AIW BILEN DOGLAN ÇAGALARDA BEJERGI DURUZYLANDAN SOŇ BIR ÝYLLAP WIRUS PES DEREJELERDE SAKLANDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aiw pes derejelerde saklandyEger-de çaga ene garnynda wagty, dogumda ýa-da ene süýdüniň üsti bilen AIW ýokuşsa, ol bedenindäki wirusyň mukdarynyň köpelmezligi we ölüm howply gaýraüzülmeleriň döremezligi üçin ömürboýy antiretrowirus terapiýasyny (ART) kabul etmeli bolýar. Çagalar üçin suwuk görnüşde berilýän ART dermanlary maşgalalar üçin agyr ýük bolup durýar:

↪ Erbet ysly bolýar;

↪ Yzygiderli we hökmany belli wagtlarda berilmeli;

↪ Gymmat;

↪ Ençeme ýakymsyz ýan täsirleri bolup bilýär.

Täzelikde netijeleri çap edilen amerikan ylmy barlagynda düwünçekdekä AIW ýokançlygyna sezewar bolan dört çagada AIW bir ýyldan gowrak wagtlap anyklap boljak derejeden pesligine durdy. Barlaga 54 çaga gatnaşyp, olar doglanlaryndan soň 48 sagadyň içinde ART almaga başladylar. Çagalar bäş ýaşa ýetenlerinde olaryň içinden mynasyp saýylan 6 sanysynyň ART bejergisi duruzyldy we olaryň saglygyna we howpsuzlygyna ýakyndan gözegçilik edildi. Bu çagalaryň dördüsi 48 hepde we ondan uzak wagtlap anyklap boljak AIW derejelerinden azat gezdiler.

Ylmy barlagçylar näme üçin ART bejergisiniň wagtlaýynça duruzylmagynyň käbir çagalarda oňaýly netijeleri görkezendigine doly düşünmeýärler. Ýöne olar wirusy uzak wagtlap kontrolda saklamak üçin AIW derejelerini pese düşürmegiň möhümdigine ynanýarlar.

“AIW ýokanjyny kontrolda saklamak üçin gündelik ART kabul etmekden daşlaşmak bu çagalaryň durmuş hilini örän ýokarlandyrar. Wirusyň şeýle uzak wagtlap pes derejelerde durmagyna biz garaşmandyk. Wirusyň derejesiniň belli bir wagtdan soňra ýene artmagy bizi geň galdyrmaýar, çünki bejerginiň arasy kesilende şeýle bolýar. Bu netijeler bize çagalaryň her gün derman ulanman ýaşap biljekdigine umyt berýär” diýip, barlagyň protokol boýunça başlygy Dr. Ellen Çadwik gürrüň berýär.

Çeşme

  • 666 gezek okalan