MAÝMYN MAMASYNYŇ HAS ÝOKANÇLY GÖRNÜŞI ILKINJI GEZEK ÝEWROPADA HASABA ALYNDY
14-nji Awgustda BSGG m-mamasy hadysalarynyň Kongo ýurdunda aşa köpelmesini jemgyýetçilik saglygynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. Şondan bäri bu keseliň bütin dünýä salýan howpy barha artýar.
Awgustyň 15-ne bolsa, Şwesiýa ilkinji m-mamasynyň clade 1 hadysasyny hasaba alandygyny habar berip, Afrikanyň daşynda keseliň clade 1 görnüşini ýüze çykaran ilkinji ýurt boldy.
M-mamasy ýokançlygynyň iki dürli görnüşi bar we olar "clade 1" we "clade 2" atlary bilen tanalýarlar. Clade 1 görnüşi has ýokançly bolup, has agyr kesele we has köp ölüm hadysalaryna sebäp bolýar.
Şwesiýadaky kesel ýokuşan adam ýakynda Afrikada m-mamasynyň clade 1 görnüşiniň aşa köp ýaýran bölegine syýahat edipdir. Näsag häzirki wagtda bejergi alýar we şwed hökümeti näsagy ilatdan çetleşdirmek we kontakt yzarlamak ýaly zerur saglygy goraýyş çärelerini berjaý edýär. Ýurduň ilatyna abanýan howp pes bolsa-da, hüşgärligi elden bermeli däldigini ýurduň saglygy goraýyş resmileri bellediler.
BSGG-nyň Ýewropa boýunça edarasynyň müdiri Hans Kluge Şwesiýanyň bu dessin we aç-açan ädimleriniň ähli ýurtlara göreldedigini nygtap, Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky BSGG-nyň agzasy bolan 53 ýurduň hemmesini m-mamasyny anykmalak üçin gözegçiligi pugtalandyrmaga, ilata ýerlikli saglyk maslahatlaryny bermäge we waksina hem-de antiwirus serişdelerine bolan elýeterliligi berkleşdirmäge çagyrdy. Şeýle-de ol hökümetleri, saglygy goraýyş edaralaryny we köpçüligi m-mamasy ýokançlygynyň täsirine duçar bolan adamlaryň we toparlaryň mertebesini peseltmezlige we hukuklaryny bozmazlyga çagyrdy. Ol "biz nämäniň netije berýändigini bilýäris, emma bize etmeli zatlary berjaý etmäge syýasy isleg gerek" diýdi.
Kongoda häzirki ýagdaý
Saglyk hyzmatlaryny alyp bilmeýän ýüz müňlerçe adamyň dyknyşyk bosgunlar lagerlerinde ýaşaýan ýurdy bolan Kongo döwletinde ýokançlygyň bu görnüşiniň ýaýramasy dowam edýär. Geçen hepdä çenli ýurtda jemi ~16,000 hadysa hasaba alyndy we çagalaryň has uly töwekgelçilik astyndadygy aýdylýar. Muňa garamazdan, Kongo ýurdunda heniz hem waksina ýok.
"Gynançly ýeri waksinalar ýaýradylmaga taýýar, ýöne olaryň bu ýurtlara baryp ýetmesine böwet bolýan käbir zatlar bar" diýip, Global ösüş merkezinde Global saglyk syýasatynyň müdiri Javier Guzman belledi.