çaga ýetirmekligiň USULY örän wajyp ýagdaý bolup durýandyr. Sebäbi çaganyň siziň gürrüňizi eşitmekligi, gulak salmagy, ynanmagy – bu meseläni oňa ýetirmegiň görnüşine gaty baglydyr. Şol sebäpli, ilki bilen bu gatnaşyklar baradaky gürrüňi NÄHILI ALYP BARMAK BOLMAÝANDYGY barada habarly bolmak zerurdyr:

► Çagany ýörite öňüňde oturdyp: "Ynha jynsy gatnaşyklar barada saňa düşündirmegiň wagty geldi" – diýip, okuwça sapak öwredilişi ýaly gürrüň geçirmek bolmaýar;

► Hamala çagaňyz öz soragy bilen sizi gelşiksiz işiň üstünde tutan ýaly utanyp gyzarmak, gülmek, geň galyjy nazaryňy salmak bolmaýar;

► Çaga bu barada soranda: "Saňa entek beýle gürrüňleri etmek ir", "Ulalaňda özüň düşünersiň" ýa-da "Sen bu zatlary nireden eşitdiň?" – diýip, meseleden gaçmak ýalňyşlykdyr;

► Çaganyň öz ünsüni 3-7 minudyň dowamynda bir meselede jemlemäge ukyplydygyny ýatdan çykarmaň. Şol sebäpli bular ýaly gürrüňi uzaga çekip, çintgäp oturmak maslahat berilmeýär;

► Ilkinji söhbetde jyns gatnaşygyny üýtgeşik bir uly mesele ýaly görkezip, çendenaşa "goranmak serişdeleri we usullary" barada gürrüň bermek ýerliksizdir. Çaga meseläni köp tarapdan kabul etmeklige entek taýyn däldir;

► Gürrüň beren zatlaryňyzy çagaňyzyň kabul edişini barlamak üçin ondan "sapak soramak" düýbünden ýalňyşdyr.

Çagaňyz bilen seksual gatnaşyklary baradaky gürrüňi NÄHILI ALYP BARMALY diýen soraga, psihologlar: sada dilde we dogruçyl, diýip jogap berýärler. Ýönekeý sada dilde diýmek – çaga ýetirjek maglumatyňyz onuň aýratynlygyny göz öňüne tutup, kabul edip biläýjek görnüşinde we mukdarynda bolmalydygyny, dogruçyl diýmek bolsa, hiç bir zady özüňden toslaman, bulaşdyrman, bolşy ýaly gürrüň bermelidigini aňladýar. Eger käbir mesele boýunça dogry jogaby bermek sizi oňaýsyz ýagdaýa salýan bolsaýa-da bulaşdyrmaga gorkýan bolsaňyz bu meselä degişli maglumaty gollanma kitaplaryndan tapyp, çagaňyza okamagy maslahat berip bilersiňiz. Ýöne, adatça bolşy ýaly, kiçi ýaşly çagalar juda içgin soraglary bermäge aňlary ýetmeýär, ýetginjekler bolsa özüni gyzyklandyrýan soraglary ýerlikli görnüşde soramagy başarýarlar.

Ata-enelerçaga bilen, uly adamlaryň gatnaşyklary baradaky gürrüňdeşligi dogry gurnap, zerur meseleleri ýatdan çykarmazlygy üçin, öňünden taýýarlykly bolmalydyr.

♦ Gürrüňdeşlik adaty ýagdaýda, erkin geçirilmeli. Çaganyň bu meselede bilýän zatlaryny soraman, özüňiz gürrüňi alyp barsaňyz we şeýle sözler bilen başlasaňyz ýalňyş bolmaz: "Aýal bilen erkek adamyň aragatnaşygy belli bir döwürde adaty dostlukly aragatnaşykdan has ýakyn derejä geçýär. Şol wagt olaryň arasynda fiziki ýakynlyk ýüze çykýar...".

♦ Soňra siz bu gatnaşyklaryň ahlak taýdan päk bolmalydygyny düşündirmeli. Ýetginjekler, bu gatnaşyklaryň diňe jübütleriň arasyndaky ruhy baglanşyk, birek-birege bolan ynamyň we söýgüniň belent derejä ýetende döremelidigini bilmelidir.

♦ Ilkinji gatnaşygyň hiç bir ýagdaýda tötänden bolmaly däldigini, bu ýagdaý diňe ýüregiňe ýakyn bolmagy başaran, seniň ynam bildirip bilýän we saňa gymmatly bolan adam bilen, wagty gelende bolup geçmelidigini çaganyň aňyna ýetirmäge synanyşmalydyr. Şonuň ýaly-da, jynsy gatnaşyklaryň başlanmagynyň iki adamy hem jogapkärçilikli ýagdaýa salýandygyny, ýetginjege nygtap aýtmak artykmaç bolmazmyka diýip pikir edýärin.

♦ Şeýle-de bu söhbetdeşligiň ahyrynda, goranmak serişdeleri barada umumy düşünje berseňiz hem artykmaç bolmaz. Esasy zat, aýal bilen erkek adamyň gatnaşygyndan önýän çaganyň özwagtynda, diňe maşgalada we islenýän bolup dünýä inmelidigini çagaňyza dogry ýetirmegiňiziň wajyplygydyr.

Çagaňyzyň size ynam bildirmegi, sizden utanmazlygy üçin oňa ünsli boluň, gyzyklanýan meselelerine, soraglaryna düşünjelilik bilen çemeleşiň. Içgin we garaşylmadyk soragy bilen sizi oňaýsyz ýagdaýa salan halatynda hem, hiç mahal çagaňyzyň üstüne gygyrmaň, sebäbi sizden käýinç we temmi alma gorkusy, ony özüni gyzyklandyrýan maglumaty başga ýerden gözlemäge mejbur edýär. Uly ynamly aragatnaşygy ata-ene çagasy bilen her bir döwürde – 6 ýaşda-da, 18 ýaşda-da saklamaga başarmalydyr.

  • 6474 gezek okalan