Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

JYNSHANADAN YS GELÝÄR. BU ŞEÝLE BOLMALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy terbiye 3Adatça jynshananyň ýiti ysy bolmaýar. Ýaramaz, ýiti ysyň döremegi ýokançlyklaryň täsiri bilen sowuklama keselleriň döreýändiginden habar berýär:

Balygyň ysy – jynshananyň kadaly bakteriýalar toplumynyň düzüminiň bozulandygyndan habar berýär we bu ýagdaý "bakterial waginoz, jynshananyň disbakteriozy" diýlip atlandyrylýar. Bu ýagdaý gardnerella diýilýän bakterialar köpelende ýüze çykýar.

Gatygyň ýa-da turşan süýdiň ysy ýaly turşumtyl ys – kömelejikleriň täsiri bilen kandidoz keselinde döreýär. Bölünip çykmalar ak, digir-digir görnüşde bolup, jyns agzalarynda gijileme döredýär.

Iriňiň ysy – ylaýta-da bu alamat jyns agzalarynda döreýän agyrylar, ýanma, gijileme bilen utgaşanda, bedende sowuklamaly ojagynyň dörändiginden habar berýär.

Soganyň ysy – ak, sarymtyl ýa-da ýaşylymtyl bölünip çykmalar bilen utgaşýar. Şeýle ysyň döremegi immun ulgamy gowşanda, antibiotikler kabul edilende, endokrin kesellerde syn edilip, stressli ýagdaýlarda, göwrelilikde, aýbaşy wagty, aýbaşydan galma döwri güýjäp biler.

Sarymsaga meňzeş ys bolsa kandidoz keselinde, bakterial waginozda, jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerde syn edilip bilner. Şeýle ys başga ýagdaýlarda hem döräp bilýändir: jynsy gatnaşyklaryň başlanmagy, gormonal serişdeleriň kabul edilmegi, stressli ýagdaýlar, iýmitiň üýtgemegi.

Sirke ysly ak bölünip çykmalar bolsa şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmeýändigini aňladyp bilýändir.

Eger seni jynshanadan gelýän sarymtyl, ýaşylymtyl reňkli, ysly, gijileme, daşky jyns agzalarda agyrylar bilen utgaşýan bölünip çykmalar biynjalyk edýän bolsa, tizden-tiz ginekolog lukmanyna ýüz tutmalydyr. Lukman degişli barlag geçirip, netijeli bejergini almaga kömek eder.

  • 1238 gezek okalan