Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SUISID BARADA 8 TOSLAMA WE OLARYŇ INKÄR EDILIŞI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

suisid baradaMakalanyň rus dilindäki asyl nusgasy.

8-nji sentýabr Bütindünýä Suisidiň Öňüni Alyş güni hökmünde bellenilýär. Munuň maksady dünýä ýüzünde suisidiň öňüni alyş çärelerini ýaýbaňlandyrmakdyr. Statistikalara görä, dünýäde her 40 sekuntda bir adam ölmegi meýil edinýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) her ýylda 800 müň töweregi adamyň janyna kast edýändigini habar berýär. 15-29 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda suisid ölümiň ýol heläkçiliginden soňra ikinji öňdebaryjy sebäbi bolup durýar.

Şeýle-de bolsa, BSGG hünärmenleriniň belleýşi ýaly, suisid bilen baglanyşykly sanlar nähili uly bolsa-da, bu mesele barada kän söz açylmaýar. ABŞ-da geçirilen ylmy barlag ýekeje adamyň janyna kast etmeginiň 135 adama täsirini ýetirýändigini aýan etdi.

BSGG-nyň görkezmelerine görä, Rossiýa dünýäde ilaty iň köp suisid edýän ýurtlaryň arasynda üçünji (Gaýanadan we Lesotodan soňra) orunda durýar. Erkekleriň arasyndaky suisid boýunça bolsa, Rossiýa dünýä lideridir. Rus erkekleriniň janlaryna kast etme ähtimallygy aýallaryňkydan ýedi esse ýokarydyr.

Susidiň Öňüni Alyş boýunça Halkara Assosiasiýasynyň prezidenti Murad Khan: "Suisidiň birgiden sebäbi bolup bilýär. Bu bolsa onuň çözgüdiniň ýekeje däldigini aňladýar" diýip belleýär.

BSGG bolsa, suisid meýilli adamlary janlaryna kast edip biljek şertlerinden uzak saklamagy suisidiň öňüni almagyň iň täsirli usuly hasaplaýar.

BSGG şeýle-de, suisid barada birnäçe toslamalaryň ýaýrandygyny we olaryň inkär edilmelidigini belleýär.

Toslama 1: Diňe psihiki keselli adamlar suisid barada pikir edýärler.

Hakykat: Suisid baradaky pikirleriň döremegi adamyň örän betbagtdygyndan habar berýär, emma bu psihiki keseliň alamaty däldir. Gaýtam, psihiki kesellerden ejir çekýänleriň köpüsinde beýle pikirler bolmaýar.

Toslama 2: Suisid meselesi barada gürrüň edilmeli däl, sebäbi gürrüňler adamda suiside bolan ymtylmany ýokarlandyrýar.

Hakykat: Suisidiň köpçülik tarapyndan ýazgarylýany üçin, suisid pikirlerinden ejir çekýän adamlar köplenç bu barada kime dil ýarjaklaryny bilmeýärler. Bu mowzuk barada açyk gürrüňdeşlik etmek suisid pikirli adamy oňa höweslendirmän, tersine durmuşa başgaça göz bilen seretmäge kömek edip, onuň pikirini üýtgetmegine hem ýol açyp biler.

Toslama 3: Janyna kast etmek isleýän adamy hiç kim, hiç zat saklap bilmez.

Hakykat: Ylmy barlaglar köp suisidleriň we suisid ymtylmalarynyň öňüni almagyň mümkindigine we aňsatdygyna aýdyň subutnama bolup durýarlar. Esasy zat adamyň suisid meýillidigini wagtynda bilmekdir. Soňra bolsa, onuň bilen bu barada gürleşmek we ony suiside eltjek şertlerden daş saklamak möhümdir. Bu oňa meýlinden dänmäge mümkinçilik döredýär.

Toslama 4: Suisid pikirli adam bütin ömrüne ol pikirlerden saplanmaýar.

