Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

JYNSY GATNAŞYGY ARKALY GEÇÝÄN KESELLERE HAÝSYLAR DEGIŞLI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

jynsy terbiyeEger jynsy gatnaşyk (prezerwatiwsyz) goragly geçirilmese, bir jynsy gatnaşykda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň birnäçesi ýokuşup bilýändir. Diňe prezerwatiw ýokanç kesellerden we islenilmedik göwrelilikden goraýandyr. Bu keseller bakteriýalar, wiruslar, kömelejikler, ýönekeýler we mugthorlar arkaly döreýär.

Bakteriýa ýokançlyklary:

Merezýel (sifilis) – jyns gatnaşyklary arkaly geçýän howply, dowamly kesel bolup, jyns agzalaryndan başga-da, içki agzalary we beýnini zeperläp, dürli gaýraüzülmelere getirip bilýändir.

Sözenek – bu keseli döredýän bakteriýa esasan peşew çykaryş we jyns ulgamynyň nemli bardalarynda “ýaşamagy” halaýar. Ýöne ol göni içegäniň we agzyň nemli bardalaryny we gözleri zeperläp bilýändir.

Hlamidioz – bu has giňden ýaýran ýokançlyk bolup, esasan aýalyň we erkek adamynyň peşew çykaryş we jyns agzalaryny zeperlendirýändir.

Wirus ýokançlyklary:

AIW-ýokançlygy – adamyň immun ulgamyny zeperlendirýän bu wirus juda howply bolup, soňundan, degişli bejergi geçirilmese AIDS keseline getirýändir.

Jyns agzalaryny zeperleýän uçuk – jyns agzalaryndan başga-da, beýnini we nerw süýümlerini zeperleýär.

B we C gepatiti. Wirusy göteriji goragsyz jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşdyryp bilýändir. Esasan bagry zeperläp, bejerilmedik halatynda agyr kesellere getirip bilýändir.

Adamynyň papillomawirusy – deride we nemli örtüklerde, jyns agzalarynda siňňilleri we kondilomalary döredýär. Onuň käbir görnüşleri howply döremeleri döredip bilýändir.

Sitomegalowirus – esasan immun ulgamy gowşak adamlar we göwreli aýallar üçin uly howplulygy bilen bellidir.

Kömelekli ýokançlyklar:

Kandidoz – kömelejikler arkaly döreýän keseldir. Olar jynshananyň we göni içegäniň adaty mikroflorasynyň düzümine girýär. Eger belli bir ýagdaýlar sebäpli ol köpelse kandidoz keselini döredip, jynsy gatnaşyklarda geçip bilýändir.

Şeýle hem, ýönekeýjeleriň käbir görnüşleri adamynyň jyns agzalarynda ýaşap, jynsy gatnaşygy arkaly ýoldaşyna geçip bilýändir. Bu kesellere jynshana trihomonadasy arkaly döreýän trihomoniaz degişli edilip, ol iň ýygy ýaýran ýokançlyk hasaplanýar.

Jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän bitlilik keseli we gijilewük mugthorlar arkaly döreýändir.

Jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň dürli geçiş aýratynlygy we begergisi bolsa-da, olara mahsus umumy alamatlar bellenilýändir: jyns agzalarynda gyzarma, agyryly we ýygy buşukma, agyryly jynsy gatnaşyklar, jynsy agzalarda döreýän gijileme we ýanma duýgusy, ýaralar we başlar, jyns agzalardan bölünip çykmalar, adaty bolmadyk ganakmalar.

  • 2567 gezek okalan