GEÇEN ÝYL ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝADA GYZAMYK 47% KÖPELDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gyzamyk kopeldi2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 2024-nji ýylda sebitiň 59 ýurdunda takmynan üç esse köp gyzamyk hadysalarynyň hasaba alnandygyny BSGG habar berýär.

BSGG-nyň bellemegine görä, gyzamygyň köpelmegine onuň sanjymyny alýanlaryň azalmagy sebäp bolýar. Gyzamyk şeýle bir ýokançly welin, hemmeleri ondan goramak üçin adamlaryň azyndan 95%-i oňa garşy sanjym almaly.

Geçen ýyl bütin dünýäde çagalaryň diňe 84%-i sanjymyň ilkinji dozasyny alypdyr, ikinji dozasyny welin diňe 76%-i. Bu 30 milliondan hem köp çaganyň 2024-nji ýylda ýokançlykdan goragsyz galandygyny aňladýar.

BSGG haçanda waksinasiýa derejeleri peselende köplenç gyzamygyň ilkiji bolup ýaýraýandygyny aýdýar. Hadysalaryň köpelmegi bolsa saglygy goraýyş ulgamyndaky we immunizasiýa programmalaryndaky kemçilikler bilen baglanyşdyrylýar.

Gyzamygy ýeňip geçýän çagalaryň hem pnewmoniýa, körlük ýa-da beýnä zyýan berýän saglyk gaýraüzülmelere uçrama töwekgelçiliginiň ýokarydygyny bellemek zerurdyr. Şonuň üçin BSGG bütin dünýäde gyzamygy ýok etmek üçin hökümetleri has köp maýa goýum goýmaga we tagallalaryny pugtalandyrmaga çagyrýar.

"Gyzamyk hiç bir ýurduň serhedini sylamaýar. Emma, ilatda her bir çaga sanjym alanda, örän gymmada düşýän kesel ýaýrawlarynyň öňüni alyp bolýar, ölümleriň sanyny azaldyp bolýar we bu keselden tutuş milletleri azat edip bolýar." diýip, BSGG-nyň baş müdiri Tedros Gebreýesus belleýär.

  • 10 gezek okalan