Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
INÇEKESELDEN GORANYŇ!
Inçekesel ýokanç kesel bolup, ol adamlaryň, haýwanlaryň, guşlaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Kesel nemes alymy Pobert Koh tarapyndan açylan inçekesel taýajyklary arkaly (oňa Kohuň taýajyklary hem diýilýär) döreýär. Kesel ýokuşandan soň birbada keseliň alamatlary ýüze çykman hem biler. Inçekesel taýajyklary köp ýyllaryň dowamynda adam bedeninde ýaşap, belli bir sebäpleriň täsiri netijesinde bedeniň kesellere durnuklylyk ýagdaýy gowşanda "oýanyp" bilerler. Ýaşaýşyň sosial şertleriniň ýaramazlaşmagy, iýmitlenmegiň ýeterlik bolmazlygy, garrylyk, nerw dartgynlylygy, alkogolizm, neşekeşlik, AIW-göterijilik, süýji keseli, öýkeniň dowamly keselleri şonuň ýaly sebäplere degişli bolup bilerler. Edil şol sebäpler netijesinde hem çagalykda (ýa-da ýetginjeklikde) ýokuşan kesel, köp ýyllardan soň, garrylyk döwründe hemme alamatlary bilen döräp bilýändir. Şonuň üçin hem çagalary daşky ýokuşmadan goramak zerur bolsa, garry adamlarda bedeniň tapdan düşmekligine ýol bermeli däldir. Oňa garamazdan, islendik ýaş üçin hem daşky ýokuşmanyň ähmiýeti uludyr.
Syrkaw gürlände, üsgürende ýa-da asgyranda nem we gakylyk damjalarynda saklanýan inçekesel taýajyklary sag adamynyň dem alyş ýollaryna düşüp, bedene aralaşyp bilerler. Üsgürýän syrkawyň inçekesel taýajyklarynyň köp mukdaryny bölüp çykarýanlygy sebäpli, howa-damja ýoly arkaly ýokuşma howply bolup durýandyr.
Seýrek ýagdaýlarda, inçekeselli haýwanlaryň süýdünden edilen süýt önümleriniň kabul edilmegi netijesinde hem ýokuşma bolup biler. Syrkaw göwreli aýaldan çagasyna hem kesel geçip biler.
Inçekeseliň ýokançlyk çeşmesi bolup duran syrkaw adam, köplenç öz keselliligi barada hiç zat hem bilmeýär. Inçekesel adaty dümew, uzak wagt bejerip bolmaýan öýken sowuklamasy ýaly hem geçip bilýändir. Kähalatlarda ol hiç hili alamatsyz hem bolup biler. Şol sebäpli hem inçekeseliň öňüni alyş çäreler toplumyny geçirmek, keseli ir möhletlerde anyklamak derwaýys meseleleriň biri bolup durýandyr.
Inçekeseliň öňüni alyş çäreleri çaga doglandan soň, dogrum öýünde başlanýandyr. Doglandan 2-3 gün soň, ol inçekesele garşy birinji sanjymyny (waksinasiýa) kabul edýändir. Sanjymyň edilen ýerinde alawlama, çişme ýaly ýagdaýlar döräp, onuň merkezinde kiçijik başjagaz emele gelýändir. Başjagaz 1,5-2 aýyň dowamynda bitip, onuň ýerinde menekli düwünçejik galýandyr. Çep golda galýan şol menekli düwünçejik hem sanjymyň geçirlendigini subut edilýändir.
Eger düwünçegiň ulylygy 5-7 mm-e deň bolsa, ol bedende inçekeseliň ýoklugyndan habar berýändir. Eger düwünçegiň ululygy 17 mm-den köp bolsa, çagany inçekesel hassahanasynda barlagdan geçirmek zerurdyr.
Waksinasiýa garşy görkezmeler aşakdakylardan ybaratatdyr:
- Wagtyndan öň dogrum (çaganyň agramy 2400 gr-dan kiçi bolsa);
- Çagada sarylama ýagdaýyna getirýän gemolitiki kesel dörände;
- Çaganyň derisinde iriňli düwürtikleriň döremegi;
- Çagada döreýän ýokanç keseller.
Sanjymdan soň kesele durnuklylyk 5 ýyla golaý wagt saklanýandyr. Şonuň üçin hem gaýtadan öňüni alyş sanjymlary geçirmek möhümdir. Meýilnama laýyklykda, gaýtadan sanjym 14 ýaşda geçirilýär. 14 ýaşdan soň öňüni alyş sanjymlary görkezme boýunça geçirilip bilner. Allergiki täsirler, deriniň käbir keselleri, öňki sanjymlarda ýüze çykan gaýraüzülmeler gaýtadan sanjymy geçirmäge garşy görkezmeler bolup durýandyr.
Käbir ýüze çykan ýagdaýlarda, inçekesele garşy serişdeler bilen öňüni alyş bejergileri geçirmek hem inçekesele garşy göreşiň bir bölegi bolup durýandyr.
Öňüni alyş bejergileriň ýaz-güýz aýlary izoniazid bilen geçirilmegi, keselçiligi peseltmäge ýardam berýär.
Öňüni alyş bejergileri aşakdaky toparlarda geçirmek möhümdir:
- Inçekeselli syrkaw bilen gatnaşykda bolýan çagalar we ýetginjekler;
- Inçekesel bilen keselläp gutulan, ýöne öýkeninde keselden soň tyg yzlary, fibroz ojaklar galan syrkawlar.