Hakykat: Bu beýle däl. Suisid töwekgelligi, adatça, belli durmuş şertleri bilen bagly bolýar we uzak wagt dowam etmeýär. Käbir adamda suisid baradaky pikirler gaýtalanyp biler, emma bu mydama gaýtalanyp durmaýar. Suisid pikirleri bolan, hatda suisid meýilli bolan islendik adam bu pikirlerden ömürlik saplanyp bilýär.

Toslama 5: Suisid pikirli adam diňe ölmek isleýär.

Hakykat: Tersine, suisidiň pikirini edýän adamlar köplenç biri-birine gapma-garşy pikirlere gaplanýarlar. Käbir adam başdaky islegine erk edip bilmän janyna kast etmäge synanyşyp, soňra-da derrew muňa ökünip biler. Şonuň üçinem, bu meselede wagtynda ruhy goldaw bermek hem-de suisidiň şertlerini çäklendirmek örän zerurdyr.

Toslama 6: Suisidleriň köpüsi duýdansyz bolup geçýär. Öňünden hiç zat bilip bolmaýar.

Hakykat: Suisidleriň köpüsi birnäçe duýduryş alamatlaryndan soňra bolup geçýär. Ol duýduryş alamatlaryny ýa adamyň sözünde ýa-da hereketlerinde görmek bolýar. Käbir ýagdaýlarda suisidiň pidasy bolanyň ýakynlary hiç hili alamat görmedikleri üçin haýran galýarlar. Emma duýduryjy alamatlary tanamak meseläni wagtynda ele almak üçin örän möhümdir.

Toslama 7: Suisidiň gürrüňini edýän adam janyna kast etmez.

Hakykat: Suisid barada gürrüň edýän adamlaryň bu ýol bilen kyn günlerinde kömek gözleýän bolmaklary ahmal. Janyna kast etmäniň pikirini edýänleriň köpüsini garaňkylyk gaplap alýar we olar güýçli dartgynlylygy, depressiýany we çykgynsyzlygy başdan geçirýärler.

Toslama 8: Suisid meýilli adama kömek etmek üçin hökman psihiatr ýa-da lukman bolmaly.

Hakykat: Hökümetler mümkin bolan suisidiň öňüni almakda we onuň şertlerini çäklendirmekde uly rol oýnaýarlar. Emma, suisidiň irki alamatlaryny tanamak we kömek goluny uzatmak arkaly, islendik adam suisid meýilli ýakynyna, goňşusyna ýa-da işdeşine kömek edip bilýär.

  • 228 gezek okalan

Teswirler (1)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Porna (seks) śeyle hapa wideolary goryanlerin immunitedi pes bolup olara durli keseller yenil yokusyp bilyar, olaryń jynsy hyjywy ir peselip, wagtyndan on garrayarlar, yasaysa ukyplary peselyar;
Shol porna wideolary goryan oglanlar uzagyndan...

Porna (seks) śeyle hapa wideolary goryanlerin immunitedi pes bolup olara durli keseller yenil yokusyp bilyar, olaryń jynsy hyjywy ir peselip, wagtyndan on garrayarlar, yasaysa ukyplary peselyar;
Shol porna wideolary goryan oglanlar uzagyndan jynsy nasazlyklar we psihiki uytgemeler zerarly önelgesiz (tök) bolyarlar!;Olaryñ ujydy turanok!
Mundan basgada shol porna videolary goryanlerin ysgyny, guÿji pes ejiz bolyarlar! Oglanlaryn dogumlylygy peselip gyz yaly hasiÿetde nalajedeyin bolyar.
Olaryñ pikirlenishi, akyly we ugurtapyjylygy gun-gunden peselip baśarnyksyz gowśak adam bolup galyarlar.
Hormatly okyjylar shu yazylanlaryn ahlisi guycli ylmy edaralarda alymlar tarapyndan owrenilen we dogrudygy tassyklanan maglumatlar. Shonun uçin śeyle hapa wideolary (porna, sex, erotika) el telefonlarynyzdan, kompyuterlerinizden pozuñ, olary görmekden gaça duruñ! Bashgalarada maslahat beriñ! Sagdyn ruhly, sagdyn yaśalyñ! Hapa yarym yalanac wideolara seredip öz mertebämizi özümiz gaćyrmalyñ!

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location