TÜRKMENISTANDA EPILEPSIÝA HADYSALARY KÖPELÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1

turkmenistanda epilepsiya hadysalary kopelyarÝakynda sebitimizde geçirilen ylmy barlagyň netijeleri Türkmenistanda epilepsiýa hadysalarynyň, ölümleriniň we maýyplyklarynyň barha köpelýändigini ýüze çykardy. Keseliň ýurda salýan ýüküni has içgin we anyk öwrenmek üçin, gözegçiligiň we maglumat ýygnalmagynyň zerurdygy barlagda aýdylýar.

Epilepsiýa ýokanç däl, newrologik bozulma bolup, dünýäde ondan takmynan 50 million adam ejir çekýär. Bu kesel gysga wagt dowam edýän meýletin bolmadyk tutgaýlar bilen häsiýetlendirilýär. Tutgaýlar diňe bedeniň bir böleginde ýa-da tutuş bedende döräp bilýär we adamyň huşuny ýitirmegine ýa-da beden funksiýalaryna (meselem, peşewe ýa gyllyga) erk edip bilmezlige hem eltip bilýär.

Epilepsiýa bilen ýaşaýan adamlaryň 70%-i dogry derman serişdeleriniň kömegi bilen tutgaýlardan azat bolup bilýärler, emma bu dermanlar pes we orta-girdejili ýurtlaryň köpüsinde elýeter bolman galýar.

Merkezi Aziýada epilepsiýa

Türkmenistan ýurtdaky epilepsiýa hadysalary, bejergileri ýa-da onuň bilen baglanyşykly ölümçilikler barada maglumat çap etmeýär. Merkezi Aziýada epilepsiýanyň ýagdaýy barada häzire çenli bir sany uly ylmy derňew 2025-nji ýylyň iýulynda Ýewropanyň Epilepsiýa Žurnalynda çap edildi. Derňewde 1990-2021 ýyllar aralygynda 9 sany ýurtda epilepsiýa hadysalary, ölümçiligi we onuň ýetirýän durmuş kynçylygy barada öwrenildi. Bu ýurtlar: Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Mongoliýa.

Keseliň ýaýrawlygy: 1990-2021 ýyllar arasynda derňelen 9 ýurduň köpüsinde epilepsiýa hadysalary üýtgewsiz durupdyr, emma Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Ermenistanda hadysalar azalypdyr. Türkmenistan bilen Mongoliýada bolsa tersine epilepsiýadan ejir çekýänleriň sany köpelipdir. Esasan hem erkekleriň arasynda bu kesel has ýygy duş gelip, Türkmenistanda we Gyrgyzystanda 20 ýaşdan kiçiler epilepsiýa has köp duçar bolýarlar.

Ölümçilik: Soňky ýigrimi ýylyň içinde epilepsiýadan ölýänleriň sany ýurtlaryň köpüsinde azalan hem bolsa, ölümçilikleriň Gruziýada we Türkmenistanda köpelendigi hasaba alyndy. Ölýänleriň aglabasy hem 20-50 ýaş aralygyndaky erkek adamlar.

Epilepsiýanyň ýetirýän durmuş kynçylygy: 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2021-nji ýylda ýurtlaryň 8 sanysynda keseliň ýetirýän durmuş kynçylyklary azalypdyr, emma Türkmenistanda bu kesel sebäpli durmuş kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýanlaryň sany köpelipdir. Kesel esasan hem ýaş adamlara we aýallara garanyňda has köp erkekleriň durmuşlaryna zyýan salýar.

Näme üçin netijeler tawaputly?

Ylmy derňewe görä, Sowet döwri gutaranyndan soňra hem, onuň merkezleşdirilen saglygy goraýyş ulgamy Merkezi Aziýa ýurtlarynda giňden ulanylmasyny dowam etdi. Emma, her ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda geçiren işleri her ýurtdaky epilepsiýa ýagdaýyny hem düşündirip biler. Meselem, Gyrgyzystan we Täjigistan halkara donorlar bilen hyzmatdaşlyk edip, saglyk ulgamlarynda uly reformalary geçirdiler. Gazagystan hem nebitden gelen baýlygyny saglyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin ulandy. Türkmenistan bilen Özbegistan welin, hökümete berk bagly bolan saglyk ulgamyny saklady we netijede has gowşak netijeleri aldylar.

Sebitde umuman epilepsiýa keseli azalyp barýan hem bolsa, bu keselden ejir çekýänleriň durmuş hilini gowulandyrmak saglygy goraýyş ulgamyna bagly bolup durýar. Diňe kesel barada takyk maglumatlar ýygnalyp, bejergiler elýeterli edilip, netijeler yzygiderli we takyk ölçenilende keseli has azaltmak mümkin bolar.

  • 58 gezek okalan