• Home
  • Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ÝUMURTGALYGYŇ RAK KESELI: ESASY BILMELI FAKTLAR

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝUMURTGALYGYŇ RAK KESELI: ESASY BILMELI FAKTLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (8 Ses)

yumurtgalygyn rak keseliÝumurtgalygyň rak keselinden döreýän ölümçilik aýallaryň ölümçiliginiň arasynda dünýä boýunça 7-nji orny eýeleýär. Bu kesele mahsus bolan alamatlaryň ýoklugy sebäpli ony irki tapgyrlarda anyklama mümkinçiligi bolmaýar we bu kesel köplenç giç anyklanylýar. Eger kesel ilkinji tapgyrlarda anyklanylsa, bejergiden soň näsagyň ömrüni bäş ýyla uzaltmak mümkinçiligini gazanma 90-95%, ikinji tapgyrda – 70%, üçünjide – 15-20%, dördünji tapgyrda 1,5% düzýändir.

Ýumurtgalygyň rak keseline duçar bolma howpy 40 ýaşdan soň ýokarlanýar

Aýal bedeninde döreýän gormonal bozulmalar, esasan hem estrogen gormonynyň ýokarlanmagy diňe bir ýumurtgalygyň rak keseliniň döremegine däl-de, süýt mäzleriniň hem howply döremeleriniň ýüze çykmagy üçin ýokary töwekgelçiligi döredýändir.

Gormonal bozulmalar esasan hem aýal jyns öýjükleriniň emele gelmegi (owulýasiýa) bilen baglanşyklydyr. Aýal jyns öýjüginiň her aýbaşy halkasynda ýumurtgalykdan çykmagy onuň gabygynyň zeperlenmegi bilen bolup geçýär. Bu zeperlenmeleriň ömrüň dowamynda toplanmagy we öýjükleriň bölünmegi netijesinde belli bir tapgyrda ýumurtgalygyň dokumasynda ragyň döremegi bolup geçip biler. Şol sebäpli hem, 40 ýaşdan uly aýallar howply topara degişli edilip bilnerler. Şonuň bilen birlikde, ýumurtgalyklaryň dowamly alawlama hadysalary, kistalar, endometrioz keseli hem ýumurtgalyklarda üýtgeme we raga öwrülme mümkinçiligini döredip bilýändir.

Tersine, göwrelilik we emdirme aýalyň ömründe owulýasiýa hadysasynyň sanyny azaldyp, ýumurtgalyklarda howply döremeleriň döremeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Bu düşünje statistika bilen tassyklanylýar. Çaga dogluşynyň pesligi bilen belli ösen ýurtlarda bu keseliň duş gelme ýygylygy ýokarydyr. Çaga dogrumy ýokary bolan ösüp barýan ýurtlarda bolsa ýumurtgalygyň ragy seýrek duş gelýär.

Gormonal bozulmalar bilen bir hatarda genetiki töwekgelçilik, iýmitlenme faktory we daşky gurşawyň hapalanmagy hem ýumurtgalygyň rak keseliniň döremegine getirýän sebäpler höküminde belli edilip bilner.

BRСA genler we olaryň ýumurtgalygyň rak keseli bilen baglanşygy

Soňky ýyllarda ýumurtgalygyň rak keseliniň döremeginde genetiki töwekgelçilik esasy faktor höküminde bellenilýär. Bedende DNK-nyň bozulmagy her sekuntda diýen ýaly bolup geçip howply döremeleriň ýüze çykmagy mümkindir. Bize zeperlenen DNK-ny dikeldip, çişleriň ösmegini togtadýan “basyp ýatyryjy” genler hem bellidir. Edil BRСA1 we BRСA2 genler hem şulara degişlidir. Eger şu genlerde üýtgemeler-mutasiýalar ýüze çyksa, onda zeperlenen DNK-ny dikeltjek mehanizm işlemeýär we öýjüklerde üýtgemeler toplanyp, howply döremeler döreýär. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu üýtgän genleri göteriji adamlaryň 44%-de 70 ýaşlaryna çenli ýumurtgalyklarda täze döremeler ýüze çykyp bilýändir. Ýumurtgalygyň rak keselinden ejir çekýän näsaglarda BRСA genleriniň mutasiýasy 15%-den hem ýokarydyr.

