AIW DIAGNOZY SEBÄPLI ZORLUGYŇ ARTMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aiw diagnozy sebapli zorlugyn artmasy“AIDS boýunça Ýewraziýa aýallarynyň tory" guramasy tarapyndan 2023-nji ýylyň iýun-awgust aýlary aralygynda Gazagystanda AIW bilen ýaşaýan aýallara garşy zorlugyň görnüşlerini (esasy 4 görnüşi, fiziki, psihologik, ykdysady we jynsy zorluk) öwrenmek üçin gözegçilik işi geçirilýär. Gözegçilikde AIW bilen ýaşaýan 130 sany aýal maşgala pikirsoraşma gatnaşýar. Gazagystanda AIW bilen ýaşaýan we zorlugy başyndan geçirýän aýaly şeýleräk suratlandyryp bolar: ýaşy 25-45 aralygynda, orta ýa-da hünärmenlik bilimi bar, nikada duran ýa-da nikasy hasaba alynmadyk, işlemeýär we garyplykda ýaşaýar, çagasy ýok ýa-da bir çagaly we özi we/ýa-da ýoldaşy neşe serişdelerini ulanyp gören.

Bu aýallaryň AIW-pozitiw bolmasy sebäpli olar psihologik basga sezewar edilip, mertebeleri peseldilýär. Olaryň:

↪ ýarysyndan köpüsi AIW diagnozy goýlany bäri zulum edilmelere duçar bolupdyr;

↪ takmynan üçden birine lukmançylyk kömegini ýa-da jemgyýetçilik we başga görnüşli kömekleri almak we işlemek gadagan edilipdir;

↪ aglabasy iň köp fiziki zorlugy (98%) başdan geçiripdir we/ýa-da geçirýär;

↪ fiziki zorlugy başdan geçirenleriniň köpüsi ýalňyzlyk, gorky, ynjalyksyzlyk, dowla düşme, depressiýa, hatda janyňa kast etmek isleginiň döremegi ýaly zorlugyň zyýanly psihologik täsirlerine hem duçar bolupdyrlar;

↪ diňe bäşden biri fiziki zorlukdan çykalga gözläpdir.

Zorlukdan çykalga gözlän aýallar hökümete degişli däl guramalaryň üpjün edýän kömegini hili boýunça ýokary orunda goýýarlar, emma polisiýanyň we krizis merkeziniň hyzmatlarynyň hiline pes baha berýärler. Zulumly ýagdaýyna çykalga gözlemedik aýallar munuň sebäbini kömek beriljegine, adalatyň dikeldiljegine ynanmaýandyklary, utanýandyklary we köpçülikde ýazgarylmakdan gorkýandyklary bilen düşündirýärler.

Gözegçilige gatnaşan aýallaryň aglabasy AIW programmalaryna gatnaşyk gören hem bolsalar, olaryň zorluga duçar bolanlarynyň diňe ýarysy özlerine kömek edip biljek gaçybatalgalaryň we krizis merkezleriniň bardygyndan habarly ekenler. Telefon arkaly psihologik kömegi, jemgyýetçilik kömegini, hukuk kömegini we zorluga sezewar bolanlar üçin lukmançylyk kömekgini alyp bolýandygyny bolsa köpüsi bilmeýän ekeni.

Gözegçiligiň netijelerine esaslanyp, hasabatyň awtorlary Gazagystanda AIW bilen ýaşaýan aýallara edilýän zulumyň görnüşlerine netijeli çäreleri gözlemegi we durmuşa geçirmegi üçin aktiwistleriň, aýallar jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, köpdürli guramalaryň gatnaşmagynda alyp barmagy maslahat berýärler.

  • 89 gezek okalan