Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SEN KIMDIGIŇI BILÝÄRMIŇ?
Her bir adamyň özüne mahsus bolan üýtgeşik içki dünýäsi bar. Alymlar birnäçe psihiki alamatlara görä adamlary toparlara-temperamentlere bölýärler. Gippokrat ilkinji bolup temperamentleriň esasy höküminde adamyň fiziki we psihiki aýratynlyklaryny öňe sürdi. Ol adamlaryň özüni alyp barşyndaky aýratynlyklary, olaryň bedeninde haýsy hem bolsa bir suwuklygyň köp mukdarda bolmaklygy bilen häsiýetlendirdi:
Holerik – şeýle adamlaryň gyzgyn ganly, emosional häsiýetli bolmagy, bedenlerinde "sary ödüň" agdyklyk etmegi bilen;
Sangwinik – bedendäki ganyň täsiri netijesinde adamyň şähdaçyk, hereketli, işjeň bolmagyny;
Melanholik – şeýle adamlaryň gaýgyly, gamgyn, howsalaly, lapykeç halda bolmagy, bedende "gara ödüň" köplük etmegi bilen;
Flegmatik – limfanyň köp mukdarda bolmagy bilen şeýle adamlaryň asuda, erkin häsiýetini düşündiripdir.
Belli fiziolog I. P. Pawlow Gippokratyň öňe süren esasy häsiýetleriniň görnüşleriniň esasynda haýwanlaryň häsiýetlerini öwrenip, tejiribe geçiripdir. Ol adam häsiýetleriniň bedendäki suwuklyklaryň hiliniň we mukdarynyň aýratynlyklaryna bagly bolman, nerw ulgamynyň işjeňlik aýratynlyklaryna baglydygyny anyklapdyr.
Häzirki wagtda psihologlar adam temperamentleriniň 4 görnüşini tapawutlandyryp, olaryň hersine dürli häsiýetnama berýärler.
Holerik
Duýgularyny güýçli, emosional häsiýetde äşgär etme we keýpiniň çalt üýtgemegi holerikleriň häsiýetiniň tapawutly alamatydyr. Diýseň şadyýan holerik bir salymdan müzzerilip, lapykeç ýagdaýa eýe bolsa-da, soňundan onuň özüni alyp barşy ýene emosional häsiýete eýe bolup bilýändir.
Duýdansyz hereketlilik, gaty we çalt geplemeklik, işi basym ýerine ýetirip, soň hem çalt taşlamaklyk holeriklere mahsus häsiýetdir. Çünki bu temperamentli adamlar üçin nerw ulgamynyň ýokary işjeňliginiň, soňundan onuň gowşamagy bilen gezekleşmegi häsiýetlidir. Haýsydyr bir iş edip başlasalar, oňa ähli güýjüni siňdirýärler, soňundan çalt ýadap, işi taşlaýarlar.
Holeriklere inçe, ünsi we takatlylygy talap edýän işler bilen meşgullanmak kynçylyk döredip biler. Belli bir wagta çenli gyzykly hem bolsa, soňra bu iş olary kejikdirip başlaýar.
Adamlar bilen gatnaşykda holerikleriň gaharjaňlyk, emosional durnuksyzlyk, aşa gönümellik häsiýetlere eýedigi sebäpli, olar adamlaryň hereketlerine dogry baha berip bilmän, işde dürli düşünişmezlikl, oňaýsyz ýagdaýlary döredip bilerler.
Sangwinik
Sangwinikler durmuşy söýüji we gujurly, töwereginde şatlygy we emosional ýylylygy saklap bilýän adamlardyr. Holerikler ýaly emosiýalaryny güýçli äşgär edip, hereketli bolsalar hem, deňagramlylygy bilen tapawutlanýandyrlar. Daşky görnüşi boýunça diýseň işjeň we hereketli bolsa-da, içki dünýäleri beýlekilere gabat gelmejek derejede gaty rahatdyr. Eger şowsuzlyga uçrasalar hem, olar hiç zat bolmadyk ýaly ýaşaýyşlaryny dowam edýän giňiş adamlardyr.
