• Makalalar
  • COVID-19
  • ATIPIKI PNEWMONIÝA NÄME?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ATIPIKI PNEWMONIÝA NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

atipiki pnewmoniyaAtipiki (meňzeş däl) pnewmoniýa – "meňzeş, adaty" bolmadyk ýokançlyklaryň täsiri bilen döreýän we adaty bolmadyk alamatlar bilen geçýän öýken sowuklamalarynyň toparydyr.

Bu düşünje geçen asyryň 30-njy ýyllarynda has belli bolan bakterial pnewmoniýalardan aýyl-saýyl etmek üçin girizildi. Atipiki pnewmoniýalary mikoplazma, legionella, hlamidiý, eşerihii, şeýle hem gemofil taýajygy, gökiriň taýajygy, pnewmokokklar, stafilokokklar, agyr ýiti respirator sindromyň wirusy (rusça – wirus týaželogo ostrogo respiratornogo sindroma – TORS, iňlisçe – SARS) döredip bilýärler.

Atipiki pnewmoniýanyň agyr görnüşini koronawirus SARS we COVID-19 döredýändir.

Ýokuşma ýollary

Öýken sowuklamasyny ýaýradyjy – näsag adam ýa-da ýokançlygy göterijidir. Atipiki pnewmoniýa howa arkaly ýaýraýan bolsa-da, galtaşma ýoly bilen ýokuşma hem ret edilenok. Meselem, näsagyň ýokanjyny saklaýan tüýküligi ýa-da gakylygy düşen öý goşlaryny ellemek arkaly. Şonuň ýaly-da, lagym ulgamynda ýaşap öýe girýän mör-möjekler hem ýokançlygy geçirijiler bolup bilýändirler.

Häsiýetli alamatlar

Atipiki pnewmoniýalar gysga inkubasion möhlet bilen häsiýetlendirilip, ol 2-7 güni, seýrek ýagdaýda 10 güni düzýändir.

Bu pnewmoniýalar üçin häsiýetli alamatlar: beden temperaturasynyň ýokary galmagy, bokurdagyň agyrmagy we gury üsgülewik, beden agyrylary, gursakda döreýän agyrylar, demgysma.

Seýrek halatlarda ýürek bulanma, gaýtarma we içiň geçmegi ýüze çykyp, ol birnäçe gün dowam edip bilýändir.

Atipiki pnewmoniýanyň ýaýbaňlanmagy gyzdyrmanyň güýjemegi, howa ýetmezçilik duýgusy, demgysma, ýüregiň urmagy bilen häsiýetlenip, aýratyn agyr ýagdaýlarda infeksion-toksiki şok (bedeniň zäherlenmegi) ýüze çykyp bilýändir.

Çagalarda geçiş aýratynlygy

Uly adamlara garaňda, çagalarda atipiki pnewmoniýa ýeňil geçýändir. Alamatlary ýuwaşdan ýaýbaňlanyp, uly çagalar beden agyrsyna arz edip bilerler. Ýürek urmalar beden gyzgynlygynyň derejesine gabat gelmeýärler, demgysma seýrek ýüze çykýar. Üsgülewik bolan halatynda hem, umumy ýagdaýyň agyr bolmazlygy lukmana giç ýüz tutmagyň sebäbi bolýar.

Gaýraüzülmeler

Atipiki pnewmoniýa bejergi wagtynda geçirilmedik halatynda ýa-da dowamly beden keselleri bolan adamlarda plewrit, öýken dokumasynyň iriňlemegi, ýiti dem alyş ýetmezçiligi, septiki şok, sepsis, miokardit, nefrit, meningit ýaly keseller bilen gaýraüzülip bilýär.

Atipiki pnewmoniýa üçin ýokary ölümçilige getirmek häsiýetli bolup, bu has hem 65 ýaşdan uly adamlar üçin howplydyr. Şol sebäpli hem, atipiki pnewmoniýa ýapon ensefaliti, sary gyzdyrma, Lassanyň gyzdyrmasy, sarybaş, mergi keselleri bilen bir hatarda goýulýar.

Anyklama

Başlangyç anyklama çäreleri näsag bilen söhbetdeşlikden we bedeni barlamadan başlanýar.

Laborator barlaglardan ganyň umumy we biohimiki barlagyny geçirmek, gakylygy barlamak, bakteriologiki barlag, serologiki we immunoferment seljermesini geçirmek ulanylýar.

Lukmançylyk enjamlar bilen barlaglardan döş kapasasynyň rentgen barlagy we kompýuter tomografiýasy ulanylýar.

Bejergi çäreleri

Atipiki pnewmoniýanyň bejergi tertibi düzülende keseliň agyrlyk derejesi, näsagyň ýaşy we bar bolan dowamly keselleri göz öňüne tutulýandyr.

Bejergi çäreleri atipiki pnewmoniýa getiren ýokançlyga garşy derman serişdelerini (antibiotikler ýa-da wirusa garşy dermanlar) ulanmakdan, düşek düzgünini berjaý etmekden, dem alyş ýollaryň geçirijiligini kadalaşdyrmakdan, kislorod bilen bejergiden we gaýraüzülmeleriň öňüni almakdan düzülendir. Aýratyn agyr ýagdaýlarda bejergä öýkeniň emeli wentilýasiýasyny geçirmek goşulýandyr.

Öňüni almak we waksinasiýa

Atipiki pnewmoniýalary döredip biljek hemme ýokançlyklardan ýörite goraglylyk ýokdur. Streptokokklar we gemofil taýajygy bilen döreýän pnewmoniýa garşy waksina işlenilip ulanylýar.

Atipiki pnewmoniýa garşy waksinasiýa esasan kiçi çagalara (6 aýlykdan 5 ýaşa çenli), gartaşan adamlara we dowamly keselleri (bagryň, öýkeniň dowamy keselleri, süýjüli diabet) bolan adamlara geçirilýär.

Eger maşgalada atipiki pnewmoniýa bilen kesellän maşgala agzasy bar bolsa, goraglylygyň şahsy serişdelerini ulanmak, elleri ýygy we dogry ýuwmak, öý goşlaryny ýörite serişdeler bilen arassalamak wajypdyr.

Immun ulgamyny sagdyn durmuş ýörelgeleri we ýörite fiziki maşklar bilen pugtalandyrmak pnewmoniýalaryň ýokuşmagynyň öňüni almaga kömek edip bilerler.

  • 2272 gezek okalan