SEBITIMIZDE LGBT ADAMLARYŇ HUKUKLARYNYŇ BOZULMAGY 2023-NJI ÝYLDA HEM ARTDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

lgbt adamlaryn hukuklarySaglyk, hukuk, gender we seksual köpdürlülik boýunça ýewraziýa koalisiýasynyň (EKOM) ýakynda çap eden hasabaty Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA) sebitiniň 10 ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan we Ukraina) 2023-nji ýylda LGBT adamlaryň saglyk we beýleki hukuklarynda uly kanuny üýtgeşmeleri ýüze çykaryp, her ýurtdaky LGBT adamlaryň durmuş hiline täsir edýän kanuny päsgelçiliklere üns çekýär.

EKOM we onuň hyzmatdaş guramalary 2023-nji ýylda GÝMA sebitinde 1387 sany adam hukuklarynyň bozulmasy hadysalaryny hasaba aldy. Bu hadysalar köplenç hukuk bozulmalaryň we hukuk bozujylaryň birnäçe görnüşini öz içine alýar. Hasaba alnan hadysalaryň 2022-nji ýyldakydan köp bolmagy sebitde LGBT adamlaryň hukuklaryny bozýanlaryň jogapkärçilige çekilmezliginiň dowam edýändigini görkezýär, esasan-da Özbegistanda, Ukrainada, Gruziýada, Russiýada we Gazagystanda. Şeýle-de bolsa, hasabatda LGBT toparlar bilen aragatnaşygyň gowulaşýandygy we hökümete degişli däl guramalara we maglumat ýygnaýjylara bolan ynamyň artandygy, şol bir wagtda olaryň öz hukuklary barada bilimleriniň hem artandygy bellenilýär. Pidalaryň köpüsi maglumat ýygnaýjylaryň öz tanyş-bilişleri bolup, başgalaryň başdan geçirmeleri ýazga alynman galýar. Proýektleriň esasan geýleri, biseksual erkek adamlary, erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleri we trans adamlary öz içine alýany üçin, lezbiýanlar we biseksual aýal adamlar hakda az maglumat ýygnaldy.

Hasabatda diňe LGBT adamlaryň däl, eýsem AIW bilen ýaşaýanlaryň, tenini satýan adamlaryň, migrantlaryň we bosgunlaryň hem hukuklarynyň bozulan ýagdaýlary bellenilip geçilýär. Meselem, bosgunlaryň ýurda salynmazlygy ýa-da AIW statuslylaryň gorkuzylmagy. Sebitde 703 hadysa seljerilip, 2815 gezek hukuk bozulmalaryň bolup geçendigi anyklanyldy. Seljermede ýurtlardaky tendensiýalar, gorkuzmalar we oňyn özgerişlikler göz öňünde tutuldy. Hukuk bozulmalar birnäçe toparlara bölünip hasaba alyndy. Olaryň käbiri: "fiziki zyýan", "ruhy zyýan", "sütem etmek", "öýdäki zorluk", "hyzmat bermekden boýun gaçyrmak", "saglyk hukuklaryny bozmak" ýa-da "zor bilen öýden çykarmak".

Maslahatlar

Sebitde hasaba alynýan adam hukuklary bozulmalary her ýyl barha artyp gelýär we 2023-nji ýylyň görkezijileri hem muňa şaýatlyk edýär. Emma welin, hasaba alynýan hadysalaryň köpelmegi hasabatlaryň hiliniň hem ýokarydygyny aňlatmaýar. Şonuň üçin-de, hukuk bozulmalaryny has gowy anyklap we habar berip bolar ýaly, LGBT toparlaryň öz hukuklaryndan habarly bolmagyny gazanmak möhümdir. LGBT adamlaryň has gowy kabul edilýän ýurtlarynda olaryň öz hukularyny goramak islegleriniň artýandygyna syn etmek bolýar. Emma, LGBT adamlara jemgyýetde kän ýer berilmeýän we meňzeş jynsly gatnaşyklaryň jenaýata çekilýän ýurtlarynda öz hukugyny talap etmek isleýänlere köplenç has zabun daraşylýar, esasan-da hukuk goraýjy edaralarda.

Gynansakda, adam hukuklarynyň bozulmasynyň belli görnüşleri – zorlamak, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak, gorag üpjün etmezlik, lukmançylyk kömegini bermezlik we ş.m. – heniz hem giňden ýaýran. Saglyk işgärleriniň LGBT adamlaryň hukuklaryny bozmasy hem ýaýgyn we ulgamlaýyn mesele bolup galýar. Lukmançylyk işgärleri bilen yzygiderli bilim maksatly çäreleri geçirmek olaryň çydamlylygynyň berkemesi we diskriminasiýasyz hyzmat bermekleri üçin wajypdyr.

Tenini satýanlara zulum edilmegine we resminamalarda genderiňi üýtgetmekde bökdençliklere hem köp duş gelmek bolýar. Jynsy orientasiýasy sebäpli bosgunlaryň resminamalarynyň kabul edilmezligi, öýdäki zorlugyň köpelmegi, sosial mediýada we köpçülik ýerlerinde ýigrençli diliň ulanylmasyna köplenç jeza berilmezligi hem dowam edýär. Bularyň ählisine ýerlikli çäre görmek bolsa ulgamlaýyn özgerişlikleri geçirmegi talap edýär.

Çeşme

  • 209 gezek okalan