• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • ERKEKLERDE KLIMAKS BOLÝARMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEKLERDE KLIMAKS BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

erkeklerde klimaksKlimaks döwri adatça aýallara degişli edilip, ýumurtgalyklaryň işiniň peselmegi we aýbaşylaryň üýtgemegi bilen başlanýar. Döwrebap lukmançylykda erkek adamlarda hem şeýle ýagdaýyň döreýändigini subut edýän barlaglar bar.

"Erkekleriň klimaksi" ýa-da "andropauza" – bu erkeklik gormonlarynyň ýetmezçiligi bilen ýüze çykýan hemme ýagdaýlaryň umumy atlandyrmasydyr. Adatça 50 ýaş töweregi ýüze çykyp, önelgelilik we seksual işjeňligiň peselmegi bilen alamatlanýar.

Esasy sebäp – testosteronyň peselmegi

Erkek klimaksynyň geçiş aýratynlygyny öwrenmek üçin androgen gormonlarynyň işini bilmek wajypdyr. Testosteron diňe önelgelilik agzalarynyň işine täsir etmän, eýsem bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny hem sazlamaga gatnaşýandyr. Bu gormon beloklaryň, ýaglaryň biohimiki özgermelerine gatnaşma, fiziki işjeňligi kadalaşdyrma, emosional durky sazlama we seksuallyk häsiýeti saklama işlerine gatnaşýan wajyp gormondyr. Testosteronyň derejesiniň peselmegi alawlama (meselem, prostatit), alyş-çalyş hadysalaryň bozulmagy (semizlik) we onkologiki hadysalar (meselem, erkeklik jyns mäziniň adenomasy) bilen gaýraüzülip, çynlakaý bejergini talap edip biler. Andropauzanyň ilkinji aýdyň bildirýän bozulmalary önelgelilik agzalaryň bozulmagy we seksuallygyň peselmegi bilen ýüze çykyp bilýändir.

Erkek klimaksi haçan başlanýar?

Jyns mäzleriniň işiniň üýtgemegi köp ýagdaýlara bagly bolup durýar. Şol sebäpli hem, erkeklerde klimaks dürli ýaş araçäginde ýüze çykyp bilýändir. 40 ýaşdan soň hemme erkeklerde diýen ýaly testosteronyň derejesi peselip başlap, 50 ýaş töweregi peselme ýokarlanýandyr.

Klimaksyň aýdyň alamatlary 45 ýaşdan kiçi ýaşlarda ýüze çyksa, irki andropauza barada aýdýarlar. Irki klimaksa köp sebäpler getirip bilýär: önelgelilik agzalarynyň alawlama keselleri, onkologiki keseller, gipofiziň we galkan şekilli mäziň üýtgemeleri, radioaktiw şöhleler, güýçli stress, arakhorluk.

Alamatlary 70 ýaşdan soň bildirip başlaýan giçki klimaksi hem tapawutlandyrýarlar.Oňa garamazdan, 70 ýaşda hem önelgelilik işjeňligini saklaýan erkek adamlara duş gelip bolýar.

Şol sebäpden hem, klimaksyň başlanýan wagty erkeklerde şertli bolup, ol ýumurtgajyklaryň işjeňligine bagly bolup durýandyr.

Erkek klimaksynyň aýratynlygy

Eger aýal bedeninde estrogen gormonlarynyň derejesi birden peselip, aýdyň ýetmezçilik alamatlaryny döredýän bolsa, erkek adamlarda jyns gormonlary dowamly deň derejede saklanýandyr. Netijede, ýaş bilen baglanyşykly üýtgemeler gyradeň geçip bilýändirler.

Bedeniň üýtgemelere ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişýändigi sebäpli, testosteron ýetmezçilikli erkek klimaksi uzak wag alamatsyz geçip bilýändir. Aýdyň alamatlar bedende goşmaça howp faktorlary bolanda ýüze çykyp biler: gan basyşyň ýokarlanmagy, ýürek-damar gaýraüzülmeleri, süýjüli diabet, alkogolizm, dowamly, güýçli stres.

Andropauzanyň alamatlary

Köp halatlarda erkek klimaksynyň ilkinji aýdyň alamaty – seksual islegiň peselmegi ýa-da bolmazlygydyr. Ondan başga hem, ujydyň gönelme işjeňliginiň (ereksiýa) peselmegi, jyns gatnaşygyndan soň dölüň mukdarynyň azalmagy ýaly alamatlar goşulyp biler.

Andropauzada aýal klimaksyna mahsus alamatlar hem syn edilýär:

↪ Artykmaç derlegenlik, birden "gyzma" duýgusy;

↪ Ýüregiň çalt urmagy;

↪ Gan basyşynyň üýtgäp durmagy, esasan hem ýokarlanma ýykgyn bolmagy;

↪ Dynçlykda ýa-da agyr bolmadyk fiziki işjeňlikde hem demgysma;

↪ Howa ýetmezçiligi duýgusy, gursakda döreýän agyrylar.

