Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MEN ÇILIMIŇ TÜSSESINDEN DEM ALMAN ÇEKSEM HOWPSUZMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cilimin tussesiÇilimiň tüssesinden dem alynman çekilmegi öýken we ýokarky dem alyş ýollary üçin zyýansyz ýaly bolup görünse-de, agyz boşlugy we damak üçin howpludyr. Çunki çilim tüssesiniň düzümine girýän (myşýak, benzol, poloniý, formaldegid we baş.) himiki maddalar bu agzalaryň nemli örtügini dowamly gyjyndyryp, agyz boşlugyň, diliň, dodaklaryň, damagyň rak keseliniň döremegine itergi berip bilerler.

Ýanynda duran çilimkeşiň tüssesinden dem almak göwreli aýalyň dogulmadyk çagasy üçin has hem howply bolup durýandyr. Çilimiň tüssesindäki himiki maddalar çaganyň möhüm agzalaryna – nerw we endokrin ulgamyna zäherleýji täsirini ýetirip biler. Ondan başga-da, çilim tüssesinden demiň alynmagy çaga ýoldaşynyň gan aýlanşygyna ýaramaz täsir edip, düşükleriň, wagtyndan öňki dogumlaryň ýüze çykmagyna, agramy pes çagalaryň dogulmagyna sebäp bolup biler.

  • 1286 gezek okalan