Sangwinikler näme bilen meşgullanmak isleseler, şony hem edýärler. Olaryň işe ukyplylygy ýokary derejeli bolup, haýsydyr bir işi ýerine ýetirenlerinde birsyhly, soňuna çenli ýerine ýetirýärler. Ýöne sangwinikleriň ýokary işjeňligini we gujurly hereketjeňligini saklamak üçin, olaryň durmuşy gyzyklanmalarynyň we ýaşaýan gurşawynyň täzelenip durmagy möhümdir. Täzeliklere garyp, birsydyrgyn dowam edýän durmuş akymy, olarda lapykeçlik, parhsyzlyk ýaly häsiýetleriň döremegine getirip biler.
Umuman alanyňda bolsa, şeýle temperamentli adamlar köplenç şähdaçyk, keýpihon bolup hem-de nätänyş adamlar bilen çalt sözleri alşyp, aragatnaşygy ýola goýup bilýärler. Howlukmaç sözleşige we gaty seslilige eýedirler.
Olar beden gurluşlary dolmuş, tegelek ýüzli, şadyýan görnüşli adamlardyr.
Melanholik
Melanholikler çäkli gatnaşyklara we ýekelige ymtylýan, nätanyş we täze adamlar bilen gatnaşyk açmadan gaça durýan, utanjaň adamlardyr. Şeýle häsiýetlilige eýe adamlarda psihiki hadysalaryň haýal dowam edýändigi sebäpli, olar daşky gyjyndyryjylara haýal jogap berýärler. Melanholikler üçin uzak we güýçli dartgynly ýagdaýda bolmak mahsus däldir, çünki beýle ýagdaýyň dowam etmegi olary has hem gowuşgynsyz, lapykeç ýagdaýa getirip biler. Olar her sözi göwnüne çalt alýan, öýkelek adamlar bolsalar hem, hemme öýke-kinäni içlerinde saklap, daşyna çykarmaýarlar. Hemme täze, adaty bolmadyk ýagdaýlar melanholiklerde nerw işjeňliginiň has hem gowşamagyna getirýär. Ýöne adaty we asuda ýagdaýda şeýle temperamentli adamlar özüni arkaýyn duýup, öndürijilikli işlemäge ukyplydyrlar.
Daşky görnüşleri köplenç hortaňsy, ýüzi gaýgyly we pikirli, sussypes adamlardyr.
Flegmatik
Flegmatikler barada aýdylanda, olaryň örän sabyrsyzdygyny bellemek gerekdir. Olaryň emosiýasy haýal ýüze çykyp, ony bir görnüşden üýtgetmek örän kyndyr. Az gülýärler we gyjyndyrmalary haýal kabul edýärler, hemişe asuda we olaryň bu ýagdaýyny üýtgetmek ýeňil düşmeýär. Haçanda haýsydyr bir zat hakda gürrüň edilende, hiç hili emosiýasyz, birsydyrgyn gürleýärler, şonuň üçin hem olar bilen gürrüňdeş bolmaklyk aňsat däldir. Flegmatikler emosiýalaryny özlerinde "toplap" goýup, üýtgeşik pursatda, garaşylmadyk ýagdaýda olary ýüze çykarmaga ukyplydyrlar.
Olaryň her bir hereketinde üýtgeşiklik we ynamlylyk bar. Flegmatikler bir işe başlamazdan öň köp pikir edýärler we çözgüdini çykarýp, gelen netijesinden dänmeýärler.
Olar köplenç ýekeligi halaýarlar, täze, düşen gurşawyna öwrenişmek üçin flegmatiklere wagt gerek bolýar. Olar tanyş adamlar bilen gürrüňdeşligi halasalar hem, nätanyşlar flegmatiklerde oňaýsyzlygy döredip bilýär.
Flegmatikler üçin durmuş akymynyň birsydyrgynlygy hemme zatdan amatly bolup görnüp, bir käriň eýesi bolup, işini çalşyrmazlyk olar üçin amatlydyr. Bu ýagdaýda olar özlerini beýlekilerden tapawutly hasaplaýarlar, sebäbi olar ýokary hünärmen bolup, öz işlerine ökde adamlardyr.
Alymlar bir temperamentin "arassa" görnüşini saklaýan adamlaryň seýrek duş gelýändigini kesgitläp, köplenç temperamentleriň utgaşygyna eýe adamlaryň agdyklyk edýändigini belleýärler.
Adamyň daşky gurşawdan maglumatlary almak ukybynyň görnüşleri
Biziň her birimiz daşky gurşawdan doly we anyk maglumatlary almak üçin görmek (wizual), eşitmek (audial), elläp görmek (kinestetik), ysgap ýa-da tagamyny barlap görmek ýaly häsiýetlerden peýdalanýarys.
