Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GYZLYK PERDE NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

5 gyzlyk perde nameGyzlyk perde jynshana girelgäni ýapýan ýukajyk bardadyr. Ol girelgeden 1-3 sm çuňlukda ýerleşýändir we daşky jyns agzalary içki jyns agzalaryndan araçäkleýändir. Gyzlyk perde myşsa süýumlerinden, gan damarlaryndan we nerw uçlaryndan ýbaratdyr. Birinji geçirlen jynsy gatnaşykda gyzlyk perde ýyrtylýandyr. Perdäniň ýyrtylan ýerine baglylykda agyrylaryň ýa-da gan akmalaryň ýüze çykmagy mümkindir. Eger ýyrtylma gan damarlaryň geçýän ýerine gabat gelse ujypsyz gan akmany (ganjymak nem gatyşyk) syn edip bolar. Ýöne ilkinji jynsy gatnaşykda hökman köp gan akmaly diýen düşünje nädogry bolup durýandyr.

Gyzlyk perde tutuşlaýyn bitewi bolman, onda aýbaşy wagty gan çykar ýaly deşijekler bolýandyr. Lukmanlar gyzlyk perdede ýerleşen deşijek boýunça onuň dürli görnüşlerini tapawutlandyrýarlar: ýarym aý şekilli, ýaprak görnüşli, diş görnüşli, dodak görnüşli, gözenek görnüşli we başgalar. Perdäniň hemme görnüşleri hem kada hasaplanýandyr. Ýöne kähalatlarda gyzjagazlarda gyzlyk perde doga bolmaýar. Bu ýagdaý "aplaziýa" diýip atlandyrylýar we bu bozulma hasaplanmaýar.

Perdäniň kada hasaplanmaýan ýagdaýlary hem duş gelýändir. Perdede deşijegiň bolmazlygy mümkindir. Bu ýagdaýda aýbaşy gany daşyna çykyp bilmän agyrylaryň we jyns agzalaryň älawlama ýagdaýlarynyň sebäbi bolup biler. Başga halatlarda bolsa, gyz durmuşa çykanda galyň gyzlyk perdäniň ýyrtylmasynyň kynlaşmagy hem bolup bilýändir. Ýoldaşy tarapyndan perdäni ýyrtmaklyk güýç bilen alnyp barylsa, bu gyz maşgalada agyrlaryň döremegine hem-de jynsy gatnaşyklara bolan gorkynyň ýüze çykmagyna getirip biler. Şeýle halatlarda lukmanyň kömegi gerek bolýandyr.

Gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy diňe bir jynsy gatnaşyklarda bolup geçmän, eýsem gyz masturbasiýa bilen meşgullananda, ene gyzjagazynyň daşky jyns agzalaryny gödek ýuwanda, aýbaşy wagty tamponlary ýalňyş ulananda we ginekolog lukmanyň barlagyndan soň hem ýyrtylma duçar bolup biler. Şonuň üçin hem eger sen gyz bolsaň, ginekolog lukmanynyň barlagyna baranyňda ilki bilen bu barada hökman lukmany habarly etmelisiň.

  • 396 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location