Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
ORAL JYNSY GATNAŞYKLARDA PREZERWATIW ULANMAK HÖKMANMY?
Keselleriň ýokuşma howplulygy oral jynsy gatnaşyklarda, adaty jynsy gatnaşyklardaky ýaly ýokary bolmasa-da, belli bir derejede howplylyk saklanýandyr. Eger agyz boşlugynyň nemli bardasynda ýaralar, kesikler bar bolsa, ýokuşma howpy has hem ýokarlanýandyr. Oral jynsy gatnaşyklarda merezýeliň (siflis), uçugyň, adamyň papilloma wirusynyň ýokuşmagy ähtimaldyr.
Lukmanlar wiruslaryň we bakteriýalaryň ýokuşma howplulygyny aradan aýyrmak maksady bilen prezerwatiwleri, ýörite niýetlenen lateks süpürgiçleri ulanmagyň wajypdygyny nygtaýarlar. Häzirki wagtda ýakymly ysly ýa-da dürli miwe tagamly prezerwatiwler öndürilýär we ulanmada olar oňaýsyzlyk döretmeýär.
- 152 gezek okalan