• Makalalar
  • COVID-19
  • KONTAKT YZARLAMAK NÄME? OL NÄME ÜÇIN WE NÄDIP EDILÝÄR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KONTAKT YZARLAMAK NÄME? OL NÄME ÜÇIN WE NÄDIP EDILÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 kontaktlarKontakt ýa-da aragatnaşyk yzarlamak ilat saglygynyň esasy funksiýasy bolup, lukmançylykda ýyllar boýy ulanylyp gelinýär. Bir adama keseliň ýokuşandygyny anyklaýyş testleri tassyklap bilýär. Kontakt yzarlamak arkaly bolsa, kesellän adamyň kimler bilen kontaktda bolandygyny öwrenip, şol adamlara keseliň ýokuşan bolmagynyň mümkindigini we olaryň keseli başgalara ýokuşdyryp bijekdigini duýduryp bolýar. Kontakt yzarlama döwründe, köplenç kesellän adamyň kontaktlaryna jaň edilýär, özlerini duýuşlary barada soralýar we wagtlaýynça şahsy karantinda bolmak maslahat berilýär. Karantin döwründe kontaktlaryň saglyk ýagdaýy gözegçilikde saklanylýar. Eger-de olarda keseliň alamatlary ýüze çykyp başlasa, saglyk we beýleki hyzmatlar berilýär.

Infeksiýa döwründe kesellän we kesellänler bilen kontaktda bolan adamlaryň keseli jemgyýete ýaýratmazlygyny gazanmak örän möhümdir.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg School of Public Health

  • 1771 gezek okalan