Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ZENANLAR ÜÇIN PREZERWATIWY NÄDIP ULANMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

zenanlar prezerwatiwyZenanlar üçin ulanmaga niýetlenen prezerwatiwler edil erkek prezerwatiwleri ýaly lateksden ýa-da poliuretandan edilýändir. Aýal prezerwatiwleri iki gapdaly maýyşgak halkadan ybarat, jynshanany ýadyňa salýan rezin turbajyk görnüşli serişdedir. Onuň bir tarap halkasy ýapykdyr we ol tarapy ýatgynyň boýunjygyna geýdirilip, erkek öýjükleriniň ýatga düşmeginiň öňi alynýandyr. Beýleki tarapy bolsa jynshanadan daşyna çykarylýp, uly jyns dodaklaryň üstünde goýulýandyr. Aýal prezerwatiwlerini jynshana bir aýagyňyzy oturgyjyň üstünde goýup salmak oňaýly bolýandyr. Ol jynshana doly salnandan soň, ony barmak bilen barlap görmek gerekdir, çünki onuň jynshanada towlanmagy mümkin.

Gatnaşykdan soň aýal prezerwatiwleri emaý bilen daşky halkadan tutulyp çykarylýandyr we daňlyp hem-de kagyza dolanyp zibilli bedrä atylýandyr.

Aýal prezerwatiwleri hem, edil erkek prezerwatiwleri ýaly dogry ulanylanda islenilmedik göwrelilikden we ýokançly kesellerden goranmaga kömek edýärler.

  • 107 gezek okalan