ÝURDA ONKOLOGIK WE GAN KESELLERINIŇ DERMANLARY GETIRILDI
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary bejermek üçin derman serişdelerini üpjün etmek boýunça ylalaşygyň çäginde, UNDP Türkmenistana onkologik we gan keselleriniň bejergisi üçin birnäçe derman serişdelerini gowşurdy:
↪ Paklitaksel;
↪ Immunoglobulin;
↪ Adamyň gan lagtalanma faktory VII;
↪ L-asparaginaza;
↪ Metotreksat;
↪ Trastuzumab;
↪ Rituksimab;
↪ Hlorambusil;
↪ Gidroksikarbamid.
2021-nji ýyldan bäri UNDP ýokanç däl keselleriň öňüni alyş we bejerişi üçin ýylda takmynan 60 dürli derman serişdesini ýurda getirip berýär. Bu proýektler dolulygyna Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Ýatladyp geçsek, ýokanç däl keseller Türkmenistanda ölümçiligiň öňüni çekip, ähli ölümleriň tas 70%-ne sebäpkärdir. Şonuň üçin-de, bu kesellere garşy netijeli göreşmek ilat saglygynyň iň wajyp zerurlyklarynyň biri bolup durýar.
Ýokarky habarda nähili dermanlaryň näme üçin getirilendigi aýdylsa-da, ilata möhüm bolan birnäçe jikme-jiklikler berilmeýär:
↪ Näsaglar bu dermanlary nirelerden alyp bilerler? Bular haýsy hassahanalara ýa-da saglyk öýlerine ýaýradylar? Ähli welaýatlara deň paýlanylarmy?
↪ Bu dermanlar mugtmy? Olaryň bahalary näçe? Näsaglara goşmaça tölegler ýa-da tutumlar garaşýarmy?
↪ Nähili möçberde üpjün edildi? Getirilen dermanlaryň dozalarynyň möçberi näçe? Bular näçe näsaga ýetýär ýa-da ähli näsaglara ýeter ýaly üpjünçilik barmy?
↪ Kimler ulanyp bilýär? Näsaglaryň we olaryň maşgalalarynyň özleriniň bu dermanlary almaga degişlidigi barada öwrenip bilmekleri üçin köpçülikleýin maglumat çeşmeleri ýa-da gyzgyn liniýalar barmy?