Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖWÜSLERDE AGYRYLARYŇ, ÇIŞLERIŇ BOLMAGY KADALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

10 gowus agyrysyJynsy gormonlaryň işjeňleşmegi we olaryň deňagramlylygynyň wagtlaýyn bozulmagy seniň ýetginjeklik döwrüne mahsusdyr. Gormonlaryň täsirine süýt mäzleri (göwüsler) juda duýgur bolýarlar.

Gyzjagazlarda göwüsleriň ulalmagy 10-12 ýaşdan başlaýar we 11 ýaşdan 25 ýaşa çenli onuň doly emele gelmegi bolup geçýändir. Gyzjagazlarda göwüsleriň emele gelmegi we ulalmagy sanjylaryň ýüze çykmagy bilen geçip bilýändir we lukmanlar tarapyndan bu bozulma hasaplanmaýar. Şeýle hem aýbaşynyň öň ýanynda olaryň agyrmagy we emzikleriň çişmegi bolup biler. Ýöne göwüslerde gatylyklaryň döremegi, ellenilende hereketjeň togalajyk emele çişjagazlaryň duýulmagy, göwsüň üstüniň gyzarmagy, derisiniň üýtgemegi keseliň alamatlary bolup, seniň üçin lukmana ýüz tutmagyň sebäbi bolup biler.

Oglanlarda bolsa bu hadysalar başgaça bolup geçýär. Sebäbi oglanlarda tebigat tarapyndan süýt mäzleriniň ulalmagy bolup geçmeli däl. Şonuň üçin hem 9 ýaşdan uly oglanjygyň süýt mäzleriniň ulalmagy ene-atasynyň ünsini çekmelidir. Gormonal üýtgemelerden başga-da, ýetginjek oglanda semizligiň bolmagy, onuň käbir dermanlary kabul etmegi, endokrin keselleriniň bolmagy hem süýt mäzleriniň ulalmagynyň sebäpleri bolup bilerler.

Şonuň üçin hem, ýetginjek gyz ýa-da oglanlygyňyza garamazdan, göwüslerde dörän sebäpsiz agyrylar, gatylyklar, derisiniň üýtgemegi ýaly alamatlar ene-ataňyza we lukmana ýüz tutmaga sebäp bolmalydyr.

  • 410 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location