ANTIBIOTIKLER GÜÝÇDEN GAÇÝARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

drug resistant featureIndi dünýädäki ölümleriň aglabasy mikroblaryň antibiotik serişdelerine bolan durnuklylygy zerarly ýüze çykýar. 2019-njy ýylda antibiotiklere durnukly bakteriýalaryň infeksiýasy 1.2 million (has kän bolmagy örän ähtimal) adamyň ölümine getirdi.

200 ýurduň we territoriýanyň derňewleriniň jemi bolan täze barlagda antibiotiklere durnuklylygyň AIW/AIDS we malariýa (gyzzyrma) kesellerinden hem köp adamy öldürýändiginiň üsti açyldy. Bu ölümleriň müňlerçesine köp duş gelýän we öň bejerilip ýörlen infeksiýalar sebäp bolýarlar. Indi welin, bu kesellere sebäp bolýan bakteriýalara antibiotik bejergiler täsir etmän başlady.

Antibiotiklere durnuklylyk ähli ýaşdaky adamlara howp salýan hem bolsa, ol çagalara has uly howp salýar. 5 ýaşdan kiçi çagalaryň bäşden biri antibiotiklere durnuklaşan infeksiýalardan ýogalýarlar.

Haçanda iň soňky çykalga hökmünde ulanylýan antibiotikler (mes: wankomisin, karbapenem antibiotikler topary) hem täsirliligini ýitirseler, biziň elimizde örän az sanly bejergi görnüşleri galar. Olar hem käbir ýagdaýlarda netije bermän, ölüme hem eltip biler. Şeýle-de, soňky çykalga hökmünde ulanylýan antibiotiklere garşy durnuklylygyň döremegi rak keseliniň bejergileri we organ transplantasiýasy ýaly, ölümden halas ediji proseduralaryň täsirini gaçyrar.

drug resistant

Hasabatda berilýän maslahatlar: Bar bolan antibiotikleriň sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli; infeksiýalaryň ünsde we kontrolda saklanylyşyny ykjamlaşdyrmaly; täze antibiotikleri we bejergileri taýýarlamak üçin maýa goýumy artdyrmaly.

The Economist

  • 791 gezek okalan