Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

ABORT ETMEK NÄME? OL SAGLYK ÜÇIN HOWPLUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

jynsy terbiye 5Abort – bu ýatgyda ösýän çaga düwünçegini lukmançylyk gurallary bilen gyryp aýyrmakdyr. Başgaça aýdylanda, göwrelilik togtadylýandyr.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, göwredäki çagany göwreliligiň 5-nji hepdesine çenli aýyrmak rugsat edilýär. 6-nji hepdeden 22-nji hepde aralyk möhletde çagany diňe bellenen lukmançylyk we sosial görkezmeler bilen aýyrmaga rugsat berilýändir. 2016-nji yýla çenli, kanuna görä, Türkmenistanda göwredäki çagany göwreliligiň 12-nji hepdesine çenli aýyrmak rugsat edilýärdi.

Abort zerur bolan ýagdaýynda diňe ýörite taýynlykly lukman tarapyndan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk edarasynda geçirilýär. Ýörite bar bolan düzgünlere görä, göwrelilik aýalyň saglyk ýagdaýyna howp salanda ýa-da düwünçegiň doga kemislikleri ýüze çykarlanda, abort lukmançylyk görkezmeleri bilen geçirilýär.

Eger gyz ýa-da aýal zorlanyp göwrelilik dörän bolsa, gyz nikada bolmasa ýa-da aýalyň ýoldaşy türmede (ýa-da ýogalan) bolsa abort sosial görkezmeler boýunça geçirlip bilner. Abort geçirmek üçin görkezmeleri ýörite döredilen lukmanlaryň topary kesgitleýär.

Her abort göwrelilige "sazlanan" endokrin ulgamyna zyýan ýetirip bilýär. Netije-de, aýbaşynyň bozulmagy we onuň uzak düzelmezligi ýüze çykyp bilýändir. Abortdan soň ýokançlyklaryň goşulyp, jyns agzalarynyň sowuklama keselleriniň döremegi, gan akmalar, önelgesizlik – bu saglyk üçin abortyň howply taraplarydyr. Geçirlen abortdan soň düwünçegiň galyndylarynyň galmagy, abort wagty ýatgynyň diwarlarynyň deşilmegi – bular abortyň howply gaýraüzülmeleridir.

Jynsy gatnaşyklarynyň geçirilmegine we kontrasepsiýa usullarynyň ulanylşyna çynlakaý garamak, her jübüdi abort geçirmeklikden halas edip biler.

  • 417 gezek okalan