• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • SEPSIS: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE GAÝRAÜZÜLMELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEPSIS: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE GAÝRAÜZÜLMELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

sepsisSepsis bedeniň howply ýokançlyga bolan umumy jogabyny häsiýetlendirýär. Sepsisi başgaça ganyň zäherlenmegi, bakteriemiýa, septiki sindrom ýa-da alawlama hadysasyna ulgamlaýyn jogap sindromy diýip hem atlandyrýarlar.

Sepsis – ýerli ýokançlykly ýagdaýa jogap edip, bütin bedende, ulgamlaýyn döreýän alawlama hadysasydyr.

Sepsis haçan döräp bilýär?

Islendik ýokanç kesel sepsise getirip bilýändir. Adatça ganyň zäherlenmegi iriň dörediji bakteriýalaryň, seýrek halatlarda kömelejikleriň, mugthorlaryň ýa-da wiruslaryň täsiri bilen bolup geçýär. Köplenç septiki hadysa deridäki ýaralardan ýa-da bedendäki başga ýokançlykly ojakdan döräp bilýändir.

Köplenç sepsis angina, öýken sowuklamasy, hörezek keselli näsaglarda, dogumy gaýraüzülmeli geçen ýaňy doglan bäbeklerde, aýallarda dogrumdan soň, çyban çykanda ýa-da flegmonalarda, böwregiň we peşew çykaryjy ýollaryň bakterial kesellerinde ýaýbaňlanyp bilýändir. Sepsis hemişe gan aýlanşygy güýçli agzalaryň alawlama kesellerinde ýygy duş gelýändir.

Bäbeklerde sepsis nähili ýagdaýlarda döräp biler?

Göwredäki we ýaňy bolan çaga bakteriýalaryň ýokuşma howpy aşakdaky ýagdaýlarda ýokarlanýar:

↪ Göwreli aýalda sowuklama keselleriň bolmagy (böwregiň, ýumurtgalyklaryň, jynshananyň alawlama keselleri, wirusly keseller);

↪ Dogrum wagty aýalda ýokançlygyň bolmagy (mastit, endometrit, horionamnionit we baş);

↪ Dogrumda döreýän dowamly ýansuwsuz döwür;

↪ Amnionyň alawlama alamatlary ("hapa" ýansuwlar, çaga ýoldaşynyň üýtgemegi);

↪ Öýde geçen dogum; Dogum şikesleri;

↪ Dogumda döreýän ýiti kislorod ýetmezçiligi;

↪ Çaganyň wagtyndan öň dogulmagy – çaganyň beden agramy kiçi boldugyça, sepsisiň döreme howpy ýokarlanýandyr.

Septiki hadysa nähili döreýär?

Sepsis eýýäm bar bolan ýokançly ojakdan döreýär. Bedende täze ýokançly ojak döräp hem biler ýa-da dowamly ýokançly kesel beterleşip hem biler. Bedeniň islendik ýerinde ýokançlyk bilen galtaşma bolanda bedeniň göreşme ukyby (immunitet) onuň ýaýramagynyň öňüni alýar. Onuň üçin ol ýokançly ojaga leýkositleri "iberýär". Olar ýokançlyk bilen göreşip, ýerli alawlama ojagyny (çişme, gyzarma, şol ýeriň gyzmagy) döredýärler. Köp ýokançly hadysalar ýerli bolup, olar bedende ýaýramaýarlar. Köplenç ýokanç keseller zäherlenme alamatlary bilen geçýändir: beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, ysgynsyzlyk, ýürek bulanma, işdäsizlik.

Haçanda ýokançlyklar gan damarlaryna düşende olar ganyň akymy bilen beden agzalaryna düşýändirler. Bedeniň möhüm ulgamlarynda iriňli hadysalaryň döremegi näsagyň ýagdaýyny beterleşdirýändir: septiki endokardit ýüregiň işleýşine täsir edýär; beýnide onuň bardalarynyň zäherlenmegi bilen meningit, ensefalit döreýär; böwregiň septiki üýgemeleri onda kiçijik iriňli ojaklary emele getirýär; deriniň gan aýlanşygynyň bozulmagy kiçijik gan öýmelere getirip bilýändir.

