GAZAGYSTANDA HER IKI AÝAL-GYZDAN BIRI GIJE DAŞARDA ÝEKE ÝÖREMEKDEN GORKÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dasarda yeke yoremekden gorkyarÝewropa we Merkezi Aziýa boýunça BMG-nyň aýallar sebitleýin edarasy 2022-nji ýylda Gazagystanyň Milli statistika gullugyna ýurtda "Durnukly ösüş maksatlarynyň statistikasyny" taýýarlamaga goldaw berdi. Bu iş "Her bir aýal-gyz gymmatly" atly gender maglumatlaryny we statistikasyny ösdürmek programmasynyň bölegi hökmünde geçirildi. Çap edilen hasabat ýurtda beýleki durnukly ösüş maksatlary bilen birlikde gender deňligi we netijeli edaralar barada hem möhüm görkezijileri aýan edýär.

Gender deňligi

Gender deňligini gazanmak üçin Gazagystan iki sany täze kanun kabul edýär. Olaryň biri "Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri", beýlekisi bolsa öýdäki zorlugyň nämedigini we onuň öňüni alyş ýollaryny kesgitleýän "Öýdäki zorlugyň öňüni almak hakynda kanun". Ýurtda öýdäki zorluga sezewar bolýan aýal-gyzlaryň möçberi welaýatdan welaýata üýtgäp, ýurduň demirgazygynda 31.2%-e çenli baryp ýetýär. Şeýle-de, 2018-nji ýylyň hasabatyna görä, aýallaryň hojalykda erkeklerden 3 esse köp tölegsiz işleri edýändigi bellenilýär.

Parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli edaralar

2021-nji ýylda gazagystanlylaryň 41%-i polisiýa işgärlerine doly ynanýandyklaryny aýdýarlar. Ilatyň polisiýa bolan garaýşy we ynamy esasan metbugat habarlaryna we neşirlerine, onlaýn çeşmelere, tanyş-bilişleriň pikirlerine we şahsy tejribä esaslanýar.

Ýurtda ýeke özi gijelerine daşarda ýöremegi howpsuz duýýan raýatlaryň hem sany barha artyp, 2021-nji ýylda 58.8%-e ýetýär. Emma welin, erkeklere garanyňda (62.3%) aýal-gyzlaryň diňe ýarysy (55.7%) daşarda gije arkaýyn ýöräp bilýändigini aýdypdyr.

Bilkastlaýyn öldürmeleriň sany hem 2021-nji ýylda her 100 müň adamdan 3 adam bolup, pida bolýanlaryň 75%-iniň erkeklerdigi habar brilýär. Şol sanda, adam söwdasyna duçar bolýanlaryň hem sany 2015-nji ýyldan bäri peselip, her 100 müň adamdan 2.5 hadysadan 1.1 hadysa düşýär.

Galyberse-de, maglumatlar korrupsiýany we parahorlugy azaltmakda geçirilýän çäreleriň oňaýly netijeleri berendigini görkezýär. 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende (34.2%), 2021-nji ýylda soňky 12 aýyň içinde döwlet işgärine para beren adamlar 2.5 esse azalýar (13.7%).

Çeşme

  • 102 gezek okalan