ANTIBIOTIGE DURNUKLYLYGA GARŞY GÖREŞDE SENIŇ ROLUŇ ULY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

antibiotik durnuklylygy18-24-nji noýabr aralygynda Antibiotikleri dogry ulanmagyň bütindünýä hepdeligi bellenip geçilýär. Onuň esasy maksatlary:

◉ Mikroblaryň antibiotik serişdelerine bolan durnuklylygyna üns çekmek;

◉ Adamlary we saglyk işgärlerini bejergileri dogry we ýerlikli ulanmaga ugrukdyrmak;

◉ Kanun çykaryjylara we döwlet edaralaryna dermanlara durnukly ýokanç keselleriň ýaýramagyna ýol bermezligi ündemek.

Antibiotik serişdelerine bolan durnuklylyk – bu bakteriýalaryň, wiruslaryň, kömelekleriň (gribok), we parazitleriň dermanyň täsirine öwrenişmegidir. Bu hadysa köp duş gelýän ýokanç keselleriň bejergisini kynlaşdyryp, keseliň ýaýramagyna, agyrlaşmagyna we ölümçiligiň artmagyna eltip bilýär.

Anbiotikleri zerur bolmadyk ýagdaýda ulanmak, mikroblaryň olara bolan durnuklylygyny güýçlendirýär. Netijede, antibiotikler zyýanly bakteriýalary ýok etme ukybyny ýitirýär we saglyk ulgamy şeýle bakteriýalaryň öňünde çäresiz galýar. Bu bolsa, Türkmenistanyň ilatynyň saglygyna abanýan howplaryň iň ulularyndan biridir. Şeýle hem, antibiotikler zyýanly mikroblary ýok etmek bilen bir hatarda bizi keselçiliklerden goraýan peýdaly bakteriýalary hem öldürýärler. Şol sebäpli, antibiotik üçin dermanhana ylgamazdan ozal, mazaly oýlanmak gerek.

Antibiotikleri çakdan aşa ýa-da nädogry ulanmak biziň HEMMÄMIZE howp salýar.

Antibiotik bejergisine durnuklylygy güýçlenýän inçekesel, sözenek (gonoreýa), salmonellýoz ýaly bakteriýalaryň sany gitdigiçe artyp, olaryň bejergisi kynlaşýar. BSGG antibiotiklere durnuklaşan käbir keselleri bejermegiň täze düzgünnamasyny işläp düzdi. Düzgünnamada sözenegi mundan beýläk hinolon antibiotikler topary bilen bejermek maslahat berilmeýär. Şeýle hem, BSGG her ýurduň içindäki mikroblaryň antibiotige durnuklylyk derejesini berk gözegçilikde saklap, şoňa laýyklykda degişli antibiotik bejergesini gerekli mukdarda we keseliň başlangyç döwründe bermegi ündeýär. Bu meselede saglygy goraýyş işgärlerine düşýän jogapkärçilik uludyr. Saglygy goraýyş işgärleri antibiotik bejergisini ýazmaga örän seresaply çemeleşmelidirler.

Antibiotik durnuklylygyna garşy göreşde her kimiň möhüm roly bar. Munuň üçin, aşakdakylary berk ýatda saklap, ýakynlarymyz bilen paýlaşsak, ýurdumyzda mikroblaryň antibiotik serişdelerine bolan durnuklylygynyň öňüni almaga uly goşant goşarys:

▶ Ýokançlyklaryň ählisi antibiotikler bilen bejerilmeýär! Sowuklama ýa-da dümew ýaly wiruslary antibiotikler öldürmeýär. Şonuň üçin, lukmanyň özi maslahat bermese, antibiotik bejergisini talap etme!

▶ Diňe ýörite özüň üçin ýazylyp berlen antibiotikleri ulan. Olary maşgalaň ýa-da ýakynlaryň bilen paýlaşma!

▶ Antibiotikleri çakdan aşa ulansaň, ýok etjek bolýan bakteriýaň bejergä durnuklaşýar, ýagny bejergi täsir etmeýär.

▶ Antibiotiklere durnukly ýokançlyklar islendik ýerdäki we ýaşdaky islendik adama ýokuşyp bilýär! Bu bakteriýalar adamdan, haýwandan, iýmitden ýa-da daş-töweregimizdäki predmetlerden hem ýokuşyp bilýärler.

▶ Antibiotiklere durnukly ýokançlyklar bejerginiň has gymmada düşmegine, keseliň uzak dowam etmegine, şeýle hem, ölüme eltip bilýärler.

Şonuň üçin hem, antibiotik bejergisine örän seresaply çemeleş we bejergi almazdan ozal, hökman lukman bilen maslahatlaş!

Türkmenistanda 01.07.2019 ý. senesinden başlap, üçünji nesil antibiotikleri dermannamasyz satmak gadagan edildi. Hormatly okyjy, sen bu karary goldaýarmyň? Antibiotikler bilen baglanyşykly nähili wakalary başdan geçirip gördüň? Olary dermannamasyz satyn alyp gördüňmi, nireden?

  • 132 gezek okalan