Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

AIW-ÝOKANÇLYGY ÖPÜŞMEK ARKALY ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

jynsy terbiye 6AIW-ýokançlygy öpüşmek arkaly ýokuşyp bilmeýär. Çünki tüýkülikde onuň ujypsyz mukdary saklanyp, ol wirus göterijiligine getirip bilmeýär. Şeýle hem, tüýkülikde saklanýan ferment wirusy gowşatmaga kömek edýär.

  • 209 gezek okalan