Sepsisiň emele gelmegi üçin immun ulgamyň ýagdagynyň gowşaklygy, ýokançlygyň zäherlendirme ukybynyň ýokary bolmagy esasy şertler bolup durýandyr.

Sepsis nähili alamatlandyrylýar?

Septiki ýagdaýyň ýüze çykmagy aşakdaky alamatlar bilen häsiýetlendirilýär:

↺ Ýüregiň urma ýygylygy – 1 min. 90 urgydan ýygy;

↺ Dem alma ýygylygy – 1 min. 20 gezekden ýygy;

↺ Bedeniň temperaturasy 380 C ýokary ýa-da 360 C pes;

↺ Ganyň umumy barlagynda leýkositler 12x109|l ýokary ýa-da 4x109|l pes;

↺ Ýokançlygyň ilkinji dörän ojagynda hem üýtgemeler ýüze çykýar;

↺ Deride ýara bolsa – çişginlilik, agyry, alawlama güýjeýär;

↺ Anginada – badam görnüşli mäzler çişýär, agyry, ýuwdunmada agyry hem güýçlenýär;

↺ Piýelonefrit – agyry, böwregiň işiniň bozulmagy.

Ýokançlygyň bedene ýaýrap, möhüm agzalary zäherlände beýniniň ýagdaýy (huşuň üýtgemegi, özüni bilmezlik, koma), böwregiň işlemegi (bölünip çykýan peşewiň mukdary peselýär), bagryň işjeňligi bozulyp, agzalaryň işiniň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Bu ýagdaý wagtynda başlanýan bejergisiz näsagyň ölümine getirip biler.

Septiki şok näme?

Septiki şok – agyr ýokanç keselleriň jana howp salýan gaýraüzülmesi bolup, alawlama hadysasynyň täsiri bilen gan damarlarynyň giňemesi we gan basyşyň peselmegi, agzalarda ýüze çykýan kislorod ýetmezçiligi we agzalaryň işiniň ýetmezçiligi bilen häsiýetlendirilýändir.

Septiki şok ýokarda sanalyp geçilen alamatlar we sepsis bilen bagly gan basyşyň peselmegi (gipotenziýa) alamaty bilen kesgitlenýär – sistoliki gan basyşyň 90 mm. sim. süt-den peselmegi, orta gan basyşyň 70 mm. sim. süt-den pes bolmagy.

Köplenç septiki şok çagalarda, immun ýetmezçilikli näsaglarda, gartaşan adamlarda we abortlarda, has hem lukmançylyk edaralaryndan daşary geçirlen abortlarda (kriminal abort) duş gelýär. Ölümçilige getirme töwekgelçiligi 25-50% barabardyr.

Bejergi çäreleri nämelerden ýbarat?

Sepsisli näsagy bejermek reanimasion bölümlerde amala aşyrylýar. Bejerginiň esasy maksady- ýokançlyga garşy netijeli antibakterial serişdeleri saýlap, ulanmakdyr. Adatça antibiotikler ýa-da başga antibakterial serişdeler damardan göýberilýär. Ondan başga-da, beden zäherlenmesine garşy, ýüregiň işini, dem alşy, elektrolit çalşygyny kadalaşdyryjy, beden dokumalarynda kislorod üpçünçiligi gowlandyryjy serişdeleri ulanýarlar.

Sepsisiň başlanandygyna güman edilýän her bir näsag keselhana tizden-tiz getirilmelidir. Barlaglar bejerginiň her sagat gijikdirilmeginiň ölümçiligi 5-10 % ýokarlandyrýandygyny görkezýär.

  • 2331 gezek okalan