Ýumurtgalygyň rak keseline mahsus alamatlar bellenilmeýär

Keseliň ilkinji alamatlary keseliň giçki tapgyrlarynda ýüze çykýarlar. Ýumurtgalykdaky rak öýjükleri çalt ýaýrama häsiýete eýe bolup, gan we limfa damarlary arkaly içegelere, aşgazana, bagra, peşew halta ýaýraýar. Şonuň üçin hem näsaglary aşgazanda agyrylar, ýygy buşugma, kiçi çanaklykda döreýän agyrylar biynjalyk edip bilerler. Garyn boşlugyna suwuň ýygnanyp onuň ulalmagy, içgatamalar keseliň soňky tapgyrlaryna mahsusdyr. Ondan başga-da, näsaglar umumy ysgynsyzlygyň döremegine, ýürek bulanma, işdäniň bolmazlygyna arz edýärler.

Keseliň geçişi 4 tapgyra bölünýändir:

Birinji tapgyr – rak öýjükleri diňe ýumurtgalyklarda ýerleşýär;

Ikinji tapgyr – keseliň alamatlary ýumurtgalykdan daşky agzalara ýaýraýar;

Üçünji tapgyr – ýumurtgalygyň ragy daşyndaky agzalara (meselem, içegeler) ýaýraýar – metastazlar döreýär;

Dördünji tapgyr – rak öýjükleriniň ýaýramagy uzakda ýerleşen agzalarda (aşgazan öýkenler) hem syn edilýär.

Keseliň irki tapgyrlarynda ultrases barlagy ony hemişe anyklap bilmeýär

Ultrases barlagynyň kömegi bilen kistalary, çişlere meňzeş döremeleri ýüze çykaryp bolýar. Ýöne irki tapgyrlarda bu usul ony hemişe ýüze çykaryp bilmeýär. Eger barlag wagty howply çişiň döremegine güman edilýän bolsa, hökman onkolog lukmanyna ýüz tutup onkomarkerlere (marker СA125 – aýratyn belok) gan tabşyrmalydyr. Şeýle hem, kompýuter we magnit-rezonans tomografiýasy täze döremäniň ululygy barada anyk maglumat bermäge kömek edip biler.

Ýumurtgalygyň rak keseliniň esasy bejergisi – hirurgiki bejergidir

Hirurgiki bejergi arkaly ilkinji dörän täze döreme, garyn boşlugynyň içýagy we garyn boşlugynda dörän hemme üýtgemeler aýrylýar. Keseliň tapgyryna garamazdan, operasiýadan soň himiýa serişdeleri bilen tapgyrlaýyn bejergi geçirilýär.

Onkobiologiýada toplanan maglumatlary göz öňüne tutup, alymlar rak öýjüklerindäki DNK-nyň dikeldilmegini baglaýan serişdeleri işläp çykardylar: DNK dikeldilmeýär we rak öýjügi ölýär. Bu serişdeler häzir giňişleýin öwrenilme tapgyrynda bolup, geljekde olaryň netijeli ulanylmagyna tama edilýändir.

Ýumurtgalygyň rak keseliniň öňüni almak üçin öňüni alyş barlaglary geçmek zerurdyr!

Ýumurtgalygyň ragynyň öňüni almak agzalan birnäçe faktorlara baglydyr: dogry iýmitlenme, alawlama hadysalary, kistalary, endometrioz keselini özwagtynda bejermekdir.

Ýokarda agzalan BRСA1/2 genleriniň mutasiýasy ýüze çykan aýal maşgalalar 25 ýaşdan başlap lukmanyň gözegçiliginde saklanmalydyr. 30-35 ýaşdan ýylda bir gezek lukmanyň barlagyny geçmek, ýumurtgalyklaryň, kiçi çanaklyk agzalaryň we içki agzalaryň ultrases barlagyny geçirmek, şeýle hem gany onkomarkere tabşyrmak möhümdir.

Aýal maşgalanyň esasy kömekçisi – onuň kesel babatda habardar bolup, bedenine ünsli garamagydyr.

Awtor: Selbi Myradowa

  • 660 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location