Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

GAÝRAGOÝULMASYZ KONTRASEPTIW SERIŞDELER NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy terbiye 4Gaýragoýulmasyz kontraseptiw serişdeler öz düzüminde aýallyk gormonlaryň uly mukdaryny saklaýandyrlar. Adyndan belli bolşy ýaly, olar gaýragoýulmasyz, gyssagly ýagdaýlar ýüze çykanda ulanylýandyr: goragsyz jynsy gatnaşyklar geçirlende, zorlanma bolanda, gatnaşyk wagty prezerwatiwler ýyrtylanda. Olary goragsyz jynsy gatnaşyklar geçirlenden soň, birinji 72 sagadyň dowamynda kabul etmek maslahat berilýändir. Bu serişdeleriň (Postinor, Eskapel) birinji gerdejigi kabul edilenden soň, ikinji gerdejigini 12 sagadyň (hökman) dowamynda kabul etmelidir.

Gyssagly kontrasepsiýa serişdelerini ýygy ulanmak bolmaýar. Olaryň düzümindäki gormonlaryň ýokary mukdary aýbaşy bozulmalary, ganyň lagtalanma ukybynyň ýokarlanmagy (trombozlar) ýaly dürli gaýraüzülmelere getirip bilýändir. Lukmanlar gyssagly kontrasepsiýa usulyny ýylda iki gezekden ýygy ulanmazlygy maslahat berýärler.

Eger bu serişdeleri ulanmaga zerurlyk ýüze çyksa, lukmanyň maslahatyny almak hökmandyr!

  • 1031 gezek okalan