Uçuk (gerpes) – wirusly kesel bolup, özboluşly toppaklaýyn düwmejikli örgünleriň derä we nemli örtüklere örmegi bilen häsiýetlidir. Köplenç bu wirus derini, gözleri, daşky jyns agzalary zeperlendirýän bolsa, has agyr ýagdaýlarda merkezi nerw ulgamy hem şikeslendirip bilýändir.
Adamda uçuk wirusynyň 8 sany görnüşi gabat gelýändir. Onuň I (ýönekeý uçuk) görnüşi agzyň töweregini zeperlendirse, II görnüşi jyns agzalaryň uçukly zeperlenmeleriniň sebäbi bolýar. Ýokançly mononukleaz, garamyk, gurşawly lişaý ýaly ünsi we bejergini talap edýän keselleri hem uçugyň görnüşleri döredýändir.
Dowamy
Adatça jynshananyň ýiti ysy bolmaýar. Ýaramaz, ýiti ysyň döremegi ýokançlyklaryň täsiri bilen sowuklama keselleriň döreýändiginden habar berýär:
Balygyň ysy – jynshananyň kadaly bakteriýalar toplumynyň düzüminiň bozulandygyndan habar berýär we bu ýagdaý "bakterial waginoz, jynshananyň disbakteriozy" diýlip atlandyrylýar. Bu ýagdaý gardnerella diýilýän bakterialar köpelende ýüze çykýar.
Gatygyň ýa-da turşan süýdiň ysy ýaly turşumtyl ys – kömelejikleriň täsiri bilen kandidoz keselinde döreýär. Bölünip çykmalar ak, digir-digir görnüşde bolup, jyns agzalarynda gijileme döredýär.
Dowamy
Ujytdan diňe seksual gyjynmalarda, jynsy gatnaşygynda, gijeki "şeýtan oýnamalarda" (pollýusiýada), peşew etmeden soň we täret edilýän wagty ýüze çykýan bölünip çykmalar kada hasaplanýar. Ondan başga halatlarda döreýän nemli, iriňli, ganly, ysly bölünip çykmalar keselleriň alamatlary hasaplanyp, oglanlara lukmana ýüz tutmaga sebäp bolmalydyr.
Dowamy
Eger jynsy gatnaşyk (prezerwatiwsyz) goragly geçirilmese, bir jynsy gatnaşykda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň birnäçesi ýokuşup bilýändir. Diňe prezerwatiw ýokanç kesellerden we islenilmedik göwrelilikden goraýandyr. Bu keseller bakteriýalar, wiruslar, kömelejikler, ýönekeýler we mugthorlar arkaly döreýär.
Bakteriýa ýokançlyklary:
Merezýel (sifilis) – jyns gatnaşyklary arkaly geçýän howply, dowamly kesel bolup, jyns agzalaryndan başga-da, içki agzalary we beýnini zeperläp, dürli gaýraüzülmelere getirip bilýändir.
Dowamy
Kontraseptiw serişdeleri sen ýaşaýan ýeriň dermanhanalaryndan alyp bilersiň. Ondan başga hem, Saglyk Öýlerinde lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýy boýunça kontraseptiw serişdelere mätäç ýetginjekler kesgitlenip, olara ýaramly serişdeler mugt berilýändir.
Kontraseptiw serişdeler üçin dermanhana ýüz tutmazdan öň, özüňe ýaramly görnüşini saýlamak üçin lukmanyň maslahatyny almagy ýatdan çykarma!

Eger seniň ýoldaşyň seniň garşylygyňa, "Ýok!" diýýänligiňe garamazdan jynsy gatnaşyk geçiren bolsa, onda ol zorlanma bolýar. Sen: "Ol meniň ýoldaşym ahyryn. Men ony köpden bäri tanaýan. Ol maňa ýakyn adam" diýip geň galmagyň mümkin. Adamyny tanaýandygyňa ýa-da tanamaýandygyňa garamazdan, seniň islegleriňe garşy geçirilýän hereketlere zorlanma (saňa zor salmak) ýaly seredip bolar. Zorlaýjy adam "nätanyş adam bolup garaňky ýerde bukulup üstüňe topulýany" hakykata laýyk gelýän düşünje däldir. Hakykatda we barlaglara görä zorlaýyjy adam aýalyň, gyzyň tanaýan adamsy bolýar.
Dowamy
Suw howdanynda, aýalyň ýanynda erkek adamda eýakulýasiýa bolup döl dökülende aýal göwreli bolup bilmeýär. Muny lukmanlar birnäçe sebäpler bilen düşündirýärler:
Dowamy
Gaýragoýulmasyz kontraseptiw serişdeler öz düzüminde aýallyk gormonlaryň uly mukdaryny saklaýandyrlar. Adyndan belli bolşy ýaly, olar gaýragoýulmasyz, gyssagly ýagdaýlar ýüze çykanda ulanylýandyr: goragsyz jynsy gatnaşyklar geçirlende, zorlanma bolanda, gatnaşyk wagty prezerwatiwler ýyrtylanda. Olary goragsyz jynsy gatnaşyklar geçirlenden soň, birinji 72 sagadyň dowamynda kabul etmek maslahat berilýändir. Bu serişdeleriň (Postinor, Eskapel) birinji gerdejigi kabul edilenden soň, ikinji gerdejigini 12 sagadyň (hökman) dowamynda kabul etmelidir.
Dowamy
Düzüminde gormon saklaýan gerdejikler iki sany aýallyk gormonlarynyň (estrogen we progestinler) emeli sintezirlenen görnüşlerini saklaýandyr we öz düzümleri, mukdarlary, häsiýetleri we ulanyş düzgünleri boýunça tapawutlanýandyrlar. Gormonal serişdeler häzirki wagtda iň ýaýran kotraseptiw usullaryň biri bolup, dogurmadyk aýallaryň arasynda hem ol netijeli ulanylýandyr.
Içilýän gormon gerdejikleri ýumurtgalyklaryň işjeňligini peseldip, aýallyk öýjüginiň emele gelmeginiň öňüni alýarlar, ýatgynyň boýunjygyndaky nemi goýaldyp, spermatozoidleriň ýatygynyň içine geçmegini kynlaşdyrýarlar.
Dowamy
Häzirki wagtda dermanhanalarda we söwda dükanlarynda prezerwatiwleriň dürli görnüşleri satylýandyr. Olar öz öndürijisi, hili, ululygy, reňki boýunça tapawutlanyp bilerler. Hatda düýgurlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň ýüzi halkalysy, digir-digirlisi, ýörite yslysy hem öndürilýär.
Prezerwatiwleriň kiçi, orta we uly ölçegdäki görnüşleri tapawutlandyrylýandyr. Uly prezerwatiwleriň gatnaşyk wagty sypyrylyp gaçmagy, kiçileriň bolsa ýyrtylmagy mümkindir. Ölçegleri seljermek üçin prezerwatiwler satyn alnanda onuň gabynyň arka tarapyna seredip, ýazylan maglumat bilen tanyşmalydyr.
Dowamy