Adam ulaldygyça haýsydyr bir ugra esaslanyp, şol ugurdan has ýokary kämilleşmelere eýe bolýar. Adatça wizual, audial ýa-da kinestetik maglumat alma ugurlary beýleki ugurlara garaňda köp ýüze çykarylyp, kämilleşdirilýändir.
Geliň, adamyňyň daşky gurşawdan maglumat kabul etmegine ýardam berýän ugurlaryň üstünde aýry-aýrylykda durup geçeliň.
Görmek (wizual)
Şeýle adamlar köp maglumatlary görüşiň üsti bilen özüne kabul edip alýarlar.
Adatça bular hor we uzyn, göni ýöreýän adamlar bolup, köplenç äýnekli gezýärler. Olar daşky gurşawdaky zatlary nähili görseler, şolar ýaly hem baha berýärler. Şonuň üçin olar gelşikli, owadan we ykjam geýinýärler. Şeýle hem maglumatlary görüşiň üsti bilen kabul edip, söhbetdeşini ýüz keşbi, bedeniniň duruş ýagdaýyna görä kabul edýärler.
Uly görüş çägini gazanyp, hiç bir ownuk zat hem gözden sypmaz ýaly, synlaýan zadyndan daş aralykda durmagy halaýarlar.
Maglumaty kabul etmegiň bu görnüşi üçin sesiň täsiriniň pesligi sebäpli, şeýle adamlaryň sesleri gaty bolýar. Köplenç olar gepleşikde şeýle jümleleri ulanýarlar: "Seret, nähili täsin!", "Bu maşynyň owadandygyny", "Nähili açyk howa" we ş. m.
Maglumat almanyň bu ugruny ulanýan adamlardan gowy, döredijilikli dizaýnerler, egin-eşikleri döredijiler we mahabatlandyryjylar (modeller) döreýär.
Eşitmek (audial)
Bu ugry ulanýanlar daşky dünýäden alýan maglumatlarynyň köp bölegini eşidiş agzalaryň üsti bilen kabul edýärler.
Şeýle adamlar biraz dolmuş görnüşe eýedirler. Gürrüňdeşlikde sesiň gowy eşdilmegi üçin gürrüňdeşine ýakyn oturyp, bütün göwresini ona tarap öwürýärler.
Audiallar öz seslerinden lezzet alýarlar, seslerini näzik we mylaýym hasaplaýarlar. Sözleýişde yzygiderli akgynly äheňi saklaýarlar. Köplenç "meni diňle", "saňa aýdýan" we ş. m. ýaly sözleri ulanýarlar.
Şeýle adamlara kompoziterleri, aýdymçylary, tans edilýän agşamlardaky dijeýleri degişli edip bolar.
Ellemek (kinestetik)
Şeýle adamlara maglumat ýygnaýan degişli zadyna ýakynlaşmak, elläp görmek ýaly hereketler mahsusdyr. Köplenç halatda bular daýaw, dolmuş kişilerdir. Gürrüňdeşlikde söhbetdeşiniň ýanyna golaý baryp, ony ellemäge, sypalamaga ymtylýarlar.
Her hereketinde, söhbetdeşlikde uzak pikirlenip, soň diýjek sözlerini diýýärler.
Sözleýişde köplenç "duyujy" sözleri gaýtalaýarlar: "Bu ikisiniň tapawudyny duýýaňyzmy?", "Nähili gyzgyn kofe" we ş. m.
Digital (pikirlenme)
Daşky dünýäden maglumat almanyň bu görnüşi üçin pikirlenme (logika), akyl ýetirme häsiýeti degişli edilip, ol akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlara mahsusdyr.
Şeýle adamlar söhbetdeşlikde gürrüňdeşiniň "içine girmäni" başarýarlar we olaryň ünsüni bölmezlige çalyşýarlar. Olar adamynyň ünsi bölünende, alynýan maglumatlar ýoýulýar diýip düşünýärler Sözleýişde akylly sözläp, artykmaç sözlemelerden saklanýarlar. Gürrüňdeşlikde "dogry", "logika laýyk" diýen ýaly jümleleri köp ulanýarlar. Şeýle adamlara alymlary, programmistleri degişli edip bolýandyr.
- 8206 gezek okalan