"Çagalaryň beden temmisi kanuny taýdan gadagan hem bolsa, Türkmenistanda bu düşünje il içinde doly düşünilmeýär we öýlerde heniz hem çagalara terbiýe bermegiň bir görnüşi hökmünde beden temmisi berilýärmikä diýip aladalanýarys".
Beden temmisi dünýä ýüzünde çagalara edilýän zulumyň iň giň ýaýran görnüşi bolup, ol çagany awundyrmak ýa-da birahat etmek niýeti bilen ulanylýan fiziki temmini öz içine alýar. Beden temmisi çagalaryň adamçylyk mertebesine, fiziki wyždanlylyga, saglyga, ösüşe, bilime we ezýetden azatlyga bolan hukugyny bozýar.
End Corporal Punishment (Beden temmisiniň soňuna çyk) atly çagalara bolan zulumy ýok etmek maksady bilen döredilen başlangyç dünýäde bu ugurdan edilýän öňegidişliklere gözegçilik edýär, hökümetlere goldaw berýär we olary jogapkärçilige çekýär, ähli derejelerde guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär we adam hukuklarynyň ekspertlerinden düzülen garaşsyz komitetler bilen iş salyşýar.
Türkmenistanyň ýagdaýy
Türkmenistanda çagalara berilýän beden temmisi boýunça ECP guramanyň hasabaty iň soňky gezek 2022-nji ýylyň iýulynda täzelenipdir. Hasabatda Türkmenistanyň häzire çenli adam hukuklarynyň goralmagy boýunça ählumumy döwürleýin synynyň 3 gezek geçirilendigi (2008, 2013, 2018 ýyllarda) we bularyň dowamynda diňe 2013-nji ýylda ýurtda çagalaryň beden temmisiniň ähli ýerlerde gadagan edilmeginiň maslahat berlendigi aýdylýar. Ählumumy döwürleýin syn adam hukuklary komitetiniň mehanizmi bolup, BMG-nyň ähli agza ýurtlaryny her dört ýarym ýylda bir gezek adam hukuklary ýagdaýyny gözden geçirmäge çagyrýar.
Türkmenistan 2002-nji, 2012-nji we 2013-nji ýyllarda kabul eden milli kanunlaryna laýyklykda ýurtda çaga beden temmisini bermegiň ähli ýerlerde, şol sanda öýde hem bikanundygyny habar berýär. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde (85, 89 maddalar), Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky (35-nji madda) we Bilim hakyndaky (16-njy madda) kanunlarda çaganyň mertebesiniň peseldilmegine, onuň gorkuzylmagyna, oňa beden temmisiniň berilmegine, onuň janyna, saglygyna, terbiýesine we hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegine zyýan ýetirýän başga ynjytmalara ýol berilmeýär.
Muňa garamazdan, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň ýurtda çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hasabatyna berlen jemleýji synda garaşsyz ekspertler komiteti şeýle belleýär: "Çagalaryň beden temmisi kanuny taýdan gadagan hem bolsa, ýurtda bu düşünje il içinde doly düşünilmeýär we öýlerde heniz hem çagalara terbiýe bermegiň bir görnüşi hökmünde beden temmisi berilýärmikä diýip aladalanýarys".
↪ 2019-njy ýylda Türkmenistanyň hökümetiniň ÝUNISEF bilen bilelikde 9,612 çaganyň gatnaşmagynda geçiren sowalnamasyna (MICS) görä, 1-14 ýaş aralygyndaky çagalaryň 68.6%-i soňky aýyň içinde zalym terbiýeleýiş usulynyň azyndan bir görnüşini başdan geçiripdir.
↪ Çagalaryň 58.1%-i psihologik haýbat atmalara, 48.8%-i fiziki temmi berilmegine we 0.8%-i agyr derejede fiziki temmi berilmegine sezewar bolupdyr.
↪ Sowalnama gatnaşan çagalaryň diňe 30.3%-imi zulumy içine almaýan terbiýeleýiş usulyny başdan geçiripdir.
↪ 1-14 ýaş aralygyndaky çagaly eneleriň/idegçileriň 4,125 sanysynyň içinden 8.7%-imi çaga beden temmisini bermegiň möhümdigine ynanýandygyny aýdypdyr.
2024-nji ýylyň martynda BMG-nyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň komiteti Türkmenistandan beden temmisiniň bikanunlygyna gönükdirilen bilim maksatly we habardarlygy artdyryjy kampaniýalaryň taýýarlanylyşy we durmuşa geçirilişi barada maglumat sorady.
Muňa Türkmenistanyň hökümet resmileri şeýleräk jogap berdi: 2021-2024 ýyllar aralygynda çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça 29 sany seminar geçirildi. Çagalaryň, adalatçynyň edarasynyň we ÝUNISEF-iň gatnaşmagynda gurnalan çärelere 2021-2023 ýyllar içinde 500-den köp çagalaryň meseleleri ugrunda işleýän professionallar we 500-den köp çagalar gatnaşdy. 2020-nji ýylda çagalaryň hukuklaryny ara alyp maslahatlaşýan gepleşik ÝAŞLYK telelýaýlymynda görkezildi. Şeýle-de, Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň 20 müňden gowrak kitapçasy çagalara laýyk dilde çap edildi we ýaýradyldy.
Ýurdumyzda çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan beden temmisini aradan aýyrmakda ýeterlik kanunlaryň bardygy we çäreleriň geçirilýändigi nygtalsa-da, ýagdaýa doly düşünmäge we ýakyndan gözegçilik etmäge kömek edýän barlaglar yzygiderli geçirilmeýär, çäreleriň nähili netije berýändigi aýan edilmeýär. Bu bolsa ýakyn geljekde bu ugurdan uly özgerişlikleriň boljagyna şübhe döredýär.
Mähriban okyjy, seniň pikiriňçe Türkmenistanda ene-atalar näme üçin häli-häzire çenli beden temmisini çaga terbiýesiniň adaty bölegi hökmünde görýärler?
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.