• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • ANDROLOG WE UROLOG: IKISINIŇ TAPAWUDY NÄMEDE?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ANDROLOG WE UROLOG: IKISINIŇ TAPAWUDY NÄMEDE?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

androlog urolog tapawudyAdatça androlog hem, urolog hem "erkekleriň lukmany" hasaplanýar. Olar biri-birinden nähili tapawutlanýar?

Urolog erkek adamlaryň peşew çykaryş we jyns ulgamynyň keselleriniň bejergisini alyp barýar. Meselem, sistit, jyns mäziniň sowuklamasy (prostatit), jyns mäziniň adenomasy, böwrek sowuklamasy, böwregiň daş keseli, warikosele we baş.

Androlog bolsa, erkek adamynyň önelgelilik ulgamy bilen bagly bozulmalaryny bejerýär. Meselem, jynsy islegiň bolmazlygy, ereksiýanyň (ujydyň gönelmegi) gowşaklygy, erkeklik önelgesizligi we baş.

Haýsy ýagdaýlarda olaryň birinjisine, haýsy ýagdaýda bolsa beýlekisine ýüz tutmalyka?

Urologa ýüz tutýarlar:

↪ Bilde, arkada agyrylar bolanda;

↪ Peşew çykma bozulanda;

↪ Peşew çykaryş ýollardan bölünip çykmalarda;

↪ Agyryly jynsy gatnaşyklarda.

Şeýle kynçylyklarda androloga görünmeli:

↪ Önelgesizlik;

↪ Jynsy höwesiň peselmegi ýa-da bolmazlygy;

↪ Ereksiýanyň (ujydyň gönelmegi) we eýakulýasiýanyň (dölüň dökülmegi) bozulmalarynda;

↪ Jyns ulgamyna täsir edýän gormonal bozulmalarda.

Andrologyň we urologyň tapawudy barada aýdanymyzda, urologa aýallaryň hem peşew çykaryş ulgamynyň keselleri (sistit, piýelonefrit) bilen ýüz tutýandygyny bellemelidiris.

Şöhle Myradowa, Maşgala lukmany

  • 446 gezek okalan