SEBITIMIZDE AZYK HOWPSUZLYGY GOWULAŞÝARMY ÝA ÝARAMAZLAŞÝAR?
Iýul aýynda ÝUNISEF "Azyk howpsuzlygynyň we iýmitiň ýagdaýy 2024" atly global hasabaty çap etdi. Hasabatda dünýä ýüzündäki açlyk ýagdaýlary iýmitden alynýan ýokum ýetmezçiligi bilen ölçenildi. Dünýä ilatynyň açlykda ýaşaýan bölegi 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli ep-esli artyp, ondan soňky 3 ýylyň dowamynda onçakly üýtgemedi. Afrikada bu görkeziji iň ýokary bolup, ilatynyň 20.4% açlykdan ejir çekýän bolsa, Aziýa 8.1% bilen ikinji orunda durýar (üçünji Okeaniýa (7.3%) we Latyn Amerika we Karib adalary (6.2%) dördünji). Şeýle-de bolsa, açlykda ýaşaýan adamlaryň sany boýunça (384.5 million) Aziýa sebitleriň başyny çekýär. Merkezi Aziýa sebitinde ýokum ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň sany 2006-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli 8.2 milliondan 2.4 milliona düşdi, emma Türkmenistanda şol ýyllar aralygynda bu görkeziji 0.2 milliondan 0.3 milliona çykdy.
Açlykdan başga-da, dünýä ýüzünde orta we ýokary derejeli azyk ýetmezçiligi pandemiýadan öňki ýagdaýyndan hem has ýaramazlaşdy. 2023-nji ýylda dünýä ilatynyň 30%-e golaýy orta ýa-da ýokary derejeli azyk ýetmezçiliginde ýaşaýar, ýagny olar wagtly-wagtynda doýa-gana naharlanyp bilmeýärler diýlip hasaplanylýar. 2021-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýada ýokary we orta derejeli azyk ýetmezçiliginde ýaşaýanlaryň sany 2.4 million azalyp, 13.9 milliona düşýär, şol bir wagtda sebitde ýokary derejeli azyk ýetmezçiligini başdan geçirýänleriň sany hem 1 million azalyp 3.3 milliona gelýär. Hasabatda Türkmenistan boýunça bu sanlar berilmeýär, emma iýmit we ýokum ýetmezçiligi sebäpli döreýän keseller we saglyk bozulmalary baradaky käbir sanlar aýan edilýär:
↪ 2022-nji ýylda 5 ýaşdan kiçi çagalaryň boýuna görä aşa horlarynyň göterimi: 4.1%.
↪ 5 ýaşdan kiçi çagalaryň ýaşyna görä aşa kelte boýlularynyň göterimi 2012-2022 ýyllar aralygynda 12.5%-den 6.7-e düşýär.
↪ 2012-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli 5 aýa çenli diňe ene süýji bilen iýmitlendirilýän çagalaryň göterimi 10.9%-dan 56.5%-e çykýar.
↪ 2012-2020 ýyllar boýunça agramy pes dogulýan çagalaryň görkezijisinde uly tapawut görülmeýär, degişlilikde 4.9% we 4.3%.
↪ Kämillik ýaşyndan geçen ulularyň arasynda semizlik 2012-2022 ýyllar aralygynda 17.2%-den 21.4%-e çenli artýar.
↪ 15-49 ýaşly aýal-gyzlaryň arasynda ganazlykdan ejir çekýänler hem 2012-nji ýylda 25.3% bolan bolsa, 2019-njy ýylda 26.6%-e çykýar.
Sagdyn iýmitlenmäniň bahasy we elýeterliligi
Sagdyn iýmitlenmäniň bahasy – bu görkeziji ýurt boýunça mümkin bolan iň amatly we iň ýokumly iýmitleriň ortaça bahalaryndan düzülýär we adama ýeterlik ýokum we energiýa üpjün edýän hem-de ýerli bazarlarda satylýan dürli görnüşli azyk önümlerini öz içine alýar. Soňra sagdyn iýmitlenmäniň bahasy döwlet girdejisiniň her adama paýlanylyşy bilen deňeşdirilip, sagdyn iýmitlenmäge maddy ýagdaýy ýetmeýän adamlaryň sany hasaplanylýar. 2022-nji ýylda dünýäniň ilatynyň 35.5%-i (2.83 milliard adam), şol sanda Merkezi Aziýanyň ilatynyň 16.3%-iniň sagdyn iýmitlenmäge ýagdaýy ýetmeýär diýlip hasaplanyldy. 2022-nji ýylda Latyn Amerikada we Karib adalarynda satyn alyş güýji pariteti (SGP) 4.56 dollar bolan bolsa, Aziýada 4.20 SGP dollary, Afrikada 3.74 SGP dollary, Demirgazyk Amerika we Ýewropada 3.57 SGP dollary. Sebitimiz barada aýtsak, Merkezi Aziýa boýunça 2022-nji ýylyň SGP görkezijisi 4.14 dollar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde 2017-nji ýyldan bäri diňe Türkmenistan boýunça sagdyn iýmitlenmäniň bahalary we sagdyn iýmitlenmäge ýagdaýy ýetmeýän ilatyň sany näbelliligine galýar.
Sebäpler we çözgütler
Pes we orta-girdejili ýurtlaryň köpüsi (63%) maliýe serişdelerini almakda kynçylyk çekýärler, bu bolsa ýokum ýetmezçiligini we çagalaryň sagdyn ösmezligini ýaramazlaşdyrýar. Maliýe serişdeleri çäkli bolan ýurtlar köplenç maliýe töwekgelçiliginiň uludygy sebäpli hususy maýa goýumlary özüne çekmeýärler we grantlara ýa-da az prosentli kreditlere bil baglamaly bolýarlar. Şonuň üçin, innowasion ýollar arkaly has köp maýa goýujylaryň gyzyklanmasyny gazanmak, şol sanda aýallaryň hem maliýe hyzmatlaryndan peýdalanma mümkinçiliklerini artdyrmak we paýdarlaryň arasynda ylalaşygy gowulandyrmak möhüm çözgütler hasaplanylýar. Şeýle-de, azyk howpsuzlygyna zyýanly täsir edýän ulgamlaýyn kemçilikler, syýasy durnuksyzlyk we ygtybarly maglumatlaryň ýetmezçiligi ýaly meseleleri hem çözmek ýurtlara maslahat berilýär.
Çeşme