Erkek klimaksy adaty bolmadyk alamatlary hem döredýändir:

↪ Ünsüň we ýadyň ýaramazlaşmagy;

↪ Ukuçyllyk;

↪ Kellagyrylar, umumy gowşaklyk;

↪ Keýpiň üýtgäp durmagy;

↪ Gan basyşynyň üýtgäp durmagy;

↪ Gamgynlylyga ýykgyn bolma;

↪ Sebäpsiz rahatsyzlyk, gorky duýgusynyň döremegi;

↪ Içiň gatamagy;

↪ Saçlaryň düşmegi we deriniň guraklygy;

↪ Süňkleriň portlugy;

↪ Beden agramynyň ýokarlanmagy.

Andropauzanyň bejergisi

Irki andropauzanyň ýa-da gaýraüzülmeli geçýän andropauzanyň bejergisini we dowamly gözegçiligini androlog lukmany alyp barýandyr. Bejergi çäresini saýlamak erkek adamynyň ýaş aýratynlygyna, gormon ýetmezçiliginiň sebäbine, bar bolan başga beden kesellerine baglydyr.

Bejergi birnäçe ugurlary öz içine alýandyr:

↪ Testosteron gormony bilen bejergi – erkeklik gormonynyň derejesini kadalaşdyrmak üçin testosteron saklaýan serişdeleri gerdejik, sanjym ýa-da ýörite gel görnüşinde ulanýarlar. Görkezme bolan halatlarynda, bedende testosteronyň işlenilip çykarylmagyny tijendirýän serişdeleri hem aýratyn ulanýarlar. Gormon bilen bejergi diňe lukman tarapyndan bellenilip, gormon derejesiniň kadaly gözegçiligini we görkezmeler bilen üýtgedilip durulmagyny talap edýändir.

↪ Fizioemleri – endokrin we nerw ulgamynyň işlerini sazlamak maksady bilen el ýa-da apparat owkalamasy, refleksoterapiýa we baş.

↪ Görkezme bilen başga lukmanlaryň (terapewt, endokrinolog, kardiolog, psihoterapewt) maslahaty we bejergisi – andropauzanyň geçişini agyrlaşdyrýan ýa-da testosteronyň peselmeginiň sebäbi bolýan keselleri bejerýärler.

↪ Psihoterapiýa – durnuksyz emosional ýagdaýlarda bejergi çärelerine goşmaça berilýär.

↪ Ýaşaýyş tertibiňi tertipleşdirmek: fiziki işjeňligi saklamak, iýmitleniş düzgüniň hiline we ýygylygyna üns bermek, zyýanly endiklerden (çilimkeşlik, naskeşlik, arakhorluk, neşekeşlik) gaça durmak.

Andropauzanyň ir başlanmagynyň öňüni alyp bolýarmy?

Lukmanlar ýaş bilen bagly fiziologiki hadysalary gijikdirip bolýandygyny belleýärler. Dogry, biz nesil yzarlaýjylyk häsiýetini ýa-da jyns agzalarynyň gurluş aýratynlygyny üýtgedip bilmeýäris. Ýöne, başga dolandyryp bolýan faktorlar bilen göreşip bolýandygyny bellemelidir:

↪ Sagdyn durmuş ýörelgeleri barada ýüz gezek aýdylan bolsa hem, bu ýönekeý, ýöne amala aşyrylmasy çylşyrymly bolan düzgünler bu ýerde hem wajypdyr: kadaly fiziki işjeňligi saklamak, iýmitlenme hiline üns bermek, işlemek we dynç almak tertibini kadalaşdyrmak, ýaramaz endiklerden saklanmak. Çilimkeşligiň we alkogolly içgileriň aşa kabul edilmeginiň damar we immun ulgamyna ýaramaz täsir edip, anropauzanyň ir başlanmagynyň sebäbi bolup biljekdigini hem ýatda saklamalydyr.

Urolog-androlog lukmanlarynda kadaly öňüni alyş barlaglaryny geçmek hem irki andropauza getirip biljek sebäpleri wagtynda ýüze çykaryp bejermäge mümkinçilik berýär. Kadaly lukmançylyk gözegçiliklerini 35 ýaşdan soň geçip başlamak maslahat berilýär.

↪ Özüňizde döreýän alamatlara ünsli bolmak hem andropauza baglylygy kesgitlemäge we wagtynda lukmana ýüz tutmaga itergi berip biler. Meselem, keýpiň üýtgäp durmagy, gan basyşyň ýokarlanmagynyň ýygylaşmagy, seksual işjeňligiň peselmegi we başgalar.

Erkek adamlaryň öz saglygyna dogry çemeleşmeginiň ir döräp biljek andropauzanyň öňüni almaga, özwagtynda başlan andropauzany bolsa adaty fiziologiki hadysa hökmünde gözegçilikde saklamaga kömek etjekdigini ýatda saklamalydyr.

  • 335 gezek okalan