Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

UÇUK (GERPES) NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

jynsy terbiye 4Uçuk (gerpes) – wirusly kesel bolup, özboluşly toppaklaýyn düwmejikli örgünleriň derä we nemli örtüklere örmegi bilen häsiýetlidir. Köplenç bu wirus derini, gözleri, daşky jyns agzalary zeperlendirýän bolsa, has agyr ýagdaýlarda merkezi nerw ulgamy hem şikeslendirip bilýändir.

Adamda uçuk wirusynyň 8 sany görnüşi gabat gelýändir. Onuň I (ýönekeý uçuk) görnüşi agzyň töweregini zeperlendirse, II görnüşi jyns agzalaryň uçukly zeperlenmeleriniň sebäbi bolýar. Ýokançly mononukleaz, garamyk, gurşawly lişaý ýaly ünsi we bejergini talap edýän keselleri hem uçugyň görnüşleri döredýändir.

Uçugyň I görnüşi öpüşme arkaly, II görnüşi bolsa jynsy gatnaşygy arkaly ýokuşýandyr. Şeýle hem uçuk wirusy howa-damja ýoly bilen hem ýokuşyp bilýändir.

Ýönekeý uçuk içi dury suwuklykly, topbaklaýyn ýerleşýän düwme görnüşli örgünleri döredýär. Örgünleriň öňsyrasynda deride gijileme, ýanma döreýär, adam üşüdýär, özüni gowşak duýýar. Uçugyň wirusy bedene düşüp nerw süýümlerinde "ýerleşenden" soň ony bedenden aýyrmak başardanok we ol adamyň bütin ömrüne bedende ýaşaýar. Ýylyň sowuk paslynda, sowuklama kesellerinde, witamin ýetmezçiliginde wirus "oýanyp", alamatlary döredip bilýändir.

Häzirki lukmançylykda wirusy doly bedenden aýyrmasa-da, onuň köpelmegini basýan we alamatlaryny aýyrýan ençeme netijeli derman serişdeleri, öňüni alyş sanjymlary ulanylýar. Bu derman serişdelerini uçugyň görnüşine, keseliň geçiş aýratynlygyna, immun ulgamynyň ýagdaýyna görä lukman bellemelidir.

  • 1220 gezek okalan