- Galan ojaklarda inçekesel taýajyklarynyň saklanyp galmagynyň belli bir şertlerde ýene-de keselçilige getirip bilmegi mümkindir;
- Süýji keselli syrkawlar. Bu keselde inçekesel bilen keselçilik ýokarlanýandyr;
- Glýukokortikoidleri hemişe kabul edýän, dowamly keselleri bolan syrkawlar. Gormonlar kesellere durnuklylyk ulgamyny gowşadyp, inçekeseliň ýokuşmagyna sebäp bolup bilerler;
- Ýaramaz iş şertleri netijesinde gazanylýan öýken keselleri, meselem, pnewmokonioz keselli adamlarda inçekesel bilen kesellemek howpy artýandyr.
Biziň belläp geçişimiz ýaly, inçekeselli syrkawlar inçekesel taýajyklaryny daş-töweregine ýaýradyp, öýde we önümçilikde ýakyn gatnaşykda bolan adamlara keseli ýokuşdyryp bilerler.
Ýokuşma çeşmesine öwrülmez ýaly, inçekeselli syrkaw aşakdaky çäreleri geçirmäge ymtylmalydyr:
- Inçekesel keselhanasynda, lukmanyň gözegçiligi astynda doly bejergi almalydyr;
- Ftiziatr lukmanyň gözegçilik etmegi bilen, inçekesele garşy serişdeleri 1-2 ýylyň dowamynda kabul etmelidir;
- Hemişe jübi tüfdanyndan (gakylyk ýygnamak üçin ýörite gap) peýdalanyp, ony ýanyňyzda göteriň. Inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, hiç haçan gakylygy ýere, pola, zibilli bedrä, el ýuwujylara (rakowina), el ýaglyklara tüýkürmek bolýan däldir.
- Jübi tüfdanyndaky gakylygyň üstüne hloraminiň 5%-li erginini guýup, 4 sagat saklanandan soň, zyýansyzlandyrylan gakylygy kanalizasiýa guýmak bolýandyr.
- Tüfdana bolsa hloraminiň 5%-li erginini guýup,4 sagat saklamalydyr ýa-da iýmit sodasynyň 2%-li ergininde gaýnatmalydyr.(1 bulgur suwa 1 nahar çemçe iýmit sodasy).
- Gepleşende adamyň ýüzüne ýakyn durup dem almaly we gepleşmeli däldir. Tüýküligiň syçramalary arkaly sag adama inçekesel taýajyklaryny geçirmegiň öňüni almak maksady bilen asgyrlanda burnuny we agzyny el ýaglyk bilen tutmalydyr.
- Syrkawyň aýry ýatýan ýeri bolup, ol ýörite tuty bilen çäklenen bolmalydyr ýa-da onuň ýatýan düşegi başgalardan 1-2 metr daşlykda ýerleşmelidir.
- Çagalar we ulular bilen öpüşmek, çagalara, esasan hem 1 ýaşa çenli çagalara seretmek bolýan däldir.
- Syrkawyň aýratyn el ýaglygy we desmaly bolup, maşgalanyň başga agzalary olardan peýdalanmaly däldir.
- Syrkaw iýmit üçin aýratyn bölüp berlen gap-gaçlardan peýdalanmalydyr. Gap-gaçlary beýleki gap-gaçlardan aýry ýuwmalydyr. Olary aýratyn kirdanda 15 min dowamynda iýmit sodasynyň 2%-li ergininde gaýnadýarlar. Ýuwlandan soň gap-gaçlary süpürmän guratmalydyr.
- Syrkawyň egin-eşiklerini aýratyn saklap, beýleki eşiklerden aýry ýuwmalydyr. Hapa eşikleri ilkibada 4 sagatlap hloraminiň 5%-li ergininde saklap, ondan soň 1 sagatlap gaýnatmalydyr. Gaýnadylanda hloraminiň ýerine iýmit sodasynyň 2%-li erginini ulanmak hem bolýar.
- Syrkaw adamynyň iýmit galyndylaryny iýmit sodasynyň 2%-li ergininde 15 minut gaýnatmalydyr ýa-da olaryň üstüne hlor heki guýup, 2 sagat saklamalydyr. Hlor hekiniň mukdaryny iýmit galyndysynyň mukdaryna baglylykda 1:5 gatnaşykda almalydyr. Syrkawyň iýmit galyndylaryny mallara bermek bolýan däldir.
- Öz ýaşaýan otagyny tertipde we arassaçylykda saklamalydyr. Otagy her gün hlor hekiniň ýa-da hloraminiň 0,5%-li ergini bilen süpürmelidir. Otagy günüň dowamynda 3-4 gezek ýelejiretmelidir, onda halylary, ýumşak mebelleri goýmak bolýan däldir.
Inçekesel taýajygyny bölüp çykarýan syrkaw keselhana iberilende, onuň hususy zatlary kamera zyýansyzlandyrmany geçýändir. Maşgalanyň başga agzalaryny keselçilikden goraýan bu çäreden boýun gaçyrmaly däldir.
Inçekeselli syrkawlara önümçilikde we jemgyýetçilik ýerlerinde umumy gap-gaçlardan peýdalanmak bolýan däldir.
Berlen maslahatlary berjaý edip, Siz özüňize we lukmanyňyza kömek edip bilersiňiz, öz töwerek-daşyňyzdaky adamlara keseliň ýokuşmagynyň öňüni alyp, onuň ýaýramagyny saklap bilersiňiz.
- 8222 gezek okalan