1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tkm cagalara beden temmisi"Çagalaryň beden temmisi kanuny taýdan gadagan hem bolsa, Türkmenistanda bu düşünje il içinde doly düşünilmeýär we öýlerde heniz hem çagalara terbiýe bermegiň bir görnüşi hökmünde beden temmisi berilýärmikä diýip aladalanýarys".

Beden temmisi dünýä ýüzünde çagalara edilýän zulumyň iň giň ýaýran görnüşi bolup, ol çagany awundyrmak ýa-da birahat etmek niýeti bilen ulanylýan fiziki temmini öz içine alýar. Beden temmisi çagalaryň adamçylyk mertebesine, fiziki wyždanlylyga, saglyga, ösüşe, bilime we ezýetden azatlyga bolan hukugyny bozýar.

Dowamy

  • 764 gezek okalan

AIW DIAGNOZY SEBÄPLI ZORLUGYŇ ARTMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aiw diagnozy sebapli zorlugyn artmasy“AIDS boýunça Ýewraziýa aýallarynyň tory" guramasy tarapyndan 2023-nji ýylyň iýun-awgust aýlary aralygynda Gazagystanda AIW bilen ýaşaýan aýallara garşy zorlugyň görnüşlerini (esasy 4 görnüşi, fiziki, psihologik, ykdysady we jynsy zorluk) öwrenmek üçin gözegçilik işi geçirilýär. Gözegçilikde AIW bilen ýaşaýan 130 sany aýal maşgala pikirsoraşma gatnaşýar. Gazagystanda AIW bilen ýaşaýan we zorlugy başyndan geçirýän aýaly şeýleräk suratlandyryp bolar: ýaşy 25-45 aralygynda, orta ýa-da hünärmenlik bilimi bar, nikada duran ýa-da nikasy hasaba alynmadyk, işlemeýär we garyplykda ýaşaýar, çagasy ýok ýa-da bir çagaly we özi we/ýa-da ýoldaşy neşe serişdelerini ulanyp gören.

Dowamy

  • 769 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aiw pes derejelerde saklandyEger-de çaga ene garnynda wagty, dogumda ýa-da ene süýdüniň üsti bilen AIW ýokuşsa, ol bedenindäki wirusyň mukdarynyň köpelmezligi we ölüm howply gaýraüzülmeleriň döremezligi üçin ömürboýy antiretrowirus terapiýasyny (ART) kabul etmeli bolýar. Çagalar üçin suwuk görnüşde berilýän ART dermanlary maşgalalar üçin agyr ýük bolup durýar:

Dowamy

  • 867 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dasarda yeke yoremekden gorkyarÝewropa we Merkezi Aziýa boýunça BMG-nyň aýallar sebitleýin edarasy 2022-nji ýylda Gazagystanyň Milli statistika gullugyna ýurtda "Durnukly ösüş maksatlarynyň statistikasyny" taýýarlamaga goldaw berdi. Bu iş "Her bir aýal-gyz gymmatly" atly gender maglumatlaryny we statistikasyny ösdürmek programmasynyň bölegi hökmünde geçirildi. Çap edilen hasabat ýurtda beýleki durnukly ösüş maksatlary bilen birlikde gender deňligi we netijeli edaralar barada hem möhüm görkezijileri aýan edýär.

Dowamy

  • 769 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

maymyn mamasy14-nji Awgustda BSGG m-mamasy hadysalarynyň Kongo ýurdunda aşa köpelmesini jemgyýetçilik saglygynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. Şondan bäri bu keseliň bütin dünýä salýan howpy barha artýar.

Awgustyň 15-ne bolsa, Şwesiýa ilkinji m-mamasynyň clade 1 hadysasyny hasaba alandygyny habar berip, Afrikanyň daşynda keseliň clade 1 görnüşini ýüze çykaran ilkinji ýurt boldy.

M-mamasy ýokançlygynyň iki dürli görnüşi bar we olar "clade 1" we "clade 2" atlary bilen tanalýarlar. Clade 1 görnüşi has ýokançly bolup, has agyr kesele we has köp ölüm hadysalaryna sebäp bolýar.

Dowamy

  • 812 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aids bizin sebitimizi hem nysana alyarTaryhda ilkinji gezek AIW ýokuşmalarynyň aglabasy Afrikanyň Günorta Sahara böleginde hasaba alynmady. "Bu bir tarapdan Afrika materiginiň gazanan üstünliginden habar berse, beýleki tarapdan dünýäniň başga ýerlerinde ýeterlik öňegidişligiň bolmandygyny görkezýär" diýip, BMG-nyň AIW/AIDS boýunça utgaşyk programmasy UNAIDS habar berýär.

Esasan-da, dünýäniň 3 sebitinde AIW ýokuşmalary barha artyp gelýär: Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA); Latyn Amerika; Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika.

Dowamy

  • 867 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

lgbt adamlaryn hukuklarySaglyk, hukuk, gender we seksual köpdürlülik boýunça ýewraziýa koalisiýasynyň (EKOM) ýakynda çap eden hasabaty Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA) sebitiniň 10 ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan we Ukraina) 2023-nji ýylda LGBT adamlaryň saglyk we beýleki hukuklarynda uly kanuny üýtgeşmeleri ýüze çykaryp, her ýurtdaky LGBT adamlaryň durmuş hiline täsir edýän kanuny päsgelçiliklere üns çekýär.

Dowamy

  • 931 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

sebitimizde azyk howpsuzlygyIýul aýynda ÝUNISEF "Azyk howpsuzlygynyň we iýmitiň ýagdaýy 2024" atly global hasabaty çap etdi. Hasabatda dünýä ýüzündäki açlyk ýagdaýlary iýmitden alynýan ýokum ýetmezçiligi bilen ölçenildi. Dünýä ilatynyň açlykda ýaşaýan bölegi 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli ep-esli artyp, ondan soňky 3 ýylyň dowamynda onçakly üýtgemedi. Afrikada bu görkeziji iň ýokary bolup, ilatynyň 20.4% açlykdan ejir çekýän bolsa, Aziýa 8.1% bilen ikinji orunda durýar (üçünji Okeaniýa (7.3%) we Latyn Amerika we Karib adalary (6.2%) dördünji). Şeýle-de bolsa, açlykda ýaşaýan adamlaryň sany boýunça (384.5 million) Aziýa sebitleriň başyny çekýär. Merkezi Aziýa sebitinde ýokum ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň sany 2006-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli 8.2 milliondan 2.4 milliona düşdi, emma Türkmenistanda şol ýyllar aralygynda bu görkeziji 0.2 milliondan 0.3 milliona çykdy.

Dowamy

  • 768 gezek okalan