Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

MAŞGALA ZORLUGYNDAN DYNMAK ISLEÝÄRMIŇ? ONDA ILKI ZULUMKEŞLERI ÖWREN!

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

zulumkesleri owrenGadyrly Saglyk,

Men maşgala zorlugynyň şaýady.

Aýal doganymyň göwresindäki heniz dogulmadyk ýegenim bilen gözi ganly ýoldaşynyň öňünde özünden gidip ýere ýykylany şu günki ýaly ýadymda. Şol wagt olaryň durmuş guranyna heniz bir ýyl hem bolmandy. Bu waka şaýat bolan günüm meniň durmuş gurmaklyga, maşgala we erkeklige bolan garaýşym düýpgöter üýtgedi. Erkekleriň gelinlerine, kakalaryň çagalaryna we ejelere el galdyrmagy adaty zat ýaly görülýärdi. Çünki men hiç bir uly adamyň muňa garşy çykanyny görmedim.

Talyplyk ýyllarymda we ondan soňky ýyllarda öýdäki zorluk barada köp materiala gabat geldim, emma olaryň ählisi ýa iňlis ýa-da rus dilindedi. Şol sebäpli hem, men Saglygyň 2019-njy ýylyň martynda türkmen we rus dillerinde çap eden Türkmenistandaky aýallara we çagalara garşy öýdäki zorluk baradaky düşündirişini uly höwes bilen okadym. Bu mesele barada türkmen dilinde okamak meni ajy ýatlamalarym bilen ýüzleşmäge we zorluk barada dil ýarmaga itekledi. Biziň jemgyýetimizde we medeniýetimizde zalymlyk nädogry hasaplansa-da, oňa ýeterlik çäre görülmeýär. Ýokardaky düşündiriş hem, öýdäki zorlugyň pidalary hökmünde esasan gelinlerden we çagalardan söz açyp, zulumkeş hökmünde erkek-oglanlar barada maglumat bermeýär.

Düşündiriş işiniň awtorlary erkekleriň hem maşgaladaky zorlugyň pidasy bolup bilýändiklerini gysgaça belläp geçýärler we bu temany indiki işlerinde ele aljakdyklaryna söz berýärler. Emma erkekleriň näme üçin öýdäki zorlugyň esasy sebäpkärleridigi we olary zalymlyga we rehimsizlige nämäniň iterýändigi henizem gozgalmadyk mesele bolup galýar.

Meniň pikirimçe, Saglygyň 2019-njy ýylyň fewral aýynyň 22-ne çykaran "Erkek bol-a! Oglan aglamaz" karikaturasynda türkmen erkeklerini zalymlyga iterýän sebäpler gowy suratlandyrylypdyr.

Türkmen suratkeşiniň çeken bu karikaturasy türkmen erkekleriniň jemgyýetiň "erkeklik" talaplaryny berjaý etjek bolup görýän görgülerini göz öňüňde janlandyrýar. Bu karikatura gulluk etmek, öýlenmek, maşgala eklemek ýaly aladalaryň erkeklera agyr ýük bolýandygyny suratlandyrýar. Erkekler güýçli bolmaly we ejemogly görünmejek bolsalar hiç nalamaly däl. Men şu jogapkärçilikleriň döredýän gaýgy-aladasynyň erkekleriň içinde üýşüp gidýändigine ynanýaryn. Çünki jemgyýetimiz beýle sosial ynjalyksyzlyklara heniz çäre hödürläp bilmeýär. Şonuň üçinem, erkekler içlerinde ýygnanan stresi aýallaryna we çagalaryna el galdyrmak arkaly çykarýarlar. Olar "Maşgalam meniň ýagdaýyma hemmelerden gowy düşünmeli we öte geçen ýerlerim üçin meni bagyşlamaly" diýip, pikir edýärler. Men zulumy öz içine alýan hereketleri aklajak bolmaýaryn, diňe öz gaýgy-aladalaryny ýakynlaryna zulum etmek bilen ýeňletjek bolýan erkekler barada has içgin öwrenmäge synanyşýaryn.

Maşgaladaky zorluga şaýat bolan we bu mesele barada alada edýän biri hökmünde, men aýallara we çagalara garşy öýdäki zorluk baradaky düşündiriş işini jemgyýetimizde we maşgalalarymyzda zorlugyň derejesine we täsirine düşünmeklikde ilkinji ädim hasaplaýaryn. Şol bir wagtda hem, zorlaýjylaryň gaharlaryny ýazmak ýa-da maşgala meselelerini çözmek üçin näme sebäpden maşgala agzalaryna zalym daraşýandyklaryny öwrenmek üçin bu barlag işini ýaýbaňlandyrmak möhümdir. Men türkmen halkynyň erkek, aýal ählisini işjeňleşip, çagalara we aýallara garşy zorlugyň jemgyýetimizi nähili şekillendirýändigi barada internetde we ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikleri geçirmäge, şeýle-de, öýdäki zorlugy öwrenýän ylmy işleri alyp barmaga çagyrýaryn.

Türkmen erkekleriniň jemgyýetdäki orunlary we olary maşgala zorlugyna itekleýän faktorlar barada has köp ylmy işleri geçirmek arkaly, hem awtorlar hemem türkmen halky aýallara we çagalara garşy zorluk hakynda has köp zatlary öwrenip bilerler. Hatda öýdäki zorlugyň soňuna-da çykyp bilerler.

Kemal K

@pikirhana

  • 323 gezek okalan

Teswirler (2)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bizde heleýiňe hojaýyn bolsaň maço bolýaň, bolmasaňam heleýguly. Şondan ýaňa gelni bilen oňuşyp, agzybir ýaşan erkeklerede gün ýok. Gelniňe bolan hormat-sylagy gowşaklyk saýýalar

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Düşünjeli erkek oglanlarymyz bu barada çykyş edip başlamasalar ýaramaz ýagdaýlar uýtgemez. Ýaşlar bilen hiç hili iş alynyp barlylmaýany sebäpli, progressiw usullaryň ýerine, psihologolaryň ýerine, jemgyýetçilik guramalaryň ýerine, gyzgyn...

Düşünjeli erkek oglanlarymyz bu barada çykyş edip başlamasalar ýaramaz ýagdaýlar uýtgemez. Ýaşlar bilen hiç hili iş alynyp barlylmaýany sebäpli, progressiw usullaryň ýerine, psihologolaryň ýerine, jemgyýetçilik guramalaryň ýerine, gyzgyn liniýalaryň ýerine, geçirilmeli söhbetdeşlikleriň ýerine, diniň ekstremistiki düşünjelerini wagyz edýänleriň ýaşlaryň instagramda paýlaşyp, hezil edip görmegi, paýlaşmagy jemgyýetde düýpli bolup geçýän ýaramaz tendensiýalardan habar berýär.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location